Düýn giçlik Gyrgyzystanyň parlamentinde geçirilen ses berişlikde täze hökümetiň düzümi saýlandy. Emma bu wakalaryň fonunda ýurduň mugallymlarynyň protest çykyşlary hem ýaýbaňlanýar
Bu protestler dekabryň başynda Gyrgyzystanyň Oş we Jalalabad welaýatlarynda başlandy. Şu hepde ýurduň demirgazygyndaky Talas we Yssyk-Köl welaýatlarynyň mugallymlary hem protestlere goşuldylar.
Talas welaýatyndaky mugallymlar geňeşiniň başlygy Fatima Batyrbaýewa mugallymlaryň öz gün-güzeranyny zordan aýlaýandyklaryny aýtdy: "Biz mundan beýläk garaşyp bilmeris. Biziň sabyr käsämiz eýýäm dolup barýar. Resmiler indi biziň ynamymyzdan gaçdylar. Biz öz aýlyklarymyzyň köpeldilmegini talap edýäris”.
30-40 dollar aýlyk
Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda mugallymlaryň ortaça aýlygy 30-40 dollarlygyna galýar. Bu görkeziji mugallymlary jemgyýetçilik pudagyndaky iň pes aýlyk alýanlaryň hataryna goşýar. Oppozisiýa wekilleriniň aýtmagyna görä, käbir mugallymlara 20 dollardan hem az aýlyk tölenýär.
Gyrgyzystan Merkezi Aziýadadaky iň garyp döwletleriň biri. 2009-njy ýylda ýurduň her raýatyna düşýän ortaça girdeji 183 dollara deň bolupdy. Şu ýylyň dowamynda Gyrgyzystanda bolan syýasy we jemgyýetçilik durnuksyzlyklary ýurduň ykdysadyýetine uly zarba urdy. Şeýle-de inflýasiýa sebäpli iýmit, energiýa we beýleki ýaşaýyş harytlaryň bahalary ep-esli galdy.
Gyrgyzystanyň günortasyndaky Uzgen şäherinde 32 ýyldan bäri mugallymçylyk edýän Turgunbek Sarybaýew her aýda 30 dollar töweregi aýlyk alýandygyny we bu pula diňe bir halta un satyn alyp bilýändigini” aýtdy. Şeýle-de bäş çaganyň atasy Turgunbek bu pula nädip maşgala ekläp boljagyny soraýar.
Gyrgyzystanyň günortasyndaky mugallymlar öz aýlyklarynyň 200-250 dollar bolmagyny talap edýärler. Şeýle-de mugallymlar özleri üçin komunal hyzmatlaryň tölegleriniň 50 prosent arzanladylmagyny soraýarlar.
Bu ýagdaýlardan çykalga hökmünde ýurduň Bilim ministri Kanat Sadykow 2011-nji ýyla çenli mugallymlaryň aýlygyny 30 prosent artdyrmak barada plany hödürledi. Şeýle-de ýurduň resmileri mugallymlaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen olara tüwi, un, gant we ösümlik ýagy üçin goşmaça goldaw puluny bermegi wada edýärler.
Talaplar doly ýerine ýetirilmez
Emma ýurduň Maliýe ministrligi protestçileriň talaplaryny doly ýerine ýetirip bolmajakdygyny habar berdi. Ministrligiň resmileri bu plany amala aşyrmak üçin özlerine 25 million dollar serişde gerek boljakdygyny aýdýarlar.
“Bu harajatlar ýurduň býujetinde göz öňünde tutulmandy. Mugallymlaryň töleg fonduny köpeltmek üçin beýleki pudaklara goýberilýän pullary azaltmaly bolar” diýip, Gyrgyzystanyň Maliýe ministrliginiň wekili Aida Abarbekowa belledi.
Mugallymlaryň Profsoýuz birleşigi Bilim ministrliginiň aýlyklary ýokarlandyrmak üçin hödürleýän planyna entek hiç hili reaksiýa bildirmedi. Ýöne mugallymlar öz talaplarynyň kabul edilmedik halatynda, protestlerini ählihalk derejesine ýetirjekdiklerini duýdurdylar.
Gyrgyzystanyň öňki bilim ministri Mukaş Bazarkulow pes aýlyklara we ujypsyzja pensiýalara ýaşaýan mugallymlaryň çykalgasyz ýagdaýdadygyny aýtdy.
Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: “Mugallymlaryň aýlyklaryny galdyrmaly, mundan başga çykalga ýok. Biziň mugallymlarymyzdan 30 prosente golaýy pensionerler. Olar gün-güzeranyny aýlamak üçin işlemäge mejbur. Iki smenada işläp, halys ýadaýan mugallymlar käte rahatlandyryjy dermanlary içmeli bolýarlar. Olar özleriniň az aýlygy sebäpli, meýletin giňeldilen iş tertipde işleýärler, bu bolsa berilýän bilimiň hiline oňaýsyz täsir edýär. Bu ýagdaý asla kabul ederliksiz”.
Gyrgyzystanyň adaty raýatlary mugallymlaryň bu protestleriniň ýurtdaky öňki dartgynlylygy hasam ösdürmeginiň mümkinliginden howatyrlanýarlar.