Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekin Merkezi Aziýada assyrynlyk bilen iş alyp barýar


Hytaýyň prezidenti Hu Sintao (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwada, 17-nji iýun, 2009-njy ýyl.
Hytaýyň prezidenti Hu Sintao (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwada, 17-nji iýun, 2009-njy ýyl.

Merkezi Aziýada täsir üçin bäsleşik edýän uly güýçleriň arasynda assyrynlyk bilen sistemalaýyn iş alyp barýany hem-de iň howplusy Hytaý.

Barha ösýän ykdysadyýetini, artýan ilat sanyny, energiýa bolan mätäçligini nazara alanyňda, geljekki energiýa howpsuzlygy, giňän söwda we biynjanlyk Uýgurystany howpsuzlandyrmak üçin Hytaýa Merkezi Aziýa gerek.

Birleşen Ştatlaryň we belli bir derejede-de Orsýetiň tersine Hytaý syýasy talap goýup, regionyň awtoritar režimlerini tankytlanok. Ol öz maksatlarynyň we pozisiýasynyň nämedigini-de bildirenok. Merkezi Aziýa ýurtlarynda, mysal üçin Gyrgyzystanda bolan aprel rewolusiýasy ýaly wakalara Obama bilen Putin reaksiýa görkezseler, Hytaý öz hakyky maksadyndan gözüni sowman, dymýar. Ol regionyň garyp ýurtlaryndan çig mal alyp, olara ýeňil kredit bermek syýasatyny erjellik bilen dowam etdirýär.

“Diňe pul barada”

“WikiLeaks” tarapyndan neşir edilen bir dokumentde Hytaýyň Gyrgyzystandaky ilçisiniň ol ýerdäki amerikan ilçisine aýdyşy ýaly, ähli zat demokratiýa, ösüş ýa aç-açanlyk däl-de, diňe pul barada. Bu tutum hem Merkezi Aziýanyň awtoritar prezidentlerine tüýs gerekje zat. Mysal üçin, olar 2005-nji ýylda Andijan gyrgynçylygyndan soň, Birleşen Ştatlardan tapwutlylykda, Hytaýyň özbek prezidenti Yslam Kerimowy doly goldandygyny gördüler.

2004-nji we 2005-nji ýyllarda Özbegistan bilen Birleşen Ştatlaryň aragatnaşygynyň sowamagy Daşkent bilen Pekiniň ykdysady gatnaşygyny güýçlendirdi. 2005-nji ýylda Hytaý Özbegistan bilen maýa goýumlary, kredit we beýleki işler üçin takmynan 2 milliard dollarlyk şertnamalara gol çekişdi.

Hytaýyň öz içinde azlyk bolup ýaşaýan etniki uýgurlar barada alyp barýan syýasatyny Merkezi Aziýanyň awtokratlarynyň goldamagyna sebäp bolýan şular ýaly syýasat. Uýgurlar Hytaýyň Sintzýan welaýatynda, şeýle hem Merkezi Aziýanyň üç ýurdunda ýaşaýar. Resmi maglumatlar boýunça, Gazagystandaky uýgurlaryň sany 210 müň töweregi. Özbegistanda 46 müň, Gyrgyzystanda hem 30 müň uýgur ýaşaýar. Bularyň Sintzýanda giňräk özygtyýarlylyk üçin onlarça ýyl bäri göreşip gelýän uýgurlar bilen berk arabaglanyşygy bar. Ýöne Pekin öz syýasaty bilen bu uýgurlaryň bärdäky döwletlerden kömek almak umydyny puja çykardy.

Energiýa bähbitleri

Merkezi Aziýa Hytaýa energiýa howpsuzlygy üçin hem möhüm. Ol regionyň garyp, garyplykdan hem ýamany ýaramaz dolandyrylýan ýurtlaryna ýeňil kredit berip, onuň öwezine çig mal almak strategiýasyny ýöredýär. 2009-njy ýylda Gazagystan öz ykdysadyýetini güýçlendirmek üçin Pekinden 10 milliard dollar karz pul aldy. Edil şol wagt hem Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky nebitgeçiriji gurlup tamamlandy.

Ýagdaý Türkmenistanda hem şeýle. Bu ýerde Hytaý Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny öz eline almaga synanyşýar. Hytaýyň berýän maglumatyna görä, oňa 2020-nji ýyldan beýläk ýylda 200 milliard kubometr tebigy gaz gerek. Öz içinden önjek gaz bolsa, 120 kubometr. Pekin munuň üstüni Türkmenistan ýetirer diýip, umyt edýär. Ol ýylda 40 milliard kubometr gaz almak barada Türkmenistan bilen eýýäm şertnama baglaşdy.

Hytaý Gyrgyzystana hem Merkezi Aziýa we öňki sowet giňişligi bilen öz söwdasyny artdyrmak üçin bir strategik baza diýip garaýar. Ýöne Merkezi Aziýada adamlary aladalandyrýan bu ýerde hytaýlylaryň sanynyň gitdigiçe artýanlygy.

Ýaňy bir okyjy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň saýtynda: “Biz gaty ägä bolmaly. Biziň üstümize Hytaýyň bir welaýaty bolmak howpy abanyp dur” diýip ýazdy.

Çolpon Orozobekowa Ženewada ýaşaýan gyrgyz žurnalisti, BBC radiosynyň, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň, Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň öňki žurnalisti, “De Facto” gazetiniň öňki baş redakory. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG