Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosy ÝHHG-niň Forumynda


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Forumy, Astana, 26-njy noýabr.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Forumy, Astana, 26-njy noýabr.

Anna güni Astanada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň Forumy başlandy.

ÝHHG-niň üç gün dowam edýän Forumyna Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewa hem gatnaşýar. “Gün tertibindäki meseleler: söz we metbugat azatlygy, migrantlara garşy çydamsyzlyk we adam söwdasy, esasanam çaga söwdasy meselesi” diýip, ol Asatanadan telefon arkaly mälim etdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewa
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewanyň sözlerine görä, Foruma ÝHHG-ä agza döwletleriň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyga Türkmenistanyň diplomatlary hem bardy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Forumynyň anna günindäki maslahatynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň iki sany ýüzlenmesi hödürlendi. Birinji ýüzlenme RFE/RL-niň umumy kompaniýa boýunça ýüzlenmesi. Onda postsowet ýurtlarynda söz we metbugat azatlygynyň öwerlik däldigi barada gürrüň edilýär.

Ikinjisi, ÝHHG-niň wekillerine Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň adyndan berlen ýüzlenme. Ol ýüzlenmede Türkmenistanda söz we metbugat azatlygyna ýol berilmeýändigi barada aýdylýar, gullugyň žurnalistlerine we habarçylaryna ýurduň häkimiýetleri tarapyndan dürli usullar arkaly päsgelçilikleriň döredilýändigi aýan edilýär.

“Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň şu meseläni Türkmenistanyň resmileri bilen maslahatlaşyp, pozitiw netijeleri gazanmagy, şeýle-de ÝHHG-den Azatlyk Radiosynyň Aşgabatda öz býurosyny açmak meselesine-de täsirini ýetirmegi soraldy” diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Oguljemal Ýazlyýewa aýtdy.

ÝHHG çagyryş edýär

ÝHHG-niň 2010-njy ýyldaky ýolbaşçylygyny alyp barýan Gazagystanyň ýörite ilçisi Madina Jarbussynowa syn ediji Konferensiýada adam hukuklaryna degişli meseleleriň maslahat edilmegi “ÝHHG regionynda adam hukuklarynyň heniz hem depelenýändigini görkezýär, bu meseleleriň dürli ugurlarynyň maslahat edilmegi ýagdaýa syn etmäge we anyk mehanizmleriň ýola goýulmagyna ýardam eder” diýdi.

ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç konferensiýada, Astana, 26-njy noýabr.
ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç hem ÝHHG-niň agza döwletlerine, häzirki hakyky ýagdaýlary göz öňünde tutup, metbugat azatlygyna ygrarly bolup galýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklamaklary üçin Sammitden peýdalanmaklaryna çagyryş etdi. Ol degişli döwletlerde söz we pikir azatlygynyň ýola goýulmagy üçin Internetiň halka elýeterli bolmagynyň ähmiýetini hem nygtady.

“Biz bu maksadymyza ýeterden juda daşda. ÝHHG-niň çägindäki ençeme hökümetler täze ýa-da öňden gelýän mediany ulanýanlaryň tankydy, satiriki, jedelli we adamlary oýandyrýan garaýyşlary beýan etmek hukuklaryny ellerinden alyp, metbugat azatlygyna zeper ýetirýärler” diýip, ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç aýtdy.

Soňra ÝHHG-niň wekili Dunýa Miýatowiç şeýle diýdi: “Görnüşe görä, ÝHHG agza ençeme ýurtlardaky syýasatçylar şol bir çäklendirmeleri diňe bir Internete ýa-da öňden gelýän media çeşmelerine girizmek bilen oňmaýarlar, olar hatda gözegçilik etmek tebigy taýdan mümkin bolmaýan çärelere garşy hem ýörite çäklendiriji kanunlary kabul edýärler”.

Dunýa Miýatowiç media materiallarynyň ýa-da Internet ulanyşygynyň jenaýata degişli bolmazlygy üçin degişli döwletleriň görýän kanuny çäreleriniň demokratiki prinsiplere gabat gelýän talaba laýyk çärelerden öte geçmeli däldigini hem belledi. “Gowy habardar edilen adamlar gowy kararlary kabul edýärler. Bu bolsa demokratiýalaryň möhüm binýadydyr” diýip, ol aýtdy.

Gazagystana berilýän baha

Häzir Bolgariýada ýaşaýan graždan aktiwisti Annadurdy Hajyýew hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Astanadaky sammitine gatnaşmak maksady bilen Gazagystanyň ilçihanasyna arza beripdi. Emma, Hajyýewiň aýtmagyna görä, oňa wizanyň giç berlendigi sebapli ol sammite gidip bilmändir: “Wizany maňa giç berdiler. Şol sebäpli uçara bilet alyp bilmän, Astana uçup bilmedim”.

Gazagystanyň hökümetiniň ÝHHG-ä ýolbaşçylyk eden döwründe ýurdy demokratiýanyň ösen, adam hukuklary goralýan we söz azatlygy bar döwlet hökmunde görkezmäge çalşandygyny, emma ýurtdaky adam hukuklary we söz azatlygy bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny ýerli adam hukuklaryny goraýjylar aýdýarlar.

Türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýew hem esasan soňky bir ýylyň dowamynda Gazagystanda başgaça pikir ýöredýänlere we döwlete degişli bolmadyk dürli guramalaryň wekillerine basyşyň güýjändigini aýdýar. “Şonuň üçin Günbataryň syýasaty owrenijileri Gazagystanyň mysalynda Gündogaryň hiç bir döwletiniň beýle halkara guramalara ýolbaşçylyk edip bilmejekdigine düşündiler”.

Astanadaky Gumilýew adyndaky “Ýewraziýa Uniwersitetiniň” dosenti Saparbaý Žubaýew, umuman, başga pikirde: “ÝHHG-niň başlygy hökmünde beýleki ýewropa döwletleriniň edip bilmedik işlerini Gazagystan bir ýylda etdi. Meselem, Gresiýa, Portugaliýa ýaly döwletler hem bu gurama ýolbaşçy boldular. Emma olaryň bu ugurda eden işi Gazagystanyňky ýaly netijeli bolmady. Gazagystan Kawkazdaky we Gyrgyzystandaky uruş-dawalaryň köşeşmegine öz täsirini ýetirdi”.

Gazagystandaky “Ýewraziýa Uniwersitetiniň” dosenti Saparbaý Žubaýew Gazagystandaky adam hukuklary meselesini Ýewropanyň 25 sany demokratik döwletleri bilen deňeşdirip bolmajakdygyny, emma Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri, GDA dowletleri bilen deňeşdireniňde, Gazagystanyň has öňe gidendigini öňe sürýär.

Bilermenler we adam hukuklaryny goraýjy guramalar soňky döwürde GDA ýurtlarynda söz we metbugat azatlygyna basyşlaryň güýjändigini, adam hukuklarynyň gödek bozulýandygyny, terrorçylyk hüjümleriniň sanynyň artandygyny, şonuň üçinem bu meseleleriň abraýly halkara guramalaryň üns merkezinde durýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG