Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby işgärler jaýa mätäç


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň täze edara binasy, Aşgabat.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň täze edara binasy, Aşgabat.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň işiniň ilerlemegi üçin prezident Berdimuhamedowyň başlangyç tagallalary soňky dört ýylyň başky günlerinden belli bir derejede öz netijelerini berip ugrady. Emma reformalaryň depgini ençeme harbylary kanagatlandyrmaýar.

Beýleki pudaklara we ministrliklere garanyňda Goranmak ministrliginiň işgärleri üçin paýtagt Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Serhetýaka harby bölümleriň birnäçesinde hem serhetçileriň maşgalalary ýaşaýyş jaýlaryny edindiler.

Şu ýylyň 7-nji ýanwarynda bolsa Aşgabat şäherinde Alyşir Nowaýy köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň täze edara binasy gurlup, ulanylmaga berildi. Dürli öwüşginli suw çüwdürimleri bu binany has hem görke getirýär.

Goranmak ministrliginiň Garaşsyzlyk şaýolunyň başlanýan ýerinde bäş ýyl mundan ozal gurlup ulanylmaga berlen edara jaýyna garanyňda täze gurlan binanyň daş keşbi has döwrebap görnüşde bolup, onuň öňünde Göroglynyň hem ýadygärligi oturdylypdyr.

“Her bir döwletde harbylar üçin edilýän alada döwletiň öňünde durýan wajyp mesele bolmaly. Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem muňa gowy düşünýärler” diýip, aşgabatly pensioner Baýmyrat aga buýsanç bilen aýdýar. Emma onuň bilen ylalaşmaýan harby işgärleriň maşgalalary hem bar.

“Ýurduň welaýatdyr-etraplarynda ýaşaýan we Watana gulluk edýän harby işgärleriň welin, köpüsiniň jaý bilen üpjünçiligi ýabygorly” diýip, ýurduň Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) şäherinden bolan harby işgäriň maşgalasy Taganbibi Altyýewa aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ýerli ilatdan, harby gulluga degişli däl adamlara berilýän halatlary az däl: “Sebäbi harby bölümlerde parahorluk artýar. Ministrligiň işgärleri ‘jaý ýetmezçiligi barada bilýäris’ diýip jogap berýärler. Şonuň bilen hem mesele çözülmän galýar”.

Geçen ýylyň ahyrynda Döwlet serhet gullugynyň işgärleri hem Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurlan, daşy mermer bilen örtülen, 5 gatly ýaşaýyş jaýyny sowgat aldylar. Töwerek-daşy abadanlaşdyrylan bu jaýyň golaýynda 600 orunlyk çagalar bagy hem bar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG