Türkmenistanyň parlament delegasiýasy Litwa sapar etdi. 31-nji ýanwar we 5-nji fewral aralygynda bolan bu saparyň Mejlisiň mümkinçiliklerini berkitmek boýunça tagallaryň çäginde amala aşyrylanlygy habar berildi.
Türkmenistanyň kanun çykaryjylarynyň Litwa sapary tanyşdyryjy häsiýete eýe bolup, BMG-niň Ösüş programmasynyň goldamagynda amala aşyryldy. Bu barada programmanyň resmi maglumatynda aýdylýar.
Mejlisiň deputatlary Litwanyň parlamenti Seýmiň kanunlary çykarmak we ses berijiler bilen işleşmek boýunça gazananlaryna hem-de kararlaryň kabul edilmegine hökümetiň we jemgyýetiň gatnaşmagyna degişli tejribelerine syn etdiler.
Türkmenistanyň delegasiýasy Mejlisiň ykdysadyýet we sosial syýasat boýunça komitetiniň, ýerli häkimiýetleriň wekilçilik organlary bilen işleşýän komitetiniň, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça komitetiniň agzalaryndan düzüldi.
Litwanyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarda türkmen deputatlaryna Litwanyň parlament sistemasynyň taryhyndan, şeýle-de Seýmiň syýasy we guramaçylyk gurluşy, Litwanyň syýasy we sosial-ykdysady ösüşinde parlamentiň oýnaýan möhüm roly barada maglumat berildi.
Seýmiň Litwada adam hukuklary we halkyň sosial goragy bilen bagly meselelerdäki roly we gazananlary Türkmenistanyň parlament wekilleriniň Litwada geçirilen duşuşyklarynyň üns merkezinde boldy.
Adam hukuklary boýunça baş wekili, ýagny Ombudsmen strukturasy, çagalaryň hukuklary, alyjylaryň hukuklary we deň mümkinçilikleri, sosial-atiýaçlyk we sosial gorag sistemalary baradaky temalar aktiw diskussiýa döretdi diýlip, habar berilýär.
Nähili netije berer?
Soňky döwürde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň sany artdy. Mejlisiň öňki deputaty Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, ösen syýasy jemgyýetçilik sistemaly döwletleriň tejribeleri öwrenilse we ulanylsa, edilýän şeýle saparlar peýdaly bolup biler.
Resmi toparyň düzüminde Litwa sapar eden Mejlisiň adam hukuklary we azatlyklar boýunça komitetiniň başlygy Myrat Ataýewiň sözlerine görä, Litwa edilen sapar gowy resurs mümkinçiliklerine eýe bolan aktiw parlament sistemasynyň ähmiýetini görkezipdir.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmyşynda Mejlisiň roluny güýçlendirmegiň zerurlygyny yzygiderli aýdyp gelýär, parlamentiň işine degişli kemçilikleri hem tankyt edýär.
Öňki deputat Halmyrat Söýünow daşary ýurtlarda görülen tejribeleriň Türkmenistanyň syýasy durmuşynda ornaşdyrylmaýanlygyny nygtaýar. Emma onuň pikirine görä, parlamenti gowşak we ygtyýarsyz saklaýan zat syýasy sistemanyň özi bolup durýar.
“Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelenine dört ýyl. Dört ýylyň dowamynda parlamentde nähili ösüş boldy? Deputatlar tarapyndan çykyş edilip, döwletiň ýa halkyň bähbidinden ugur alnyp, ýeke teklip edildimi? Edilen bolsa hany?” diýip, öňki deputat Söýünow parlamentiň işini sorag astynda goýýar.
Soňra ol şeýle diýýär: “Parlamentiň başlygy hökümet baştutanynyň öňünde ýüzüni aşak salyp, onuň ýüzüne göni seredip bilmeýän wagty, nädip parlament hukugyny ulanyp bilsin. Adamlar wezipä çagyrylanda, olaryň öňünde hökümet tarapyndan şert goýulýar. Olara öňlerine goýlan kagyza el galdyrmakda başga hukuk berilmeýär” diýip, H.Söýünow aýdýar.
Mejlisiň resmi toparynyň Litwa eden bir hepdelik saparynyň dowamynda türkmen wekilleri Seýmiň Ýewropa boýunça informasion býurosyna, ýurduň Daşary işler ministrligine, Wilnusyň Meriýasyna hem bardylar. Olar ýurduň syýasaty öwrenijileri bilen hem duşuşdylar.