Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Milli howpsuzlygy goraýjylar milli howp"


Oşdan gelen arzalar boýunça ýekje-de jenaýat işi açylmandyr.
Oşdan gelen arzalar boýunça ýekje-de jenaýat işi açylmandyr.
Gyrgyzystanly adam hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, tussaglary gynamalara sezewar etmek ýurduň hukuk tertibini goraýjy organlarynda adaty bir däbe öwrülip barýar. 2010-njy ýylda adam hukuklaryny goraýjylar gynamalara sezewar edilen 300 adam baradaky faktlary anyklapdyrlar.

Çarşenbe güni gyrgyzystanly adam hukuklaryny goraýjylar «Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organ işgarleri döwletiň milli howpsuzlygyna howp salýan güýje öwrülip barýarlar» diýen beýanat bilen çykyş etdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy Sardor Bagişbekowyň sözlerine görä, soňky bäş ýylyň dowamynda Baş prokuratura gynamalar barada 778 arza düşüpdir. 2010-njy ýylda bolsa Baş prokuratura, Içeri işler ministrligi we Milli howpsuzlyk gullugynyň işgarleri tarapyndan gynamalara sezewar edilenler hakda 97 sany arza duşupdir. Arzalaryň uly bölegi Oşdan.

Emma Baş prokuratura 778 arzadan diňe 91 sanysy, 97 arzadan hem diňe 11 sanysy boýunça jenaýat işini açypdyr. Belläp geçmeli ýagdaý: açylan jenaýat işleri diňe Bişkek, Yssyk köl we Çuý welaýatlaryna degişli. Oşdan gelen arzalar boýunça ýekje-de jenaýat işi açylmandyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň sözlerine görä, beýle ýagdaý döwletiň milli howpsuzlygyna howp salýar. Çünki adamlary gynamalara sezewar etmek bilen günäsiz adamlary mejbury jenaýatça öwürýärler. Hakyky jenaýatçylar bolsa azatlykda galýarlar.

Gyrgyzystanyň adam hukuklaryny goraýjylarynyň biri Aziza Abdurasulowa, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň bu iş usulyny tankytlap, 29-njy noýabrda Oşda bolan bir wakany ýatlaýar: “Şol gün Milli howpsuzlak gullugynyň işgärleri Oşuň Majrimtal mähellesiniň ymamy Farhod Nurmatowyň öýüne dökülip, dört adamy terrorçy hökmünde atyp öldürdiler”.

“Günäsiz tutulsa, günäli sypýar!”

Abdurasulowanyn sözlerine göra, aslynda bu waka başgaça bolup, Milli howsuzlyk gullugy bu wakany ýörite gurnapdyr. Ol bu barada şeýle diýýär: “Bu waka barasynda hakykaty eşitseňiz, geň galarsyňyz. Bu waka şaýat bolanlaryň howpsuzlygynyň aladasyny edip, ol hakda entek bar hakykaty aýdyp bilmeýäris. Aýdyp bilaýjek zadymyz – bu ýörite gurnalan waka!”

Gyrgyzystanly adam hukuklaryny goraýjy Aziza Abdurasulowa sözüne şeýle dowam edýär: “Milli howpsuzlyk gullugy diňe öz içki bähbitleri üçin şeýle wakalary gurnaýar. Günäsiz adamlar terrorçy diýlip atlandyrylyp, hakyky terrorçylar öz işini dowam etdirýarler”.

Bişkekli adam hukuklaryny goraýjylar 2010-njy ýyldaky aprel wakalaryndan soň hem Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugy we Içeri işler minisrliginiň iş usulynyň üýtgemän gelýändigini aýdýarlar.

Emma Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrliginiň resmileri adam hukuklaryny goraýjylaryň beýle tassyklamalaryny inkär edýärler. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary Marat Imankulow ýurtda terrorçylar toparynyň hakykatdan bardygyny boýun alsa-da, tussaglaryň gynalýandygyny inkär edýär.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Zarylbek Rysalyýew, umuman, tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigine ynanmaýandygyny aýdýar. Zarylbek Rysalyýew bu barada şeýle diýýär: “Terrorçylar bilen ekstremistleri gynap, olaryň jenaýatlaryny boýnuna goýup bolmaýar. Şonuň üçinem men “olar gynamalara sezewar edilýärler” diýilýän gep-gürrüňlere ynanmaýaryn”.
XS
SM
MD
LG