Belli türkmen kompozitory Çary Nurymow biziň aramyzda gezip ýörenliginde, bu täze ýylda 70 ýaşynyň toýuny toýlardy. Sebäbi, resmi maglumata görä, ol 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Azat obasynda dünýä indi diýlip görkezilýär.
Ol at-abraýy ýurduň çäginden daşary çykan, örän ukyply kompozitor bolup, ululy-kiçili ençeme saz eserleriniň awtorydyr. Onuň hyzmatyna öz wagtynda örän ýokary baha berildi. Ol bütin SSSR-de tanalýan adamlaryň biridi hem öz döwründe ähli ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolupdy.
Türkmen sowet ensiklopediýasynda aýdylyşy ýaly, ol Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň hem-de SSSR-iň Lenin komsomoly baýraklarynyň laureaty, TSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty. TSSR Kompozitorlar soýuzynyň başlygy, SSSR Kompozitorlar soýuzynyň sekretary, SSSR Sazçylyk fondunyň agzasy boldy.
Çary Nurymow 1964-nji ýylda Moskwanyň sazçylyk-pedagogik institutyny gutardy. Köplenç konsert programma esaslanýan instrumental saza ýykgyn edip, simfoniki we teatr-balet sazlarynyň ençemesini döretdi. Ol “Epgegiň tepbedi”, “Bakylyk”, “Köýten nalasy” ýaly meşhur baletleriň sazyny ýazdy. Onuň Hindistanyň görnükli döwlet işgäri Indira Gandiniň hatyrasyna kamera saz gurallary üçin döreden eseri SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Döredijilik ýoly
Hidaýberdi Hally, ýazyjy
Çary Nurymow öz kärdeşi Nury Halmämmedow bilen ýaşytdaş hem ykbaldaşdyr. Olar belli bir wagtda Baýramaly şäherindäki Çagalar öýünde terbiýelenipdirler. Ol ýerde hem saz mugallymasy Olga Alekseýewna Kriwçenko duşýarlar. Bu ynsanyň hyzmaty bilen Nury Halmämmedowda, Durdy Nuryýewde hem Çary Nurymowda fortepiano sazlaryna bolan çuňňur söýgi oýanýar. Olarda dünýäniň klassyky sazlaryna bolan söýgüniň başlangyjyny hut şol saz mugallymasy oýarýar.
70-nji ýyllaryň başynda Ç.Nurymow Gyrgyzystanyň Kompozitorlar bileleşiginiň haýyşy bilen gyrgyz halkynyň gahryman ogly Çolponbaý Tüleberdiýewe bagyşlap, “Bakylyk” atly baletiň sazyny ýazýar. Ömrüniň soňky günlerinde bolsa 3-nji simfoniýasyny tamamlady. Ol bu eserine “Mary Şahu Jahan” diýip, at goýupdyr. Eser 1221-nji ýylyň mart aýynda Marynyň mongol goşuny tarapyndan basylyp alynmagyny, onuň talanmagyny hem ýumrulyşyny beýan edýär. Bu şäher bary-ýogy sekiz günüň içinde ýer bilen ýegsan edildi, gaýdyp dikeldip bolmajak derejede ýumruldy hem talandy. Gündogaryň uly medeni merkezi gorkaklygyň hem ukypsyzlygyň pidasy boldy. 3-nji simfoniýada şol pajygaly pursatyň beýany bar. Eser erkek adamyň nalasy bilen tamamlanýar. Ol erkek adamyň çekýän nalasy arkaly Watanyň ýumrulyşyny görkezýär. Onuň yzyndan bolsa Gurhany kerim okalýar.
Çary Nurymow ýogalyp, aradan birki ýyl geçenden soň, belli dirižýor hem kompozitor Nury Muhadow: “Çary türkmen halkynyň XX asyrdaky iň soňky simfoniýasyny ýazyp, onuň töwirini hem okap gidipdir” diýdi.
Bu hakykatdanam hut şeýle bolup çykdy.
Sungatyna mynasyp adamkärçilik
Balbaý Alaguşow, Gyrgyzystanyň Medeniýetde at gazanan işgäri
Merhum Çary Nurymow ýigidiň gülüdi. Takdyr diýleni daş bagyr bolar ekeni, ol ýetmişe ýetmän gitdi. Men Çary diýlende türkmen sazlaryny göz öňüne getirýärin, gyrgyz sazy barada söz açylanda-da, gep-gürrüňsiz Çaryny göz öňüne getirýärin. Ol adamda sungatyna mynasyp adamkärçilik bardy, ulyny hormatlaýan, kiçini sylaýan adamdy. Ol talantynyň dolup-daşyp, gülläp duran uçurlarynda Gyrgyzystana gelip, balet ýazdy, birnäçe aýdymlar döretdi.
Hawa, “Ölmezlik” diýen baleti döretdi. Ol balet gyrgyzyň baky gahrymany Çolponbaý Tüleberdiýewe bagyşlanýar. Ol geçen Jahan urşunda özleriniňkä ýol açmak üçin, öz kükregi bilen duşmanyň pulemýotynyň öňüni ýapan gahrymandy. Çary Nurymowyň ol hakda döreden eseri bu günki günem öz möhümligini ýitirenok. Opera we balet teatrynyň sahnasyndan düşmän gelýär. Köp ýyllap ol gyrgyz tomaşaçylaryna görkezilip gelindi.
Ondan başga-da Çary Nurymow biziň sazandalarymyzyň ýazan sazlaryna maslahatlar berdi. Gyrgyz bilen türkmen owaldan bir dogan, bir atadan, bir eneden doglan ýaly bolup geldiler. Gyrgyzyň sazlary, türkmeniň sazlary il-güni ýaly meňzeş.
Eger-de Çary Nurum öz 70 ýyllygyny görse, nähili gowy bolardy! Ölüm aýdyp gelmeýär. Ol ýaş wagtynda biziň aramyzdan gitdi. Ne çärämiz bar?! Takdyr diýleni şeýle ekeni. Ýöne gyrgyz saz sungaty üçin, türkmen saz sungaty üçin Çary ölmez-ýitmez eserleri galdyryp gitdi. Şonuň bilen onuň ady hem şöhraty öçmez diýip, men oýlanýaryn.
Men Çaryny hemişe görmek isledim, ýatladym. Türkmenistana baranymda, Moskwada duşanymyzda, bir dogan ýaly bolup, duşuşyp, görşüp gezdik. Onuň ýatan ýeri rahat bolsun! Behişdiň töründen orun alsyn!
Çary Nurum meniň aňymda şeýle galdy
Ýowşan Annagurban, ýazyjy, žurnalist
Bir gezek “Edebiýat we sungat” gazetinde işleýärkäk, kompozitorlar hakda, umuman, saz sungaty hakda bir söhbetdeşlik guramak üçin, ýazyjy Annaguly Nurmämmet bilen Çary Nurumyň öýüne bardyk. Metbugat öýüniň golaýynda beýleki ýönekeý adamlaryňky ýaly, kiçijek kwartirasy bar eken. Çary Nurum bizi güler ýüz bilen garşylady. Öz eli bilen çaý guýup berdi. Biz o wagt ýaş žurnalistlerdik, ýaş ýazyjylardyk. Emma ol şo at-abraýy bilen, şo tanymallygy bilen özüne hiç hili kiçilik bilmän, biz bilen oturyp, ep-esli wagt gürrüň etdi.
Şonda men döredijilik adamsynyň, umuman, şeýle sazlary döredýän adamyň adamçylyk gorunyň çäksizligi barada, adamçylyk gorunyň ululygy barada pikir etdim şo ýerde.
Şol görnüşinde-de Çary Nurum meniň aňymda, ýadymda galdy. Daşary ýurtlara çykanymyzdan soň, beýleki kompozitorlaryň eserleri bilen Çary Nurumyň eserlerini, sazlaryny hem diňläp, ýurda bolan teşneligimizi gandyrjak bolduk.
Ýöne Çary Nurum aramyzdan gaty biwagt gitdi, hatda biz onuň nähili ýogalanynam, nädip ýogalanynam bilmän galdyk. Şol başagaýlyk döwürde onuň bagyrdanmy, ýürekdenmi keselländigini soň eşitdik. Türkmene şeýle sazlary beren adamyň gerekli derejede bejergem alyp bilmän ýogalanyny soň bilip galdyk. Bu, elbetde, türkmeniň öňki armanlarynyň dowamy boldy.
Elbetde, Türkmenistanda öz halkyna hyzmat eden adamlaryň, öz halkyna ýüregi, aňy, namysy bilen hyzmat eden adamlaryň ölenden soň käbir halatda metbugatda ýatlanmaýandygyny aýdýarlar. Şolaryň ölümi ýa belli seneleri hakda habar berilmeýändigini aýdýarlar. Ýöne Çary Nurum ýaly halkyna eser galdyryp bilen adamlar hiç wagt unudylmaz. Onuň ýaly adamlar öz eserleri bilen halkynyň aňynda, halkynyň ýanynda agyr günde-de, ýeňil günde-de hemişe durlar. Olary hemişe bilýän adamlar bolar. Şonuň üçin türkmen ýaşasa, Çary Nurum ýaly eser döreden adamlar türkmen bilen bile ýaşar diýip, pikir edýärin. Şoňa ynanýan.

Çary Nurymow ululy-kiçili ençeme saz eserleriniň awtorydyr.