Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda syýasy bäsdeşlik ösýär


Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary parlamentde kasam kabul edýärler, 27-nji ýanwar, 2011-nji ýyl
Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary parlamentde kasam kabul edýärler, 27-nji ýanwar, 2011-nji ýyl
2010-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda geçen parlament saýlawlarynda sesleriň zerur sanyny alyp bilmedik syýasy partiýalaryň 20-ä golaýy Gyrgyzystanyň Milli syýasy partiýalarynyň kongressini döretdiler.

Kongressiň esasy maksady: dürli meseleler boýunça alternatiw ideýalary we dürli proýektleri hökümete we parlamente teklip etmekden ybarat. Bu hakda “Zamandaş” syýasy partiýasynyň metbugat gullugy maglumat ýaýratdy.

Alternatiw parlamentiň başlygy wezipesine “Zamandaş” partiýasynyň lideri Muhtarbek Ömürakunow, alternatiw hökümetiň premýer-ministri wezipesine-de “Hakykat” atly syýasy partiýanyň lideri Alykbek Jekşenkulow saýlandy.

Iňlis modeli

Kongressiň maksatlarynyň biri konstruktiw oppozisiýa bolmak. Kabul edilýän kanunlar we kararlar, döwletiň ösüşi we hökümetiň işleri boýunça alternatiw teklipleri hödürlemek diýip, kongressde parlamentiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Muhtarbek Ömürakunow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Alternatiw hökümetiň premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýän Alykbek Jekşenkulow
Köçä çykyp göreşmän öz aklymyz, tejribämiz we ideýalarymyz bilen göreşmegi göz öňünde tutýarys.
kongressiň gyrgyz halkynyň geljeginiň aladasyny edip düzülendigini nygtady.

“Biz Angliýanyň modeline esaslandyk. Emma bu biziň ýurdumyzyň syýasy we ykdysady ýagdaýyna bagly bolar. Şeýle-de bolsa, biz radikal ädimlere ýol bermän, programmalarymyzy, ideýalarymyzy halka we häzirki hökümete parahat usulda ýetirmekçi bolýarys. Şonda syýasy göreş bolar. Köçä çykyp göreşmän öz aklymyz, tejribämiz we ideýalarymyz bilen göreşmegi göz öňünde tutýarys” diýip, Jekşenkulow aýdýar.

Hökümet öz işini başarmasa, alternatiw hökümet herekete geler


Jekşenkulow, eger-de häzirki hökümet we parlament halkyň bähbidi üçin işlemän, başgaça ädimlere ýüz ursa, özleriniň radikal hereketleri etmekleriniň ahmaldygyny, hökümetiň alternatiw organlarynyň regionlarda hem düzüljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Myktybek Abduldaýew hem şeýle kongressiň düzülmeginiň syýasy konkurensiýa, ýagny bäsdeşlik üçin gowy boljakdygyny aýdýar.

“Her bir hökümet alternatiw hökümet tarapyndan hödürlenýän tekliplere hökman üns bermeli. Sebäbi olar hem döwletiň, halkyň geljeginiň, kadaly durmuşynyň aladasyny edýärler. Düşen teklipler hökman masalahatlaşylmaly. Şondan soňra kanuny resmi organ kabul etmeli” diýip, Abduldaýew nygtaýar.

Gyrgyzystanda oppozisiýa 2005-nji ýylyň martyndaky rewolýusiýa çenli hem-de şondan soň alternatiw hökümet organlaryny düzüp, 2010-njy ýylyň aprelindäki döwlet agdarylyşygyndan soň, hökümet başyna gelipdi.
XS
SM
MD
LG