Orsýetde türkmenleriň täze jemgyýetçilik guramasy hereket edýär. 25-nji fewralda Samarada “Türkmen ildeşleriniň Powolžýedäki gumanitar assosiasiýasy” atly regional guramanyň tanyșdyrylyșy boldy.
Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa bu guramanyň başlygy Kuwwat Gurbangylyjow bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Guramaňyz barada gürrüň berseňiz. Öz öňüňizde nähili maksatlary goýýarsyňyz?
Kuwwat Gurbangylyjow: Bu türkmenleriň öz arasynda kömek guramasy. Çagalaryň Ene dilini ýatdan çykarmazlygy, däp-dessurlarymyzy ýatdan çykarmazlyk, agzybirligi gazanmak, birek-birege kömek etmek we çagalarymyza gowy terbiýe bermek üçin döretdik. Ata watanymyzy söýmek, Türkmenistan bilen gowy aragatnaşyk saklamak üçin gurnadyk.
Azatlyk Radiosy: Siziň geljege degişli nähili planlaryňyz bar?
Kuwwat Gurbangylyjow: Geljek boýunça planlarymyz türkmen dilini ýatdan çykarmazlyk, birek-biregi goldap ýaşamak, agzybirligi güýçlendirmek, Orsýet Federasiýasynyň kanunlaryny bozmazlyga, prowokasiýalara baş goşmazlyga ündemek we çagalara gowy terbiye bermek ýaly maksatlardan ybarat.
Azatlyk Radiosy: Çagalar barada aýtdyňyz. Ýörite okuw programmalaryny düzmegi göz öňünde tutýarsyňyzmy?
Kuwwat Gurbangylyjow: Hawa, bu türkmen dilini öwretmeklige degişli. Häzir öňümizde mugallym tapmak ýaly meseleler dur.
Azatlyk Radiosy: Siz ýerli mekdepler bilen işleşmegi göz öňünde tutýarsyňyzmy?
Kuwwat Gurbangylyjow: Hawa, biz ertir-birigün ýygnak geçirip, şular ýaly meselelere garamakçy.
Azatlyk Radiosy: Guramaňyz haçan döredildi?
Kuwwat Gurbangylyjow: Guramamyz 2009-njy ýylyň 29-njy iýulynda döredildi.
Azatlyk Radiosy: Başga regional guramlar ýa-da türkmenler bilen işleşýän Orsýetdäki beýleki guramalar bilen aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy?
Kuwwat Gurbangylyjow: Hawa, saklaýarys. Başga milletleriň regional guramalary bilen hem aragatnaşyk saklaýarys.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň jemgyýetçik guramalary bilen aragatnaşyk açmaga synanyşyp gördüňizmi, türkmen edaralaryna ýa türkmen häkimiýetlerine ýüz tutup gördüňizmi?
Kuwwat Gurbangylyjow: Häzirlikçe ol taraplara çykyp göremzok.
Azatlyk Radiosy: Şeýle gatnaşygy ýola goýmak niýetiňiz barmy?
Kuwwat Gurbangylyjow: Elbetde, hökmany suratda işleşmek isleýäris. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşyk bolsa, hasam gowy boljak.
Azatlyk Radiosy: 25-nji fewralda guramaňyzyň prezentasiýasy boldy. Ol kim tarapyndan guraldy we oňa kimler gatnaşdy?
Kuwwat Gurbangylyjow: Türkmenler tarapyndan. Ildeşlerimiziň kömegi bilen özümiz gurnadyk. Gatnaşanlar Moskwadan geldiler, Saratowdan...
Azatlyk Radiosy: Ýene bir sowal, guramaňyzyň adynda “Zemlýaçestwo w Powolžýe” diýilýär, guramaňyz Samara-da döredilse-de, ol tutuş region boýunça iş alyp barmagy göz öňünde tutýar, şeýlemi?
Kuwwat Gurbangylyjow: Hawa, sebäbi bize köp jaň edýärler, şol sanda dokument meselesi boýunça. Türkmenistana gitmek mümkinçiliklerine, ýurduň wiza sistemasyna degişli soraglara jogap berýäris. Köp adamlar şeýle meselelere düşünmeýärler. Olara kömek bermeli bolýar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenler köpmi Samarada?
Kuwwat Gurbangylyjow: Kän. Çak bilen 100 türkmen bardyr, öz tanyşlarymdan, olar bu taýda tutuş maşgalalary bilen ýaşaýarlar.