Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis rewolýusiýasy we Merkezi Aziýa


“Gyrgyzystanyň we Tunisiň yzyndan kimiň nobatynyň geljegini wagt görkezer” diýip, duşenbeli Jomi belleýär.
“Gyrgyzystanyň we Tunisiň yzyndan kimiň nobatynyň geljegini wagt görkezer” diýip, duşenbeli Jomi belleýär.
Tunisi uzak wagtlap dolandyran Zine al-Abidin Ben Aliniň geçen hepdede häkimiýet başyndan çetleşdirilmegine getiren köpçülikleýin gozgalaňlar awtoritar režimli regionlaryň ýaşaýjylaryna öz täsirini ýetirdi.

Ben Aliniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi bilen bilelikde dörän köçe protestleri Merkezi Aziýa döwletlerinde, Azerbaýjanda we Eýranda adamlaryň öz ýurtlaryndaky ýagdaýy Tunisdäki wakalar bilen deňeşdirip başlamagyna itergi berdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Internet saýtlaryna gowuşýan teswirlerde adamlar 1987-nji ýyldan bäri Tunisi dolandyran Ben Alini Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleri bilen deňeşdirýärler we onuň düşen gününiň öz ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna hem garaşýanlygyny duýdurýarlar.

“Hut biziňki ýaly! Tunisde adamlaryň ýagdaýy Azerbaýjandaka meňzeş” diýip, Bakuwyň ýaşaýjysy Natik Jawadli Azatlyk Radiosynyň azeri dilindäki internet saýtynda ýazýar.

Tunisdäki senariý Türkmenistanda hem gaýtalanyp bilner diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmen dilindäki internet saýtynda özüni “Mahmal” diýip tanadan okyjy ýazýar we eger türkmen häkimiýetleri Tunisdäki wakalaryň öz ýurdunda gaýtalanmagyny islemeýän bolsalar, ýagdaýy gowulandyrmak üçin çäre görmeli diýýär.

Azerbaýjan, Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň awtoritar režimleri prezidentleriniň uzak wagtlap häkimiýet başynda saklanmagy, ýurtlarynyň üzňeligi we milli baýlyklarynyň häkimiýet başyndaky az sanly adamlaryň elinde saklanmagy bilen öz ýakasyny tanatdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň saýtyndaky teswirlerde duşenbeli Jominiň ýazmagyna görä, Ben Aliniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegi Aziýa we Afrika regionlarynyň ýaşaýjylary üçin “hiç kimiň häkimiýet başynda müdimilik galyp bilmejeginiň” nobatdaky tassyklamasy boldy. “Gyrgyzystanyň we Tunisiň yzyndan kimiň nobatynyň geljegini wagt görkezer” diýip, Jomi belleýär.

“Merkezi Aziýa oýan!” diýip, bişkekli Kanatbek Azatlyk Radiosynyň gyrgyz dilindaki internet saýtynda ýazýar. Radionyň özbek dilindäki internet saýtynda Orsýetde ýaşaýan Abdylla “Özbegistany bikanun we zalym dolandyrýan Karimow hem şunuň ýaly çekiler we öz halkyna eden ähli adalatsyzlyklary üçin jogap berer” diýip, öz teswirinde belleýär.

Teswirlerde seresaplylyga çagyryşlar hem edilýär. “Režimi agdarmak diňe başlangyç ädimdir. Durnuklylygy döretmek we millete abadançylyk getirmek has ähmiýetli meselelerdir. Seresaply bolmasaňyz, saýlawlarda şowsuzlyga uçrarsyňyz we çetleşdirilen prezidentiň tarapdarlarynyň häkimiýet başyna dolanyp gelmegine şaýat bolarsyňyz. Biziň 2010-njy ýyldaky tejribelerimizden sapak alyň” diýip, Azatlyk Radiosynyň gyrgyz dilindäki internet saýtynda özüni “Mekentaş” diýip tanadan okyjynyň teswirinde aýdylýar.
XS
SM
MD
LG