Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we ýewropa obalarynyň arasyndaky uzaklyk


Berdimuhamedowyň pikiriçe, welaýat, etrap ýolbaşçylary, häkimler we häkimlikleriň işgärleri obalardaky ýagdaýa ýeterlik üns bermeýärler.
Berdimuhamedowyň pikiriçe, welaýat, etrap ýolbaşçylary, häkimler we häkimlikleriň işgärleri obalardaky ýagdaýa ýeterlik üns bermeýärler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen hepde bolan maslahatynda “özleriniň esasy wezipeleriniň türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ösen ýewropa ýurtlarynyň ülňülerine deňleşdirmekdigini” aýtdy. Ýöne muňa garamazdan, türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, türkmen obalarynda we posýoloklarynda iň bir zerur zatlar, hatda idili köçe-de ýok.

“Mekdeplerde, kitaphanalarda, medeniýet öýlerinde adamlaryň kadaly işlemegi we dynç almagy üçin degişli şertler döredilmeýär” diýip, prezident aýdýar.

Prezident Berdimuhamedow geçen hökümet maslahatynda sosial-durmuş ugurly obýektleriň gurluşygy üçin ýylda kän mukdarda serişde goýberilýändigini, bu serişdäniň ýyldan-ýyla býujetde özleşdirilmän galýanlygy barada 2009-njy ýylyň maýynda eden belligini ýene bir gezek gaýtalady. Onuň pikiriçe, welaýat, etrap ýolbaşçylary, häkimler we häkimlikleriň işgärleri obalardaky ýagdaýa ýeterlik üns bermeýärler.

“Täze oba syýasatyndan” “Milli maksatnama”

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda hem obalardaky durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek barada köp gürrüň edilerdi. Has dogrusy, türkmen metbugaty Nyýazowyň “Täze oba syýasaty” barada köp ýazypdy.

Ýurtda häkimiýet çalşandan soň Nyýazowyň “Täze oba syýasaty” diýilýän baradaky gürrüňler galdy. Oňa derek “Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasy” barada gürrüň edilip başlandy.

Ýöne, prezident Berdimuhamedowyň aýdýan sözlerinden çen tutulsa, bu maksatnama hem ýeterlik iş bitirmeýär.

TDH prezident Berdimuhamedowyň hökümet maslahatynda ydysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämemedowa obalaryň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegi üçin zerur bolan çäreleriň görülmegi barada tabşyryk berendigini ýazýar.

Bu hili tabşyryklar ozal hem berlipdi. Prezident Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň maýynda özüniň oba adamlarynyň gözgyny durmuş şertlerinden nägileligini aýdyp, “ýerlerde ilaty agyz suwy, elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmakda, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmakda, ýollary abatlamakda we gurmakda çözülmegini talap edýän köp sanly mesele bar” diýipdi. Ol “ilatly ýerlerde hiç kimiň bu meseleler bilen çynlakaý gyzyklanmaýandygyny, olary çözmek barada ýeterlik alada etmeýändigini” aýdýar.

Obalaryň dikelmegi nämä bagly?

Eýsem Türkmenistanda, prezident derejesinde gürrüň, talap edilýänligine garamazdan, oba adamlarynyň durmuş-ýaşaýyş şertleri näme üçin düzelibermeýär?

Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, häzir Şwesiýada ýaşaýan Halmyrat Söýünow türkmen obalaryndaky ýagdaýyň gowulaşmaýanlygynyň sebäbini halkyň erksizliginde görýär.

“Halkda erkinlik ýok. Adamlaryň saýlamak we saýlanmak hukugy ýok” diýip, Söýünow aýdýar. “Olara kim, nähili ýolbaşçy, nähili deputat gerek? Bu zatlary çözmek üçin olara syýasay azatlyk gerek.”

Söýünowyň bu pikiri bilen aşgabatly synçy Nurberdi Nurmämmedow hem ylalaşýar. Ol türkmenleriň ruslar tarapyndan basylyp alynmazdan öň adat, ýazylmadyk kanun esasynda has azat ýaşandygyny aýdýar we häzirki kynçylyklar döwletiň öz halkyna ynanamazlygy bilen bagly diýen pikiri öňe sürýär.

“Bu günki gün döwletiň öz halkynyň erkinliginden gorkup, onuň hemme azatlyklaryny çäklendirip oturamagynda halkyň günäsi az” diýip, Nurmämmedow Aşgabatdan Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Oba baradaky Günbatar tejribesi


Prezident Berdimuhmedow 2007-nji ýylyň martynda oba hojalygynda ulanylan öňki düzgünleriň könelendigini, olaryň geljekki ösüşlere bökdençlik döredýändigini boýun alypdy.

Şeýle-de ol oba meselesini çözmekde ösen ýurtlaryň tejribesinden ugur almak, tejribe üçin daşary ýurtlara adam ibermek barada gürrüň edipdi.

Söýünowyň pikirine görä, daşary ýurt obasy bilen türkmen obasynyň arasyndaky tapawut örän uly: “Mysal üçin, Şwesiýada ýerleriň 99 prosenti hususy eýeçilikde. Näme ýetmeýän bolsa, hökümet adamlary şol önümi öndürmäge höweslendirýär”.

“Mysal üçin, et gerekmi? Hökümet ‘kilosyny ýa tonnasyny şu nyrhdan aljak we eger üpjün etseňiz, üstesine ýene eňillikli karz berjek ýa birki ýylyň dowamynda aýlyk tölejek’ diýýär.”

Söýünow hökümetiň Şwesiýada galla ekýäne-de, balyk tutýana-da şeýle goldawy berýändigini, tebigy ýa başga sebäpler netijesinde zyýan çeken adamlary hem gözden salmaýandygyny belleýär.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary, häzir Şwesiýada ýaşaýan ykdysatçy Sapar Yklymowyň pikirine görä, “Türkmenistanda reforma diýlip öňe sürülýän pikirleriň köplenç ykdysady mazmuny ýok we bu ýerde ilki edilmeli zat ýalandan, ýalan syýasatdan, ýalan ykdysadyýetden hakyky ykdysadyýete geçmek bolsa gerek.”
XS
SM
MD
LG