Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň Sammitinden umytlar çykmady


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine tarap ýol gaty çarkandakly ýol boldy. Ýöne indi köpler bu Sammitden soň «bu iş çekilen zähmete asyl degýärmidi” diýen soragy berýärler.


Adam hukuklary boýunça aktiwistler iki aýyň içinde üç şäherde, ýagny, Warşawada, Wenada we Astanada geçen gözden geçiriş konferensiýalarynyň guramaçylyk hem tematiki kynçylyklaryna hötde gelmeli boldular.

Bu konferensiýalaryň dowamynda türkmen dissidentleriniň ençeme ýyl bäri gatnaşýan duşuşyklaryna garaşylmadyk ýagdaýda ýol beklendi. Üstesine-de, Astana üçin wiza almaga synanyşan halatlarynda, olaryň howpsuzlyklarynyň kepillendirilmejekdigi baradaky haýbat hem üstlerinden sowulmady.

Hökümetler üçin hem Sammite taýýarlyk gaty çäkli wagtyň içinde görülmeli boldy.
Ozaldan garaýyşlarda çuňdan kök uran tapawutlar bu ýygnanyşyk barada ylalaşyklara gelmekligi kynlaşdyrdy. Ministrler iýul aýyna çenli belli bir karara gelip bilmediler.

ÝHHG-niň işindaki bärden gaýtmalar

Öten hepde Astanada hökümete degişli däl guramalara hem alternatiw duşuşyklar gurnamaga köp mümkinçilik berilmedi. Utgaşykly konferensiýa geçirmek barada ahyrsoňy rugsat alan bir koalisiýa öz sanyny 150-den geçirmezlige mejbur edildi. Olara öz konferensiýalaryny Sammit bilen baglanyşdyrmaga we hatda “Sammit” sözüni ulanmaga-da ýol berilmedi.

Iň soňunda, taraplar guramaçylyk işlerine hyzmdaşlykly çemeleşen hem bolsalar, bu parallel duşuşygy gurnanlar: «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti ýitirilen bir pursat boldy. Sebäbi, gatnaşan döwletler iş planyny işlap düzmegi başarmadylar» diýen garaýşy öňe sürdüler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Mark De Brişambo: «ÝHHG missiýasyny ýerine ýetirýän bolsady, onda Preddnestrowiýa we Daglyk Garabag ýaly regionlardaky konfliktler birçak çözülerdi, Gürjüstan bilen Orsýet arasynadaky we günorta Gyrgyzystandaky ýaly täze konfliktleriň hem öňüni alardy” diýdi.

Elbetde, adam hukuklaryny bozmaýan döwlet ýok. Terrorizme garşy göreşde adamlary gynamagy, Yrak we Owganystanda uzaga çeken uruşlarda parahat ilaty öldürmegi Birleşen Ştatlaryň hem abraýyna ep-esli zyýan ýetirdi.

Mudan dasary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şowsuzlyklary analizlenende, köpler ahlak ölçeglerini gowşatmazlygyň hatyrasyna içerdäki elhenç bir «pil» bilen dikleşmek hem islänok. Ol «pil» bolsa Kreml hasaplanylýar. Kremliň öz çäklerinden aňyrlara ýetýän täsirleri, özgeleriň işine garyşmagy we Merkezi Aziýa diktaturasynyň rehimsizligi bilen olar dikleşmek islänoklar.

Helsinki deklarasiýasynyň özeni

Helsinki deklarasiýasynyň özenini emele getiren adam hukuklary we howpsyzlygy biri-birine berk baglanyşyklydyr. Howpsyzlygyň ynsanlyk, ykdysady we daşky gurşaw, syýasy hem harby gerimi şindi-de bitewi tutuşlyk hökmünde öňküsi ýaly wajyplygyna galýar.

Ýöne Daşkent adamlary gynamagy, dini ynançlara parahatçylykly eýerýänleri tussag etmegi ymykly bes etmese, Moskwa adwokatlary we žurnalistleri öldürýänleri jezalandyrmazlygy bes etmez. Aşgabat bilen Astana hem graždan jemgyýetini bogmakdan we internetiň öňüni bökdemekden el çekmese, howpsuzlykda öňegidişlik bolmaz.

Ýewraziýa ýolbaşçylary bileleşikleriň we mediýanyň erkniliklerine durnuksyzlyk çeşmesi hökmünde, ilkinji nobatda bolsa, öz häkimiýetlerine abanýan howp hökmünde garaýarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekki ýolbaşçylarynyň bitirmeli kyn işi - Orta Aziýada howpsuzlyga abanýan çyn howp bilen şindi-de häkimiýete ýapyşyp ýatan sowet stilli şahsyýetlerden abanýan howp arasyndaky tapawutlara akyl ýetirmek bolar. Bu regionda ilatyň howpsuzlgyny kyn ýagdaýa salýan - şol şahsyýetleriň häkimiýete ýapyşmagydyr.

Katerin A. Fitzpatrik Nýu-Ýorkda iş alyp barýan žurnalist. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG