Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bahreýn bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekçi


Aşgabadyň Ýakyn Gündogar bilen aradaky dialoglaryny güýçlendirmegine garaşylýar.
Aşgabadyň Ýakyn Gündogar bilen aradaky dialoglaryny güýçlendirmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-10-njy fewralda Bahreýn patyşalygyna sapar etdi.

Berdimuhamedowyň Bahreýne eden resmi saparynyň dowamynda iki ýurt arasynda maýa goýumlaryny ösdürmek hem goramak boýunça hökümetara ylalaşyga we goşa salgydy ýatyrmak barada Konwensiýa gol çekildi.

Şeýle-de Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Memoranduma we Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn konsultasiýalar barada Memoranduma gol goýuldy.

Berdimuhamedow 9-njy fewralda Bahreýniň paýtagty Manamada: “Türkmenistan Bahreýn bilen doly derejeli hyzmatdaşlygy ösdürmekçi” diýdi. Ol Bahreýniň maliýe, biznes toparlaryny Türkmenistanyň ykdysady ösüşine gönükdirilen proýektlere gatnaşmaga çagyrdy.

Perspektiwa

Günbatary öwrenijileriň Orsýetdäki birleşiginiň agzasy, taryhy ylymlaryň doktory Dmitriý Arapow Bahreýniň arap dünýäsiniň iri maliýe merkezi bolup durýanlygyny bellemek bilen, bu ýurtda nebit girdejilerine baý tutuş regionyň maliýe serişdeleriniň saklanýanlygyny we dolandyrylýanlygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Arapowyň pikirine görä, Bahreýniň maliýe sistemasynyň aýratynlyklary we mümkinçilikleri nebit-gaz serişdelerine baý Türkmenistanyň ýolbaşçylary üçin bähbitlidir.

Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça käbir teklipleri etdi. Aşgabatda sungat festiwalyny we Bahreýniň medeni günlerini geçirmek inisiatiwalary öňe sürüldi. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, şeýle çäreler “ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňelder we pugtalandyrar”.

Ýurtlaryň medeni günlerini geçirmek we syýahatçylygy ösdürmek meselesi 9-njy fewralda Manamada Bahreýniň medeniýet ministriniň we Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport boýunça Döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň arasynda hem maslahat edildi.

Bahreýniň habar agentlikleriniň maglumatyna görä, gepleşikleriň gidişinde taraplar ýurtlaryň ykdysady we inwestision mümkinçiliklerinden syýahatçylyk ugurdan hem peýdalanmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Bahreýn patyşalygy

Bahreýn patyşalygy Pars aýlagynda adalarda ýerleşýän döwlet. 800 müň çemesi ilatly Bahreýn arap dünýäsiniň iň kiçi ýurdy. Konstitusion patyşalyk syýasy düzgünine görä ýaşaýan Bahreýn Al Halifa patyşalar maşgalasy tarapyndan dolandyrylýar. Nebit-gaza, merjen daşlaryna we alýuminiý magdanyna baý bu yurt ösen maliýe-bank sistemasy bilen tanymal.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Heritage Foundation” guramasynyň we “Wall Street Journal” gazetiniň dünýäde ykdysady azatlygyň derejesi barada 2010-njy ýylda ýaýradan hasabatynda 800 müň ilatly Bahreýne 13-nji orun berildi.

Bahreýn Ýakyn Gündogarda iň erkin ykdysadyýetli ýurt. Bu ýurtda umumy ykdysady ösüş gowşak bolsa-da, global maliýe krizisiniň ýurduň bank pudagyna ýaramaz täsiri örän pes. Ykdysadyýetde amala aşyrylan reformalar we ýurtda global söwda giň ýol açylmagy Bahreýni maliýe läheňine öwürdi.

Ýakyn Gündogarda nebit pudagyna iň az garaşly ykdysadyýetli Bahreýniň salgyt düzgüni bäsleşige ukyply we maliýe pudagy ösen. Bu bolsa Bahreýnde daşary ýurt sermaýasynyň köp ýatyrylmagyna mümkinçilik berýär diýip, “Heritage Foundation” guramasynyň we “Wall Street Journal” gazetiniň hasabatynda bellendi.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, 2010-njy ýylda 800 müň ilatly Bahreýnde inflýasiýanyň derejesi 3,3 prosente, bir bahreýn dinarynyň hümmeti-de, takmynan, 0,38 sente deň bolupdyr.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň arap dünýäsine eden resmi saparynyň Aşgabadyň Ýakyn Gündogar bilen aradaky döwletara dialoglaryny güýçlendirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG