Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş: Täze ýyl täze gorky getirýär


Oş: etniki bölünişigiň arasyndaky gatnaw
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:53 0:00

Gyrgyzystanyň günorta Oş regionynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli feýrwerk atyşlary, restoranlarda, barlarda we beýleki jemgyýetçilik nokatlarynda baýramçylyk dabaralaryny geçirmek gadagan edildi.

Oş regionynyň resmileri beýle berk çäreleriň girizilmegini howpsuzlyk meseleleri bilen delillendirýärler. Emma regionyň adaty raýatlary beýle çäreleriň kabul edilmeginiň nägilelikleri artdyrýandygyny nygtaýarlar. Şu ýylyň iýunynda bu regionda etnik gyrgyz bilen etnik özbekleriň arasynda ganly çaknyşyklar bolupdy.

Adynyň doly tutulmagyny islemedik Wenera atly zenan bu wakalar bilen baglylykda öz pikirini Azatlyk Radiosyna aýan etdi: "Resmileriň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli köpçülikleýin geçirilýän çärelere gadaganlyklary girizmegi howatyrlandyrýar. Resmiler näme sebäpden bu gadaganlyklary girizdiler? Diýmek, bärde esaslandyrylan howp bar”.

Gyrgyzystanyň resmileri bu howplaryň, dogrudanam, esaslydygyny aýdyň görkezýärler. Golaýda Oş regionynda we onuň golaýyndaky sebitlerde iň azyndan iki sany gizlin ýarag saklanylýan ýeriň üstüniň açylandygy habar berildi. Şeýle-de howpsuzlyk güýçleri regiondaky öýlerde we metjitlerde dowamly gözleg işlerini geçirýärler.

Gyrgyzystanyň resmileri daşary ýurtlar bilen baglydyr diýlip güman edilýän ekstremistleri ýurduň paýtagtynda we Oş regionynda ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmakda, şeýle-de ýurduň günorta sebitlerinde etnik toparlaryň arasynda çaknyşyklary döretmekde aýyplaýarlar.

Oş regionynyň häkimi Melis Myrzakmatow
Oş regionynyň häkimi Melis Myrzakmatow Täze ýyl baýramçylyklarynda terror hüjümleriniň bolmak howpunyň bardygyny hem nygtady. Ol bu barada Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Täze ýyl baýramçylygy wagtynda hüjümleriň amala aşyryljakdygy barada ilat arasynda edilýän gep-gybatlar, şeýle-de Bişkekdäki we Oşdaky gurnalan partlamar sebäpli biz bu täze howpsuzlyk çärelerini girizdik. Meniň pikirimçe, bu howpuszlygy üpjün etmegiň bir görnüşidir. Hut şu sebäpli biz bu çärelere ýüz urduk”.

Şäheriň resmileri ýagdaýyň doly öz gözegçiliklerindedigini dowamly gaýtalap gelýärler. Bu sebäpli Melis Myrzakmatow raýatlary rahatlygy saklamaga çagyrdy: "Bärde etniki ýigrenç ýaly hiç zat ýokdur. Häzirki wagt üçin möhüm iş - ilata rahatlygy saklamagyň gerekdigini düşündirmek. Şeýle-de olaryň prowokasiýalara üns bermän, rahat bolmagyny gazanmak. Bular ýaly howpsuzlyk çäreleri Oş regionynda belli bir wagtdan bäri amala aşyrylýar. Bular ýakyn geljekde-de dowam eder”.

Ýetmezçilik duýulýar

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habarçysy Ernist Nurmatowyň aýtmagyna görä, regiondaky ýagdaýlar, göräýmäge, durnukly ýaly bolup görünýär. “Adamlaryň öz adaty durmuşy bilen ýaşap, işe, okuwa barýandyklaryny synlamak bolýar” diýip, Ernist habar berýär.

Ernist Nurmatow Oş regionyndaky ýagdaýlaryň iýundaky çaknyşykaryň öňüsyrasyndaky ýagdaýlara golaýdygyny aýdýar. “Ýöne şol bir wagtyň özünde-de bu ýagdaýlarda bir zadyň ýetmezçiligi aýdyň duýulýar. Dürli etnik toparlaryň wekilleri birek-birege ynamsyzlyk bilen garaýarlar. Şeýle-de şäherde ilatyň durnuklylygyny bozýan gep-gybatlar gezýär” diýip, Ernist sözüne goşdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýurtda çözülmedik käbir meseleleriň entegem bardygyny boýun aldy. 20 dekabrda resmi taýdan işe başlan täze hökümet kolisiýasynyň ýurduň ilatyny birleşdirmek üçin aýdyň çözgütleri tapjakdygyna umyt edýändigini prezident Roza Otunbaýewa mälim etdi.

Şeýle-de prezident Otunbaýewa 20-nji dekabrda täze döredilen Döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň esasy wezipelerinden biriniň bu etniki toparlaryň arasyndaky parahatçylygy üpjün etmekdigini aýtdy. “Soňky geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ýurduň günortasyndaky ýagdaýlaryň durnuksyzlygyna galýandygyny görkezýär” diyip, prezident Otunbaýewa sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli halkyň wekilleri we halkara guramalar polisiýanyň Oş we Jalalabat regionlarynda geçirilýän gözleg işleriniň nyşanlarynyň aglabasynyň etnik özbekleriň bolýandygyny howatyrlanma bilen belleýärler. Şeýle-de iýunda bolan etniki çaknyşyklarda günälenip, sud jogapkärçiligine çekilenleriň köpüsiniň etniki özbekleridigi bilen bagly “Amnesty International” guramasy alada bildirdi.

Gyrgyzystanyň resmileri etniki çaknyşyklardan soň, tussag etmekde ýa-da sud jogapkärçiligine çekmekde hiç hili etniki seljermäniň ýokdugyny öňe sürýärler. “Her kim kanunyň öňünde deňdir” diýip, Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy, Marat Imankulow aýtdy.

Oş regionyndaky dartgynly ýagdaýlar bilen baglylykda adaty gyrgyz zenany Kazypa Bektemirova: “Biz diňe parahatçylygy isleýäris” diýip, umyt bilen aýtdy.
XS
SM
MD
LG