Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nadip ýylanmaly?


Her öýde 2-3 sany tok peçleriniň işledilmegi bilen ýokary sarp edişe çydaman, elektrik liniýalarynyň kabelleri hatardan çykýar.
Her öýde 2-3 sany tok peçleriniň işledilmegi bilen ýokary sarp edişe çydaman, elektrik liniýalarynyň kabelleri hatardan çykýar.
Aşgabat şäheriniň “Howdan” ýaşaýyş jaý massiwinde, “Parahat” mikroraýonynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan adamlar tomus paslynda hem, gyş paslynda hem kösenip ýaşamaly bolýarlar. Munuň-da özüne ýetesi sebäbi bar.

Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň aglabasynda ýyladyş sistemalarynyň işlemeýänligi sebäpli gyşyň aňzakly sowuklarynda ýaşaýjylar elektrik enjamlary bilen jaýlaryny ýylatmaga çalyşýarlar. Her öýde 2-3 sany tok peçleriniň işledilmegi bilen ýokary sarp edişe çydaman, elektrik liniýalarynyň kabelleri hatardan çykýar. Elektrik togunyň öçmegi bilen liftler hem togtaýar. Munuň netijesinde bolsa özüni zordan oňarýan garry adamlar däri-derman almak üçin öýden hem çykyp bilmeýärler.

Galyň geýinmeli

Tomsuň jöwzasynda split sistemaly kondisionerleriň köplügi bilen hem şu ýagdaý gaýtalanýar — elektrik kabelleri hatardan çykýar. Tomsuna penjireleri açyp bir mydar etse bolýar. Gyşyna bolsa öýde hem gije-gündiz palto, içmek ýaly iň bir ýyly egin-eşikleri geýmeli bolýandyklaryny “Parahat “ mikroraýonynyň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Käbir ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş sistemasy on ýyl bäri işlemeýär. Halk arz eder ýaly ýer bolsa arz edip çykýar. Häkimliklere ýüz tutýarlar. Emma muňa garamazdan, bu problemany düzetmäge baş galdyrylmaýar. Bejergi geçirip, podwaldan geçýän göni turbalary çalyşýarlar, öýlerdäki turbalar bolsa çalşyrylman galýar. Podwaldan geçýän lagym turbalary hem çüýräp, hatardan çykýanlygy üçin, ýerzeminlere hapa suwlar birsyhly akýar.

Ýerzeminlere üýşýän hapa suwlar köplenç halatda podwalda ýerleşýän elektrik şitlerine howp salýar. Şu sebäpden Aşgabatelektrosetiniň işgärleriniň ýaşaýyş jaýynyň podwalda ýerleşýän elektrik liniýasyny öçürip gidýän wagtlary az bolmaýar.

Kimsäge toý-baýram…

Soňky ýedi-sekiz ýylyň dowamynda Aşgabat şäherinde «elita jaýlary» diýen ady alan, daşy mermer bilen örtülen, ähli amatlyklary bolan, gymmat bahaly, köp gatly jaýlaryň ýüzlerçesi bina edildi. Berzeňňi posýology şu günki gün «elita jaýlarynyň» şäherçesine öwrüldi.

Giň otagly, ýyladyjy hem sowadyjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan bu jaýlar, esasan, ministrlikleriň, döwlete degişli iri pudak edaralarynyň işgärlerine niýetlenip gurulýar. «Türkmenhowaýollary», Içeri işleri ministrligi, Baş prokuratura, Demirýol ulaglary ministrligi, bank pudagy, «Türkmenpagta» ýaly uly edaralaryň işgärleri eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu jaýlaryň hözirini görýärler.

Uzak möhletleýin, ýeňillikli kredit bilen işgärlere berilýän jaýlaryň sany häzir hem artyp gidip otyr. Emma ony satyn almak isleýän ýaşaýjylar üçin doly bahasyna satylýan, 200-250 müň amerikan dollary aralygynda durýan elita jaýlary şu günki gün ýönekeý ýaşaýjylar üçin elýeter däl.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG