Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: hasyl boýunça jemler


Türkmenistanda inçe süýümli pagtanyň dört sorty öndürildi. Olar Mary we Ahal welaýatlarynda 27 müňden gowrak gektar ýerde ýetişdirildi.
Türkmenistanda inçe süýümli pagtanyň dört sorty öndürildi. Olar Mary we Ahal welaýatlarynda 27 müňden gowrak gektar ýerde ýetişdirildi.
2010-njy ýylda Türkmenistan 1,5 million tonna bugdaý we 1,3 million tonna çig pagta hasylyny öndürdi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan ýaýradylan bu sanlary halkara habar agentlikleri 4-nji ýanwarda köpçülige ýetirdiler.

Galla ekilen 860 müň gektar ýerde “Ýolöten-1”, “Sähraýy”, “Juwan” ýaly amatly sortlaryň öndürilenligi, emma ekin meýdanlarynyň esasy böleginde Belarusdan getirilen we Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine gabat gelen “Batko” we “Ýubileýnaýa-100” atly ýokary hasylly sortlaryň ýetişdirilenligi habar berildi.

Türkmenistanda pagta üçin ekin meýdanlarynyň 550 müň gektardan ybaratdygy we şu ýyl pagtanyň önümliligi üçin howa şertleriniň amatly bolup, ekin meýdanlarynda dokuz sany orta süýümli sortuň öndürilenligi Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Habar agentlikleri tarapyndan ýaýradylan şol maglumata görä, iň köp ulanylan sort Türkmenistanyň “Ýolöten-7” atly sorty. Inçe süýümli pagtanyň dört sorty öndürildi. Olar Mary we Ahal welaýatlarynda 27 müňden gowrak gektar ýerde ýetişdirildi.

Hasyl kopelýärmi?


“Reuters” agentligi, Türkmenistanyň hökümet wekiline salgylanyp, amatly howa şertleriniň Türkmenistanyň 2010-njy ýyla planlaşdyran 1 million tonnadan sähel gowrak hasylyna derek 1 million 300 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagyna mümkinçilik berenligini habar berdi.

Türkmenistanyň pagta hasyly 2007-nji ýylda 950 müň tonnadan, 2008-nji ýylda 1 million tonnadan ybarat bolupdy. 2009-njy ýylda pagta hasyly boýunça resmi statistikanyň berilmänligini, emma ABŞ-nyň Pagta boýunça Milli geňeşiniň maglumatyna görä, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň 1,1 million kip pagtany eksport edip, dünýä boýunça pagta eksport ediji ýurtlaryň arasynda 6-njy orny eýelänligini habar berilýär.

“Kazah-Zerno” informasion agentliginiň maglumatyna görä, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň galla we pagta hasyly 1,2 million we 1 million 220 müň tonnadan ybarat bolupdy. Emma “Reuters” agentliginiň maglumatynda bellenişine görä, Türkmenistanyň resmi sanlary köplenç elýeterli däl, berilýän sanlara bolsa garaşsyz ykdysadyýetçiler tarapyndan şübheli garalýar.

Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrliginiň pagta we galla hasyly boýunça beýannamasy täze ýylyň başynda halkara informasion agentlikleri tarapyndan ýaýradyldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň öz resmi internet saýtynda hasyl boýunça maglumat ýerleşdirilmedi. Ministrligiň özünden hem maglumat almak başartmady.

Informasiýadan daşda

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň ýapyklygyna pudagyň zähmetkeşleri hem ünsi çekýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan tejenli agronom Akmyrat Ataýew aýdyňlygyň ýoklugynyň daýhanlaryň işine böwet bolýanlygyny aýtdy.

Daýhan A.Ataýew: “Esasan hem dokument, buhgalteriýa, hasabat işlerimiz pes derejede alnyp barylýar. Iş şertnamalary hem görkezilenok kärendeçilere. Şernamasyny görmese, ol özlerine birilmese, nädip işlesin adamlar?” diýip, öz pikirini aýan edýär.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirýär: “Hiç bir normatiwler, ynha aýdaly, döküniň bahasy, tehnika işleriniň bahalary kärendeçileriň göräýjek ýerlerinde asylyp goýlanok, bu barada hiç zat aýdylanok. Informasiýadan daşda, hasap-hesipden daşda galýar halk. Oba hojalygyna iň esasy gerek zat – hasap-hesipdir”.

27-nji dekabrda Türkmenistanyň hökümetiniň ýylyň jemleri boýunça geçiren maslahatynda ýurduň prezidentiniň amala aşyrýan düýpli reformalary netijesinde oba hojalygy pudagynyň çynlakaý öňegidişlikleri gazananlygy nygtaldy we döwletiň agrosenagat kompleksi boýunça mundan beýläk-de yzygiderli alada edip, düýpli çäreleri amala aşyrmakçydygy yglan edildi.
XS
SM
MD
LG