ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa syýasaty boýunça wekili Stefen Boswort Koreý ýarymadasynda dörän dartgynly ýagdaýlary kadalaşdyrmak meselesini maslahatlaşmak üçin Günorta Koreýa bardy.
"Biz bärde Demirgazyk Koreýa boýunça maslahat bereris we öz pozisiýamyzy utgaşdyrarys. Biz Demirgazyk Koreýa meselesine çemeleşilende ylalaşygyň islendik strategiýanyň özeni bolmalydygyna ynanýarys. Şeýle-de biz bulary mümkin boldugyçya tiz wagtyň içinde amala aşyrmaga synanyşarys” diýip, Boswort çykyş etdi.
Stefen Boswortyň Seulda geçirjek gepleşikleriniň dowamynda Phenýanyň ýadro programmasy boýunça iki Koreý döwletiniň, Hytaýyň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň we Ýaponiýanyň gatnaşmagyndaky alty taraplaýyn gepleşiklere täzeden başlamak meselesine hem üns berilmegine garaşylýar.
Seuldaky gepleşiklerden soň Stephen Boworth Pekine, soňra bolsa Tokio sapar edýär.
Geçen ýylyň noýabrynda Demirgazyk Koreýanyň Günorta Koreaýanyň adalaryny top okuna tutmagy, şeýle-de Phenýanyň urany baýlaşdyrmak programmasynyň ýaýbaňlanmagy uly howatyrlanmalary döretdi.