Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barrosonyň Aşgabada saparyna syn


Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Aşgabatdaky metbugat konferensiýasynda, 15-nji ýanwar, 2011.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Aşgabatdaky metbugat konferensiýasynda, 15-nji ýanwar, 2011.

15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy temasy Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna degişli boldy.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň akdyrylmagy üçin mümkinçilikler we bu ugurdan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň perspektiwalary Barrosonyň türkmen paýtagty Aşgabada eden saparyndan soň halkara metbugatyň üns merkezine düşdi.

Perspektiw ugur


Türkmenistan Ýewropa bazaryna öz gazyny eksporty etmek boýunça iň perspektiw ugurlaryň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň prezidenti bu barada 15-nji ýanwarda Aşgabatda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, türkmen tebigy gazyny Ýewropa tarap akdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar we Hazar deňzinde suwasty turbanyň gurulmagy söwda, maliýe hem-de infrastruktura taýdan iň amatly ýoldur.

Türkmen metbugatynda aýdylmagyna görä, ýurduň tebigy gazyny eksport etmek üçin ýollaryň ýene biri – gazy suwuklandyryp, Hazar deňziniň üstünden gämi arkaly eksport etmekdir. Emma bu ýörite infrastrukturanyň döredilmegini we tankerlerden düzülen flotuň bolmagyny talap edýär.

“Associated Press” Barrosonyň saparynyň belli bir öňegidişlige getirmänligini belleýär. Maglumatda Türkmenistana awtoritar döwlet hökmünde baha berlip, Barrosonyň energiýa baý bu ýurdy Ýewropany gaz bilen üpjün etmekde öňe ädim ätmäge çagyranlygy aýdylýar.

Aşgabatdaky gepleşiklerde Barroso Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak üçin arza bermäge hem çagyrdy we Ýewropa Komissýasynyň Türkmenistana tehniki ýardamyny bermäge taýýardygyny mälim etdi diýip, türkmen metbugatynda aýdylýar.

Aşgabat şertnama taýýar

Orsýetiň ”Nezawisimaýa gazeta” neşri hem ÝB-niň Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna çagyranlygyna ünsi çekýär. Emma Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň 13-15-nji ýanwarda Bakuwda we Aşgabatda geçiren gepleşikleri barada Orsýetiň gazetlerinde çäkli maglumat berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň Ýewropany gaz bilen üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna özgerişlik hökmünde garaýanlar hem bar. Ýewropany gaz bilen üpjün etmek boýunça Bakuwda baglaşylan ylalaşygyň ÝB-niň “Günorta koridor” marşrutyna ýol açýanlygy aýdylýar.

“Günorta koridor” marşrutyna degişli proýektleriň biri - “Nabukko”. “Reuters” Berdimuhamedowyň hazarýaka döwletler beýleki deňizýaka goňşularyndan rugsat almazdan, öz üstünden geçýän gaz geçirijilerini gurmaga haklydyr diýen pozisiýasyny ýene bir gezek tassyklandygyny belleýär.

“Reuters” agentliginiň maglumatynda Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedowyň 2010-njy ýylyň noýabr aýynda sözlän sözüne salgylanmak bilen, Türkmenistanyň Ýewropa 40 milliard kubmetr tebigy gazy gaz akdyrmaga ukyplydygy aýdylýar.

Žoze Manuel Barroso bilen Aşgabatda geçirilen bilelikdäki metbugat konferensiýasynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa zerur bolan möçberde tebigy gaz akdyrmak üçin şertnamalara islendik pursatda gol çekmäge taýýardygyny aýtdy diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Jemleýji çykyş


Barrosonyň Aşgabada saparyndan soň Daşkentdäki türkmen ilçisi Soltan Pirmuhammedow “ýurduň eýe bolan tebigy gazyna syýasat goşýanlaryň” bardygyny belledi, emma belli bir tarapyň adyny agzamady. Bu barada CIHAN agentligine salgylanyp, Türkiýäniň “Zaman” gazeti ýazdy.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen metbugat duşuşygynda diplomat Soltan Pirmuhammedow Türkmenistanyň öz tebigy gaz potensialyndan doly peýdalanyp bilmeýändigini aýtdy we muňa käbir taraplaryň syýasy bähbitleriniň sebäp bolýandygyny öňe sürdi.

“Hemmelere ýeter ýaly tebigy gazymyz bar. Eger bu işe syýasat garyşdyrýan taraplar bolmasa, mundan has gowy peýdalanarys. Eger şeýle ýagdaýlar bolmadyk bolsa, onda “Nabukko” ýaly proýektler mundan 7-8 ýyl öň durmuşa geçirilerdi” diýip, ilçi Pirmuhammedow aýtdy.

Ilçi Pirmuhammedow, nähili bolanda-da, Türkmenistanyň öz tebigy gazyny “hiç-haçan syýasy gural hökmünde ulanmajakdygyny” we ýurduň bitaraplyk prinsiplerine laýyklykda bu baýlygy gaza mätäç ýurtlar bilen halkara normalaryň we bahalaryň çäginde paýlaşmaga taýýardygyny belledi.

Türkmen diplomaty geljekde “Nabukko” gaz geçirijisiniň türkmen tebigy gazy bilen hem üpjün ediljekdigini belläp, Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanda eden saparynyň çäginde bu ugurda “möhüm we pozitiw gepleşikleriň geçirilendigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG