«Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Duşuşykdan soň, özara gepleşikler Türkmenistanyň we Ýewropa Komissiýasynyň ýörite delegasiýalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Bu soňky duşuşykda eden çykyşynda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz ýangyç-energetika syýasatynda Ýewropa tarapy bilen hem aktiw hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy we bu hyzmatdaşlygyň anyk ýollary barada-da durup geçdi.
Eksport ýollary
Berdimuhamedow, hususan-da, türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň ýollary barada gürrüň edilende, bu meselede birnäçe wariantlaryň bardygyny aýdyp, kommersiýa, maliýe we infrastruktura nukdaýnazaryndan iň bir özüne çekiji wariantlardan biriniň Hazar deňziniň düýbünden turba çekmekdigini nygtady.
Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýektine Türkmenistanyň Transhazar gaz geçirijisi arkaly goşulmagyna garaşylýar. Türkmenistandan ýyllyk 10 millard kubmetr gaz almagy göz öňünde tutýan “Nabukko” geçirijileriniň uzynlygy 3,300 kilometre barabar bolup, onuň 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär.
“2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda hazarýaka döwletleriň liderleriniň Bakuda geçen Sammitinde biz Hazarda suw astyndan çekiljek turbanyň diňe şol deňiz uçastoklarynyň düýbi özüne degişli bolan ýurtlaryň razylygy bilen çekilip bilinjekdigini resmi ýagdaýda yglan edipdik” diýip, duşuşykda G.Berdimuhamedow belledi.
Täze wariant
Bu gürrüňi edilen wariantdan daşary, türkmen prezidenti Hazaryň üsti bilen Ýewropa suwuklandyrylan gaz satmak mümkinçiliklerine-de garalyp bilinjekdigini aýtdy. “Munuň üçin ýörite infrastrukturanyň döredilmegi we tanker flotunyň bolmagy zerur bolar” diýip, prezident G.Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan 2010-njy ýylyň dowamynda Orsýetde ýasalan we himiýa we nebit önümleri üçin niýetlenen dört sany tanker gämisini satyn alypdy. Geçen ýylyň noýabr aýynda bolsa, resmi Aşgabat özüniň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubmetr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny mälim edipdi.
Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrmaklygyň şu we käbir beýleki wariantlary baradaky meseleleriň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa kompaniýalary bilen geçirjek geljekki gepleşiklerinde iň bir möhüm temalar boljakdygyny nygtady.
WTO çakylygy
Duşuşygyň barşynda Ýewrokomissiýanyň ýolbaşçysy Barroso Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) goşulmak üçin arza bermäge çagyrdy. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy ýurduň global söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrar.
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynyň agzalygyna kabul edilmegi bu ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, Barroso nygtady we ÝB özüniň bu ugurdaky tejribelerini Türkmenistan bilen paýlaşyp biler diýdi.
1995-nji ýylda döredilen we hazir 153 agzasy bolan Bütindünýä söwda guramasy halkara söwdany liberallaşdyrmagy maksat edinýär. Bu gurama agza bolmak üçin arza beren ýurtdan ykdysadyýetini liberallaşdyrmak, kanunçylygyny kämilleşdirmek we maliýe sistemasyna aç-açanlyk getirmek talap edilýär.
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan Bütindünýä söwda guramasyna 1998-nji ýylda kabul edildi. Özbegistan bu gurama goşulmak üçin 1994-nji ýylda, Täjigistan bolsa 2001-nji ýylda arza berdi. Gazagystanyň bolsa bu gurama goşulmak üçin ýakyn geljekde ÝB bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.
Şertnama ýok
Şeýlelikde, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrosonyň Türkmenistana saparynyň barşynda gaz söwdasy meselesinde anyk bir ylalaşyk baglaşylmady. Emma onuň Bakuwa saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjan tebigy gaz söwdasy barada uzak möhletleýin ylalaşyga gol çekdiler.
Bakuwda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda, Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigine «uzak möhletiň dowamynda köp möçberde» gaz satmaklyga borçlandy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Bakuwda gol çekilen bu ylalaşygy «düýpli öňegidişlik» diýip atlandyrdy.
Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kubmetre golaýdygyny yglan edýär. Ol geljekde her ýyl 230 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürmegi we onuň 180 milliard kubmetrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.