Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko adam hukuklaryny hormatlamaga çagyrylýar


Dört Wisegrad döwleti we Germaniýa belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkony adam hukuklaryny bozmakda tankytlady.

Bu duýduryş Wisegrad toparynyň – Polşanyň, Wengriýanyň, Çehiýanyň we Slowakiýanyň, şeýle-de Germaniýanyň daşary işler ministrleriniň Bratislawada bolan bir günlük duşuşygynda edildi.

Bäş ministr Lukaşenkony syýasy tussaglaryň ählisini azat etmäge we esasy demokratiki hukuklary hormatlamaga çagyrdy.

Olar ýanamalar dowam eden ýagdaýynda Lukaşenkonyň režimine garşy has kän sanksiýanyň giriziljegini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG