Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda syýasy merkez açylar


Maslahata daşary ýurtlarda akkreditasiýa edilen türkmen diplomatlary hem gatnaşdylar.
Maslahata daşary ýurtlarda akkreditasiýa edilen türkmen diplomatlary hem gatnaşdylar.
Türkmenistanda halkara we regional barlaglar boýunça syýasaty öwrenýän milli merkezi döretmek tabşyrygy 17-nji dekabrda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatynda beýan edildi. Şeýle görkezme bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Döwletiň ileri tutýan meselelerine bagyşlanan bu maslahata türkmen hökümetiniň ýokary derejeli işgärleri, Mejlisiň agzlary, welaýat häkimleri, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, şeýle-de daşary ýurtlarda akkreditasiýa edilen türkmen diplomatlary gatnaşdylar.

G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu täze strukturanyň öňünde esasan “Halkara ekspertler jemgyýetçiliginiň durmuşyna aktiw gatnaşmak, ýurduň halkara we regional syýasatyna degişli pozisiýasyny daşary ýurtlardaky köpçüligiň dykgatyna ýetirmek” ýaly maksatlar goýlar.

“Üns güýçlenýär”

Ýurduň lideri şeýle merkeziň döredilmeginiň Türkmenistana halkara derejesinde bildirilýän ünsüň güýçlenmegi bilen baglydygyny aýtdy. Onuň pikirine görä, merkeziň döredilmegi ýurduň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryna degişli analitiki materiallaryň, professional prognoz çaklamalarynyň we teklipleriň hilini ýokarlandyrmaga itergi berip biler.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow şeýle strukturanyň döredilmegi ýurtda syýasaty öwrenijilik mekdebiniň düýbüniň tutulmagyna esas bolar diýip belledi.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, syýasy-jemgyýetçilik taýdan ösen döwletlere mahsus strukturalaryň Türkmenistanda döredilmegi gowy başlangyç bolup biler. “Emma ýurtdaky syýasy şertlerde täze dörediljek merkeziň häkimiýetleriň bähbitleri üçin ulanylýan ýene bir gurala öwrülmegi ähtimal” diýip, A.Bugaýew çak edýär.

“Bu merkez Türkmenistanyň-da dünýä syýasatyna goşulyp-garylmagynda özüniň möhüm položitel roluny oýnamaly zat. Eger ýöne bu häzirkisi ýaly propaganda maşynynyň peýdasyna işledilmese, şeýle merkez diňe propagandanyň hatyrasyna döredilmese, bu merkez daşary ýurtlular üçin, göz üçin döredilmese, gowy zat” diýip, A.Bugaýew aýdýar.

Diplomatiýa taýdan aktiwlik

17-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň işini aktiwleşdirmegiň zerurlygy hem nygtaldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasyny Ženewada açmak, şeýle-de Türkmenistanyň özara diplomatik gatnaşyklaryny alyp barýan ýurtlarynyň sanyny artdyrmak, Latyn Amerikasynyň Argentina, Meksika we Braziliýa ýaly ýurtlarynda Türkmenistanyň ilçilerini akkreditasiýa etmek ýaly meseleler gozgaldy.

Hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky her bir ilçihanasynda medeniýet boýunça attaşe wezipesini girizmek müminçiligini öwrenmek meselesi hem gozgaldy. Bu ugurda degerli teklipleri taýýarlamak işi hökümet baştutanynyň orunbasarlary R.Meredowa, M.Ýazmuhammedowa tabşyryldy.

Şu günki gün Türkmenistan dünýäniň 129 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 42 sany halkara guramanyň agzasy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG