Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Yslamabat bilen gatnaşyklaryny ösdürmekçi


Ýük maşynlary Pakistanda öndürilen harytlary Kabul-Jalalabad ýoly arkaly Owganystana daşaýarlar, 12-nji fewral, 2007-nji ýyl.
Ýük maşynlary Pakistanda öndürilen harytlary Kabul-Jalalabad ýoly arkaly Owganystana daşaýarlar, 12-nji fewral, 2007-nji ýyl.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Sapar Berdiniýazow 8-nji fewralda Pakistanyň söwda-senagat öýleriniň federasiýasynyň Yslamabatdaky baş edarasynda çykyş edip, Aşgabadyň Yslamabat bilen ykdysady we medeni gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini aýtdy.

Türkmenistan Pakistana regionda maýa goýumlar üçin iň amatly ýurt hökmünde garaýar. Üstesine Türkmenistan Pakistana ýurduň ykdysdy ösüşine päsgel berýän energiýa krizisinden çykmaga ýardam berip biler.

Gaz baýlyklaryndan başga-da Türkmenistanda goşmaça elektrik togunyň hem bardygyny ilçi Berdiniýazow belledi diýip, “Associated Press of Pakistan” habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagyna ýurtlaryň gatnaşyklarynyň ösüşine güýçli itergi berip biljek ýene bir ädim hökmünde garalýar. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça ylalaşyga 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda gol goýlupdy.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Berdinyýazow sözlän sözünde iki ýurduň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň we umumy taryhynyň ähmiýetini hem nygtady.

Türkmen ilçisiniň sözlerine görä, ýurtlar nebit gaz, energiýa, oba holajygy, ylym, tehnologiýalar, infrasktruktura we bilim ugurlaryndan özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýarlar.

Öz tarapyndan Pakistanyň hökümeti we biznes toparlary hem Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýärler.

Perspektiwa

Pakistanyň söwda-senagat öýleriniň federasiýasynyň Yslamabatdaky baş edarasynyň koordinasion ýolbaşçysy Raza Hanyň sözlerine görä, Pakistanyň eksport edijileri Türkmenistanda ýuwujy serişdeler we deri önümçiligine, şeýle-de derman senagatyna degişli ugurlardan bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

Raza Han ýurtlaryň özara ykdysady hyzmatdaşlygy bilen bir hatarda adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem synanyşýanlygyny belledi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan pakistanly žurnalist we regional bilermen Ikram Hoti Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin şu günki gün hiç hili päsgelçilik görmeýär.

Ikram Hoti Pakistanyň gaza bolan talabynyň we täze guruljak gaz geçirjisiniň berip biljek girdejileriniň hyzmatdaşlygyň ösüşi üçin mümkinçilikleri artdyrýanlygyny belleýär.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisiniň 8-nji fewralda Pakistanyň söwda-senagat öýleriniň federasiýasynyň Yslamabatdaky baş edarasynda geçiren duşuşygynda Pakistan tarapy regional gaz geçirijisiniň gurluşygynyň yza tesdirilmezden durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG