Bütindünýä Bankynyň 2011-nji ýylyň 16-njy fewralynda ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, azyk önümleriniň bahasynyň galmagy Ösýän döwletlerde soňky ýarym ýylyň içinde 44 million ilatyň garyplaşmagyna sebäp bolupdyr. Merkezi Aziýa döwletlerinde hem geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.
Bütindünýä Bankynyň hasabatyna görä, geçen ýylyň iýun aýyndan üstümizdäki ýylyň ýanwaryna çenli dünýäde bugdaýyň bahasy iki esse galyp, mekgejöwen 73% gymmatlapdyr. Emma tüwiniň bahasy duýarlyk derejede galmandyr. Şekeriň we dürli ösümlik ýaglarynyň bahasy duýlarlykly ýokarlanypdyr.
Bugdaýyň bahasynyň Täjigistanda 37%, Gyrgyzystanda 54% galandygy barada hasabatda aýdylýar. Azyk önümleriniň bahalarynyň 2008-nji ýyldaky rekord derejesine ýetmegine 3% galypdyr. Bu baradaky hasabat dünýäniň 20 sany iň güýçli ykdysadyýetli döwletleriniň maliýe ministrleriniň Pariždäki maslahatynyň öňüsyrasynda yglan edildi.
Bütindünýä Bankynyň maglumatynda Bankyň prezidenti Robert Zoelligiň şeýle sözleri getirilýär: “Bütin dünýäde azyk önümleriniň bahalary howply derejede galýar. Bu dünýäde millionlap garyp gatlagyň durmuşyna howp salýar. Bahalaryň galmagy eýýäm millionlarça adamlaryň has-da garyplaşmagyna getirdi we girdejisiniň ýarpysyndan köpüsini azyk önümlerine sarp edýän adamlar üçin kynçylyk döredýär”.
Bütindünýä Bankynyň prezidenti Robert Zoellik girdejisiniň ýarpysyndan köpüsini azyk önümlerine sarp edýän adamlar garyplyga duçar bolarlar diýýär. Eger-de şu prinsipden ugur alsak, türkmenistanlylar azyk önümlerine öz girdejisiniň näçeräk bölegini sarp edýär diýen sowal döreýär.
Işi bar bolan adamlaryň ýa-da özüniň hususy firmasy bar adamlaryň girdejisi maşgalanyň azyk önümlerine artykmajy bilen ýetýär diýip, türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar: “Türkmenistanda medeniýetde, halk magaryfynda işleýänleriň ortaça aýlygy 250-350 dollar töweregi. Eger-de 2-3 çagaly maşgala bolsa, şonuň 150-200 dollary azyk önümlerine ýetýär. Hususy biznes bilen meşgul bolýanlaryň hem girdejisi erbet däl”.
Köpçagaly maşgalalaryň ýagdaýy nähili bolar?
Emma Türkmenistanda köpçagaly maşgalalar-da bar. Bugaýew maşgalada 7-8 çaga bolup, ýekeje adam işleýän bolsa, onuň aýlygynyň hiç zada ýetmejekdigini, sebäbi hususy eýeçilik bilen döwlet eýeçiliginiň arasynda ýaryş bolmany üçin bazar nyrhlarynyň bazar söwdagärleriniň islegine görä galdyrylýandygyny aýdýar.
”Türkmenistanda etiň bahasy 5 amerikan dollaryna deň. Bu Türkmenistan üçin gaty gymmat. Gök önümler hem şeýle. Göräýmäge, hemme zat bol ýaly. Emma şu günlerde, ýagny gyş paslynyň dowam edýän wagty, olar ýokary bahalardan satylýar” diýip, Bugaýew aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowanyň sözlerine görä, käbir et dükanlarynda etiň bahasy 9-10 manat diýlip ýazylsa-da, satyjylar müşderiler bilen hasaplaşanda 12 manatdan gowrak bahadan hasaplaşýarlar. Gök önümleriň we miweleriň köpüsi daşary ýurtlardan getirilensoň, olaryň bahasy-da gymmat.
“Eger-de ýurduň içinde oba hojalygyny ösdürmäge ünsi güýçlendirseler, bahalar beýle gymmat bolmazdy“ diýip, 45 ýaşly türkmenistanly işçi Aýgül aýdýar.
Özbegistanda nähili?
Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynda mugallym bolup işlýän Fahriddiniň sözlerine görä, geçen ýyl 60-65 müň sumdan satylan Gazagystanyň uny häzir 85 müň sumdan, geçen ýyl 2,800 sumdan satylan ösümlik ýagy hazir 4,500 sumdan, öň 7-8 müňden satylan et häzir 12 müň sumdan satylýar. 1 amerikan dollary 1,650 özbek sumyna barabar.
BMG-niň Azyk önümleri we oba hojalygy baradaky edarasynyň geçen ýylyň netijeleri boýunça yglan eden hasabatyna görä, 2011-nji ýylda iň garyp döwletleriň azyk önümleriniň importyna sarp edýän harajaty 11% ýokarlanar. Bu gurama eger-de 2011-nji ýylda azyk önümleriniň ýetişdirilýän ekin meýdanlary ýeterlikçe giňeldilmese, agyr günleriň geljekdigini duýdurýar.