Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistandaky tolgunyşyk: Rahmonyň režimine hakykatda näme howp salýar?


Täjik hökümet güýçleri iki aý bäri Raşt jülgesiniň Kamorob deresinde özleriniň yslamçy jeňçiler diýip atlandyrýan adamlaryna garşy harby operasiýa geçirýärler.
Täjik hökümet güýçleri iki aý bäri Raşt jülgesiniň Kamorob deresinde özleriniň yslamçy jeňçiler diýip atlandyrýan adamlaryna garşy harby operasiýa geçirýärler.
Täjik häkimiýetleri iki aý wagt bäri Raşt jülgesindäki yslamçy jeňçileriň pitneçiligine garşy göreş alyp barýarlar. Raşt jülgesi Täjigistanda bolan bäş ýyllyk graždan urşy mahalynda hökümete garşy güýçleriň mesgeni bolupdy. Häzir bu pitneçilik eseriniň we onuň ýurtdaky durnuklylyga näderejede howp salýanlygynyň töwereginde bir topar ýaşrynlyk bar.

«Meniň Raşt jülgesindäki garyndaşlarym ýerli hökümetiň ýagdaýa diňe gündizine gözegçilik edýändigini aýdýar. Garaňky düşen badyna häkimiýeti başgalar alýar» diýip, bizi Duşenbeden şäheriň uçar meýdanyna alyp barýan taksiniň sürüjisi aýdýar.

«Diýmek, siz prezident Emomali Rahmonyň hökümetiniň Raştdaky ýagdaýa kontrolluk edýändigine ynanmaýarsyňyz-da?» diýip, biz özüni Nabi diýip tanadan orta ýaşly adamdan soraýarys.

«Hökümet soňky iki onýyllykda Raşt jülgesine hiç wagt doly kontrolluk edip bilmedi» diýip, Nabi biziň sesini ýazmaýandygymyzy anyklap aýtdy.

Ters gelýär

Bu taksiçiniň ýa onuň garyndaşlarynyň näderejede hakykaty aýdýandygyny barlamak aňsat iş däl. Muňa garamazdan, onuň aýdýanlary biziň täjik resmilerinden Raşt jülgesindäki ýagdaý barada eşidenlerimze düýpden ters gelýär. Çet-gyradaky daglykda ýerleşýän Raşt jülgesi bir zaman Täjigistanyň yslamçy oppozisiýasynyň galasy bolupdy.

Täjik hökümet güýçleri iki aý bäri Raşt jülgesiniň Kamorob deresinde özleriniň yslamçy jeňçiler diýip atlandyrýan adamlaryna garşy harby operasiýa geçirýärler. Bu operasiýa hemme taraplaýyn ýaşrynlyga gurşalan. 19-njy sentýabrda harby konwoýyň gana boýalmagy netijesinde başlanan söweşden bäri ol ýerdäki aragatnaşyk liniýalary kesilip taşlanan. Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu söweşi köp babatda görmezlige salýar. Garaşsyz habar gulluklary bolsa özleriniň Raştdan maglumat alyp bilmeýändiklerini aýdyp zeýrenýärler.

Resmiler ýagdaý durnukly we döwlet konrollugynda diýmekden başga, bu jülgedäki ýagdaý barada gürrüň etmekden çeke durýan ýaly görünýär. Ýöne ol erde, Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Saýmumin Ýatimowyň Raştdaky operasiýalaryň üstünlikli geçirilýändigini we tamamlanyp barýandygyny aýtmagyna garamazdan, sentýabryň ortasyndan bäri, iň bir ýönekeý hasaplamalara görä hem, hökümetiň azyndan 65 esgeriniň öldürilendigi aýdylýar.

Adatça, ýurt içinden ýa daşyndan yslamçy jeňçilerden abanýan howpa ilgezik ünsi çekýän hökümetli ýurt üçin bu meselede maglumatyň ýeterlik bolmazlygy geň. Käbirleri Merkezi Aziýa hökümetleriniň bu howpy ulaldyp görkezip, kuwwatly Günbatar döwletlerinden jomart kömekleri we syýasy goldaw alandyklaryny aýdýarlar.

Mysal üçin, häkimiýetler oktýabr aýynda demirgazykdaky Isfara etrabynda geçirilen iki polisiýa reýdini Özbegistanyň gadagan edilen yslamçy hereketi (ÖYH) bilen baglanyşdyrmakda gaty çalasynlyk görkezipdiler. 3-nji sentýabrda Hojant şäheriniň polisiýa edarasynda bolan partlama ýurtda janyndan geçen bombaçylaryň ilkinji kast edişi diýlip suratlandyrylypdy.

Näme üçin dymylýar?

Onda Raştdaky operasiýa näme bilen tapawutlanýar we hökümet bu sebit barada näme üçin hiç bir maglumat bermek islemeýär?

Paýtagtdaky jemgyýetçilik pikirlerine görä, eger Rahmonyň hökümetine nähilidir bir howp abanýan bolsa, ol barha artýan «regional» nägilelikden abanýar.
Içeri işler ministrliginiň baş sözçüsi Mahmadullo Azadullozoda Raşt konflikti başlaly bäri žurnalistlere maglumat berýän tas ýeke-täk resmi çeşme bolup durýar: “Aragatnaşyk liniýalarynyň kesilmeginiň sebäbi o sebitde henizem terrorçylary we jenaýatçy toparlary doly süpürip aýyrmak babatdaky operasiýanyň dowam edýänligi bilen bagly”.

Resmi tassyklamalara görä, Raşt jülgesindäki «terror toparlarynyň» arasynda käbir ozalky oppozisiýa komandirleri, daşary ýurt söweşijileri we ÖYH-ne eýerijiler hem bar.

“Häzire çenli hökümet goşunlary 20 jeňçini öldürdi, 30-dan gowragyny tussag etdi” diýip, Asadullozoda aýdýar. “Olaryň köpüsi Owganystandaky we Pakistandaky terrorçy tälim lagerlerinde bolan”.

Raşt jülgesindäki operasiýalar bilen baglylykda molla Abdylla ady bilen tanalýan Abdylla Rahymowyň ady köp agzalýar. Ol raştly we ozalky oppozisiýa komandiridir. Onuň Owganystanda Talybana we Al-kaýda goşulandygyny aýdýarlar. Molla Abdylla hökümet bilen yslamçy oppozisiýanyň graždan urşuny soňlamak üçin 1997-nji ýylda baglaşan parahatçylyk ylalaşygyny kabul etmändi.

Ozal premýer-ministriň orunbasary bolan we ýurduň iň ýokary dini wezipesinde işlän Hajy Akbar Turajonzoda molla Abdyllanyň Raştda harby operasiýa başlamak üçin bahana edinilip ulanylýandygyny aýdýar: “O sebitden gelýän adamlar molla Abdyllany ol ýerde hiç kimiň görmändigini aýdýarlar. Hakykatda molla Abdylla Osama bin Laden ýaly, göze görünmeýän bir närsä öwrüldi”.

Raşt jülgesinde 2009-njy ýylyň maýynda hem bir ýaşryn harby operasiýa geçirilipdi. Şonda raştly öňki oppozisiýa komandiri Mirzo Zioýew gümürtik ýagdaýda öldürilipdi we bu ölümde molla Abdyllanyň tarapdarlary günälenipdi.

Duşenbede häzirki pursatda Raştdaky pitneçilerden Rahmonyň režimine howp abanýanyna gaty az adam ynanýar. Paýtagtdaky jemgyýetçilik pikirlerine görä, eger Rahmonyň hökümetine nähilidir bir howp abanýan bolsa, ol Raşt jülgesindäki çetleşdirilen söweşijilerden däl-de, eýsem barha artýan «regional» nägilelikden we bu režimiň özünde örňeýän korrupsiýadan abanýar.
XS
SM
MD
LG