Dünýäniň ykdysady ýagdaýy başdan geçirilen krizisden soňra, şu ýylyň we geljek ýylyň dowamynda ýuwaş hem bolsa, ygtybarly dikeliş ýolundan barar. Munuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň ýarsyndan gowragy ösýän ýurtlaryň paýyna düşýär diýlip, Bütindünýä Bankynyň “Global ykdysady perspektiwalar 2011” atly hasabatynda nygtalýar.
Bütindünýä Bankynyň hasaplamalaryna görä, 2011-nji ýylda global derejede jemi öndürilýän içerki önümiň görkezijisi geçen ýylka garanyňda peselip, 3,3 prosent bolar. 2010-njy ýylda bu görkeziji 3,9 prosente deň bolupdy. Çaklamalara görä, 2012-nji ýylda jemi öndürilýän içerki önümiň görkezijisi 3,6 prosent bolar.
Hasabatda bellenilmegine görä, ösýän döwletleriň 2010-njy ýyldaky ösüşi 7 prosente deň bolupdyr. Şeýle-de bu ösüşiň 2011-nji ýylda 6 prosent, 2012-nji ýylda bolsa 6,1 prosent bolmagyna garaşylýar. Bu hem öz gezeginde ýokary girdejili döwletleriň 2010-njy ýyldaky 2,8 prosent, 2011-nji ýylda 2,4 prosent we 2012-nji ýyl üçin 2,7 prosent ösüşi bilen deňeşdirlende ösýän döwletleriň ösüş depgininiň üstün çykmagyna getirýär.
Bütindünýä Bankynyň hasabatynda berilýän magluamtlara görä, 2010-njy ýylda Ermenistanda, Azerbaýjanda, Belarusda, Gürjüstanda, Orsýetde, Türkmenistanda, Özbegistanda ymykly ykdysady ösüş regiondaky ortaça görkezijiden ýokary bolupdyr.
GDA döwletleri esasan çig malyň hasabyna ösýärler
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň, hususanda Orsýetiň, Ukrainanyň we Özbegistanyň ykdysadyýeti esasan uglewodorod serişdeleriniň we metalyň eksport bahalarynyň ýokary bolmagyna esaslanar.
Türkmenistanyň ösüşine hem eksport faktory möhüm täsir eder, emma Azerbaýjanyň ösüşi togtar diýlip, çak edilýär. Orsýetiň jemi öndürýän önüminiň görkezijisiniň bu ýyl 2010-njy ýyldaky 3,8 prosentden 4,2 prosente çenli ýokarlanjakdygy öňe sürülýär.
Gazagystanyň bank pudagyndaky problemalar sebäpli onuň karz pulunyň artmagy netijesinde ýurtda krizisden soňky dikeldişiň haýal boljakdygy çak edilýär.
Orsýetiň ykdysadyýetiniň ýokarlanmagynyň GDA-nyň düzümindäki ýurtlarda ykdysadyýetiň janlanmagyna getirjekdigi aýdylýar. Munuň sebäbi Orsýetiň möhüm eksport bazarydygy we migrantlaryň gelmegi bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýdan Ermenistanyň, Moldowanyň we Täjigistanyň hem peýda gazanjakdygy Bütindünýä Bankynyň hasabatynda bellenýär.
Eýranyň ykdysadyýetiniň üzňelikdedigi sebäpli ýurduň ösüşiniň gowşak bolmagyna garaşylýar. 2010-njy ýylda Eýranyň jemi öndürýän içerki önüminiň görkezijisi 1,5 prosent bolupdy.
Wideo: “Global ykdysady perspektiwalar 2011” (Bütindünýä Banky)