Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewralynda Türkmenistanda bir partiýaly sistemanyň soňunyň gelýändigini, ýagny şu ýyl ikinji bir syýasy partiýanyň hem hasaba alnyp bilinjekdigini aýtdy. Biraz soň, maý aýynda bolsa ol bu sözüni has-da anyklaşdyrdy we türkmen mejlisine syýasy partiýalar baradaky kanuny taýýarlamagy tabşyrdy.
Şeýle-de Berdimuhamedow türkmen metbugaty baradaky tankydy pikirlerini bu ýyl hem gaýtalady. Şol bir wagtda döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hususy neşiriniň çykyp başlamagyna bu ugurdaky gowy täzelik hökmünde habar berdi.
Bäherdende öz partiýasyny döretmek isleýän Sazak Durdymyradow prezidentiň syýasy partiýalary hasaba almak baradaky sözlerine guwançly seslenen graždan aktiwistleriniň diňe biri. Emma onuň öý telefony, daşary ýurt habar serişdelerinde pikirini aýdýan beýleki bir topar adamlaryňky ýaly, köplenç bagly boldy we onuň «Bähbit» partiýasynyň hasaba alnandygy eşidilmedi.
“Yzagaýdyşlyk boldy”
EurasiaNet.org internet saýtynda Türkmenistan barada hepdelik syn taýýarlaýan žurnalist Katrin Fitzpatrik Türkmenistanda ýylyň başynda ýaňzydylan hem bolsa, bu ýyl garaşsyz partiýanyň hasaba alynmandygyny, munuň Günbatar liderleri bilen boljak ýokary derejeli duşuşyklarda syýasy ynamdarlyk gazanmak üçin aýdylan zat bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Fitzpatrigiň pikiriçe, bu ýyl ýurtda liberallaşmadan geçen, reforma meselesinde yzagaýdyşlyk boldy. Ol bu sözüne delil edip Berdimuhamedowyň milli howpsuzlyk işgärlerine döwlete töhmet atýanlar diýilýänlere garşy barlyşyksyz göreşmek barada beren tabşyrygyny hem ýurda girip-çykmaga rugsat berilmeýän adamlaryň gara sanawyny mysal getirýär.
Ýerli synçylaryň käbiri syýasy reformalaryň haýallygyny adamlaryň Nyýazow döwründe salnan ýagdaýy, gorky faktory bilen düşündirmäge çalyşýar. Mysal üçin, tejenli agranom Akmyrat Ataýew adamlaryň başlyklardan ýönekeý hakyny talap etmegine hem köpçüligiň içinde bolmasyz zat hökmünde seredilýändigini aýdýar: «Biz şol ýolbaşçylaryň halamaýan zadyny etmeklige ýa diýmeklige dawakeş adamyň işi ýaly garaýarys».
Türkmenistanda häkimiýet çalşanda halkara hukuk guramalary syýasy tussag diýilýänleriň işine täzeden, açyk sudda garamaga we wyždan bendilerini azat etmäge çagyrypdylar. Emma, 2002-nji ýylda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanmakda aýyplanyp sud edilenleriň hossarlary 8 ýyl bäri öz türmädäki garyndaşlary barada hiç zat bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Başgaça garaýanlar
Emma döwrüň syýasy reformalar baradaky talabyna umumy howpsuzlyk we durnuklylyk nukdaý nazaryndan başgaça garaýanlar hem bar. Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň professory, syýasy ylymlaryň doktor Mehmet Seýfetdin Erol Türkmenistanyň geçiş döwrüni başdan geçirýändigini we bu hili pursaty kontrol astynda saklan liderleriň ýurtlarynda howpsuzlygy üpjün edip bilýändigini öňe sürýär.
«Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň başynda aýdan köppartiýaly syýasata geçiş we demokratiýalaşma bilen bagly reforma işleri, meniň pikirimçe, seresaply bir şekilde ilerleýär. Bu meselede ozaly ykdysady bazanyň güýçlendirilmegi, bilim, uniwersitetler babatdaky bir topar açylma geljekki ýyllara taýýarlyk ýaly görünýär» diýip, professor Erol aýdýar.
Eroluň pikiriçe, Türkmenistan bu meselede halkyň ýaşaýyş, bilim derejesini ýokarlandyrmazdan çynlakaý manydaky demokratik özgerişiň boljagyna ynanmaýar. Türkiýeli professor özüniň hem şu pikirdedigini aýdýar.
Ikinji tarapdan, halkara guramalary, şol sanda Birleşen Ştatlar ýaly demokratik ýurtlar Türkmenistan bilen syýasy reformalar baradaky diskussiýalary dowam etdirýärler. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýkiň Waşingtonda 16-njy dekabrda aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar bu ýyl türkmen hökümeti bilen syýasy reformalaryň depgini barada gowy diskussiýalary geçiripdir.
Robert Bleýk Türkmenistana hökümete degişli däl guramalaryň hasaba alynmak talaplary ýaly ugurlarda has giň açyklygyň peýdaly boljagynyň, munuň ýurtdaky ykdysady hem syýasy ösüşe itergi berjeginiň aýdylandygyny aýdýar.
Ykdysady Maglumat gullugynyň (Economist Intelligence Unit) 2010-njy ýyl boýunça Demokratik indeksinde Türkmenistan Azatlyk Radiosynyň gepleşik berýän sebitindäki ýurtlaryň içinde iň soňky, ýagny 165-nji orny eýeleýär we awtoritar režimli ýurtlara berilýän bahany alypdyr. Bu görkezijide Türkmenistanda aşakda diňe Çad bilen Demirgazyk Koreýa bar.
Şeýle-de Berdimuhamedow türkmen metbugaty baradaky tankydy pikirlerini bu ýyl hem gaýtalady. Şol bir wagtda döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hususy neşiriniň çykyp başlamagyna bu ugurdaky gowy täzelik hökmünde habar berdi.
Bäherdende öz partiýasyny döretmek isleýän Sazak Durdymyradow prezidentiň syýasy partiýalary hasaba almak baradaky sözlerine guwançly seslenen graždan aktiwistleriniň diňe biri. Emma onuň öý telefony, daşary ýurt habar serişdelerinde pikirini aýdýan beýleki bir topar adamlaryňky ýaly, köplenç bagly boldy we onuň «Bähbit» partiýasynyň hasaba alnandygy eşidilmedi.
“Yzagaýdyşlyk boldy”
EurasiaNet.org internet saýtynda Türkmenistan barada hepdelik syn taýýarlaýan žurnalist Katrin Fitzpatrik Türkmenistanda ýylyň başynda ýaňzydylan hem bolsa, bu ýyl garaşsyz partiýanyň hasaba alynmandygyny, munuň Günbatar liderleri bilen boljak ýokary derejeli duşuşyklarda syýasy ynamdarlyk gazanmak üçin aýdylan zat bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew ýurduň prezidentine özüniň ýolbaşçylyk edýän birleşmesiniň «Rysgal» atly gazetiniň ilkinji sanyny gowşurýar, sentýabr, 2010.
Şeýle-de ol «garaşsyz media» diýilýäniň hökümetiň kontrollugy astyndaky neşir bolup çykandygyny, ýagny onuň hökümet tarapydan döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň gazetidigini aýdýar.Fitzpatrigiň pikiriçe, bu ýyl ýurtda liberallaşmadan geçen, reforma meselesinde yzagaýdyşlyk boldy. Ol bu sözüne delil edip Berdimuhamedowyň milli howpsuzlyk işgärlerine döwlete töhmet atýanlar diýilýänlere garşy barlyşyksyz göreşmek barada beren tabşyrygyny hem ýurda girip-çykmaga rugsat berilmeýän adamlaryň gara sanawyny mysal getirýär.