Çarşenbe güni türkmen paýtagtynyň “Grand türkmen” myhmanhanasynda Aşgabatda çaga hukuklary boýunça geçmeli üçünji Merkezi Aziýa Forumyna taýýarlyga bagyşlanan seminar geçirildi. Bu seminar Türkmenistanyň Mejlisi we BMG-niň Çagalar fondy tarapyndan gurnaldy.
Türkmenistan köp sanly halkara şertnamalara, şol sanda Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýa hem gatnaşyjy bolup durýar. Türkmen metbugaty ýurtda degişli kanunçylyk bazasyny kämilleşdirmäge, dünýäniň çaga hukuklary babatdaky iň gowy tejribelerini öwrenmäge we bu ugurdaky halkara ölçeglerini durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini ýazýar.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň döwlet syýasaty çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär, ösüp gelýän nesliň mynasyp hem bagtly durmuşda ýaşamagy üçin mümkin bolan amatly şertleri döredýär.
Türkmenistan bu ugurda halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar fondy bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär diýlip, habar berilýär.
16-njy fewralda geçirilen seminaryň dowamynda halkara ekspertleri bilen bilelikde çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda ileri tutulýan ugurlar barada jikme-jik maslahat edilendigi aýdylýar hem-de milli ekspertleriň Türkmenistanda barýan giňişleýin hukuk reformalarynyň çäginde edilýän anyk işler barada maglumat berendigi habar berilýär.
Azatlyk Radiosynyň bu seminar barada BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasyndan giňişräk maglumat almak synanyşygy başa barmady.
Çagalar işledilenok, emma işsizlik köp
Oba hojalyk ýurdy bolan Türkmenistanda sowet ýyllarynda oba çagalary gowaça plantasiýalarynda köpçülikleýin işledilip, şäher çagalaryna döredilýän okuw mümkinçiliklerinden bölekleýin mahrum edilerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda mekdeplerde okuwy ýatyryp, çagalary pagta meýdanlaryna köpçülikleýin sürmek praktikasynyň togtadylandygy aýdylýar.
Ýöne garaşsyzlyk ýyllarynda giň ýaýran işsizligiň, neşekeşligiň, bilim pudagyndaky yzagaýdyşlygyň we çäklendirmeleriň çagalaryň hukuklary we azatlyklary babatda goşmaça kynçylyklary döredendigi hem fakt hasaplanýar.
Türkmenistanda 1,712 sany orta mekdep bolup, olarda 1 million 40 müňden gowrak okuwçy okaýar. Her ýyl şol okuwçylaryň 100 müňden gowragynyň mekdebi tamamlaýandygy, emma olaryň 80 müňden gowragynyň okuwyny dowam etdirip bilmeýändigi aýdylýar.
Ýerli synçylaryň käbiri, şol sanda garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyew, kanunlaryň kämilleşdirilýändigine garamazdan, ýurtda giň ýaýran işsizligiň, ene-atalarynyň sosial goragynyň pese gaçmagynyň çagalary okuwy taşlap, pagta meýdanlaryna ýa başga bir işe gitmäge mejbur edýän halatlarynyň entek az däldigini aýdýar.
Mundanam başga, soňky döwürde çagalaryň döwlet propagandasy üçin ulanylyp, ir ertirden giç agşama çenli aç-suwsuz horlanýan, köçeleriň ugrunda janly diwar edilip ulanylýan halatlary barada hem alada bildirilýär.
“Şu günki çagalara ertirki kadrlar hökmünde garamaly!”
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyýew “Şu günki çagalara ertirki kadrlar hökmünde garamaly!” diýýär.
“‘Çaga eziz, edebi ondan hem eziz’ diýen nakyly indi biraz üýtgedip, ‘Çaga eziz, hukugy ondan hem eziz’ diýip ulanmalymyka diýýän. Hukuksyz çaga okap, bilimli adam bolup bilmeýär. Indi çagalaryň hukuklary we azatlyklary baradaky dabaraly, boş sözlerden anyk işe geçilmese, Türkmenistan geljekde hem şu günki kadr etmezçiliginden çykyp bilmez we sebitde bäsleşige ukypsyz ýurt bolar” diýip, Hallyýew aýdýar.
Halkara Krizis toparynyň golaýda çap eden hasabatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda sowet döwründe ýetişdirilen kadrlaryň ýene 5-10 ýyldan has hem azaljakdygy duýdurylýar.
Bu aladany maryly bir ýaşaýjy hem tassyklady we soňky 15 ýylda uly oba bary-ýogy iki sany täze mugallymyň gelendigini, bu ýagdaýyň çagalaryň döwrebap bilim almak hukugyny örän çäklendirjegini aýtdy.
Ilatyň gün-güzeranynyň agyrlygy, oba ýerlerindäki garyplaşma hem çagalaryň hukuklaryny çäklendirýär diýen pikir öňe sürülýär.
Akademik Rejep Baýramowyň geçen ýyl Orsýetde çap edilen “Türküstan -ösüş ýoly” atly kitabynda dürli ýyllarda türkmen resmilerine iberilen hatlar hem ýerleşdirilipdir. “…biziň ýurdumyzda, dünýäniň ösýän ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, her bir maşgalanyň hakyky girdejisi durmuş ýüzünde ýurduň ýokary girdejileri bilen hiç bir jähtden baglanyşmaýar we garyplyk ölçegi diýilýänden geçmek üçin ýeterlik däl” diýip, akademigiň prezident Berdimuhamedowa iberen hatynda aýdylýar.
Ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralyşyny gowulandyrmak, olaryň bagtly geljegini üpjün etmek üçin ozaly bilim, Internet mümkinçiligini artdyrmalydygyny nygtaýar.
“Häzir biziň ýagdaýymyzda Internet halk köpçüliginden daşrakda. Onuňam sebäbi türkmeniň güzerany pes we munuň üstesine Internetiň bahasam gymmadrak” diýip, Nurmämmedow aýdýar.
Onuň pikiriçe, baý döwlet bolan Türkmenistanda çagalara sowet döwründe döredilen kitap mümkinçiligi hem döredilmeýär: “Türkmenistanda okuw kitaplary, mekdep üçin çykarylýan kitaplar hem entek satuwa çykarylanok. Olar mekdeplere paýlanylýar we şo taýda-da her kitap birnäçe ýyllap, bolmanda 5-6 ýyllap bir okuwçydan başga okuwça geçip ulanylmaly”.
Nurmämmedow birinji klasa gidýän çagalar ellerine täzeje, owadanja kitabyň deregine birnäçe ýyl ulanylan, käbir ýerleri ýyrtyk kitaby alanda, olaryň okuw höwesi peselen ýaly bolýar diýen pikirde.
Şu ýylyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz resmilerine beren görkezmesinden çen tutulsa, bu ýetmezçilikler basym düzedilmeli, ýagny bolmanda birinji klas okuwçylary mugt kitap we şahsy kompýuter bilen üpjün edilmeli.