Anna güni Gazagystanyň parlamenti prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 2020-nji ýyla çenli saýlawsyz prezidentlik wezipesinde galmagy barada Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek baradaky kanuny tassyklady.
Täze kanun Nazarbaýewiň prezidentlik wezipesiniň möhletini uzaltmak üçin referendum geçirmäge esas bolýar. “Sebäbi gazagystanlylaryň 5 milliondan köprägi referendum geçirmek baradaky inisiatiwany, şeýle-de Nazarbaýewe «Elbasy», ýagny «Ilbaşy« adyny bermek barada Konstitusiýa goşmaça söz girizmek ideýasyny goldady” diýip, Gazagystanyň parlamentiniň başlygy Ural Muhamedjanow aýdýar.
Mundan bir gün öň Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň saýlawçylarynyň deň ýarysyndan köpüsiniň Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak barada referendum geçirmek ideýasyny goldaýandygyny yglan etdi.
Şol inisiatiwany goldaýan toparyň lideri Anatoliý Başmakow onuň ilatyň arasynda uly gyzyklanma döredendigini, saýlawçylaryň ýarpysyndan köpüsiniň hökman referendum geçirmeli diýip, bu çagyryşyň aşagynda gol goýandygyny aýdýar.
Gazagystanda Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentligini referendum arkaly ýene-de 10 ýyl uzaltmak ideýasy mundan bir aý öň orta atylypdy.
Demokratik döwletler oňlamaýar
ABŞ-nyň Gazagystandaky öňki ilçisi Riçard Hougland bu ideýa «demokratiýadan yza gaýdyşlyk» diýip, baha berdi. Emma Gazagystanyň Mejlisiniň deputaty Rozagul Halmuratow amerikaly ilçiniň pikirine goşulmaýandygyny aýdýar”.
“Biziň işimize hiç kimiň goşulmaga haky ýok. ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisi Riçard Hougland başga bir dowletiň ilçisiniň orunbasarlygyna bellendi. Demokratiýadan hiç hili yza gaýdyşlyk bolmady. Bu biziň içki işimiz. Halkyň islegi” diýip, Rozagul Halmuratow aýdýar.
1989-njy ýyldan bäri Gazagystana baştutanlyk edip gelýän Nursoltan Nazarbaýew geçen hepde bu inisiatiwany kabul etmedi.
Nazarbaýewiň bu ädimini ABŞ-nyň häzirki ilçisi Jon Ordweý hem goldap, şeýle diýdi: “Gazagystanyň halky Nursoltan Nazarbaýewiň taryhy zähmetini puja çykarjak karary kabul etmese, gowy bolardy”.
Gazagystanly syýasaty öwrenijiler we oppozisiýa wekilleri ýurduň Baş kanunyna islendik wagtda islendik görnüşde uýtgetme girizmegiň mümkindigine düşünmeýändiklerini aýdýarlar.