Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz mugallymlarynyň närazylyk çäresi


Mugallymlar aýlyklaryny galdyrmak boýunça bäş talapdan ybarat haty hokümete tabşyryp, hökümete bu meseläni çözmek üçin bir aý möhlet berdiler.
Mugallymlar aýlyklaryny galdyrmak boýunça bäş talapdan ybarat haty hokümete tabşyryp, hökümete bu meseläni çözmek üçin bir aý möhlet berdiler.
Gyrgyzystanly mugallymlar iş hakyny galdyrmak baradaky talaplary ýerine ýetrilýänçä, närazylyk çärelerini dowam etdirjekdiklerini bildirdiler. Olar mugallymlaryň iş hakynyň 6,800 somdan, ýagny 150 amerikan dollaryndan az bolmazlygyny talap edýärler.

Gyrgyzystanyn bilim işgärleriniň respublikan komitetiniň başlygy Asylbek Togtagulow mugallymlaryň talaplarynyň kanunydygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, 2008-nji ýylda mugallymlaryň aýlyklary asla galdyrylmandyr. Şol sebäpli olaryň aýlyklaryny 30% galdyrsaň, onda býujetdäki beýleki edaralaryň işgärleriniň aýlygyna deň boljak we şonda onuň 13%-e çenli galdyryldygy bolýar.

“Biz häzir kanunyň ýerine ýetirilmegini talap edýäris. 2003-nji ýylda «Bilim bermek barada kanun” kabul edildi. Onuň 38-nji bendinde mugallymlaryň aýlygy respublikadaky ortaça aýlykdan az bolmaly däl diýlip ýazylan. Orataça aýlyk bolsa 6,832 soma, ýagny 150 dollara deň” diýip, Gyrgyzystanyn bilim işgärleriniň respublikan komitetiniň başlygy Asylbek Togtagulow aýdýar.

29-njy dekabrda parlamentde Gyrgyzystanyň bilim ministri Kanat Sadykow mugallymlaryň aýlygyny galdyrmak boýunça edilýän işler barada maglumat berdi. Ministr, eger býujetde mugallymlaryň aýlygyny galdyrmaga harajat tapylsa, olaryň talaplarynyň 1-nji martdan doly ýerine ýetriljekdigini, oňa çenli-de, eger-de mugallymlar ylalaşsalar, aýlyklarynyň 30% galdyryljakdygyny aýtdy.

“Pul ýok”

Emma Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda häzirki wagtda mugallymlaryň aýlyklaryny galdyrmaga mümkinçiligiň ýokdugyny öňe sürdi.

“Her zady ýedi ölçäp, bir kesmeli. Häzir galdyrarys, hemmamize gowy bolar diýip bolanok. Mugallymlaryň graždanlyk duýgusynyň oýanyp, öz hukuklaryny talap edýändiklerine guwanýaryn. Emma biziň halkymyz sabyrly, düşünýän halk, onda-da mugallymlar” diýip, ýurduň hökümet ýolbaşçysy Almazbek Atambaýew aýdýar.

Soňra premýer sözüne şeýle dowam edýär: “Mugallymlaryň aýlygyny galdyrmak üçin puly nireden almaly? Pensionerleriň pulundanmy ýa-da maýyplaryňkydanmy? Diňe mugallymlaryňky däl, medisina işgarleriniňki-de şonuň ýaly. Biz bu meseläni gowuja öwrenip, soň bir netijä geleris”.

Gyrgyzystanly mugallymlar hökümetiň öz aýlyklaryny galdyrmak barada alada edýändigine kän bir ynanmaýarlar. Bilim işgärleriniň respublika boýunça komitetiniň başlygy Asylbek Togtagulowyň pikirine görä, aýdylan sözleriň howaýy bolmazlygy uçin olary tassyklaýan dokumentlere gol çekilmeli.

Jalalabatda başlanypdy

Bütin respublika boýunça dowam edýän mugallymlaryň närazylyk aksiýalary ilki Jalalabat welaýatynda başlanypdy. Jalalabatly mugallym Halyl Garabaýew mugallymlaryň çykgynsyz ýagdaýa düşenden soň, närazylyk çäresine çykmaga mejbur bolandyklaryny belleýär.

“Biz närazylyk aksiýamyza 25-nji maýdan, ýagny ekzamenleri almazdan öň, başlamakçydyk. Emma Roza Otunbaýewa aýlyklaryňyzy galdyrarys diýip, wada berip gitdi. Soňra awgustdaky konferensiýamyzda hem hökman galdyrarys diýdi. Biz garaşdyk. Emma aýlygymyzy galdyrmadylar. Biz aksiýa çykmaga mejbur bolduk” diýip, Halyl Garabaýew aýdýar.

Mugallymlar aýlyklaryny galdyrmak boýunça bäş talapdan ybarat haty hokümete tabşyryp, hökümete bu meseläni çözmek üçin bir aý möhlet berdiler. Eger-de talaplary ýerine ýetrilmese, iş taşlajakdyklaryny mälim etdiler.

Emma gyrgyz hökümeti mugallymlaryň talabynyň ýerine ýetrilmeginiň mümkin däldigini aýdýar. Şol bir wagtda-da gyrgyzystanly mugallymlar hem öz sözlerinden dänmejege meňzeýärler.
XS
SM
MD
LG