Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hajylary gözegçilik astynda


Türkmenistanyň hökümeti, öňki ýyllarda bolşy ýaly, dini däpleriň üstünden edýän berk gözegçiligini häzirem ýöredýär. Ýöne, muňa garamazdan, türkmen hökümeti bu ýyl hem ol öz raýatlarynyň belli bir bölegine Mekgä haja gitmäge rugsat berdi.

“Forum 18” habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körliniň pikirine görä, döwlet tarapyndan haja iberilýän adamlar, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan içgin barlagdan geçirilýär. Her halda türkmenistanly musulmanlaryň arasyndan başga ýollar bilen haj zyýaratyna gidýänleriň hem bardygy aýdylýar.

Bu ýyl haj zyýaraty bilen bagly işleri gurnamak Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Saparlyýewe tabşyryldy. Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy zyýaratçylaryň Mekgä baryp-gelmegini üpjün etmeli.

Adatça bolşy ýaly, bu ýyl hem Mekgä döwlet tarapyndan bir uçar iberildi. Şol uçara ýerleşýän 188 ýolagçynyň sany Türkmenistandan haja gitjekleriň sanyny kesgitleýäne çalymdaş. Ýöne, Feliks Körleýiň aýtmagyna görä, 188 zyýaratçydan başga-da uçarda boş ýerler galýar.

“Türkmenistanyň prezidentiň kesgitleýän uçarlarynyň görnüşleriniň köpüsine 188 adamdan artyk ýolagçy ýerleşýär. Bu hem uçarda näme üçin has köp zyýaratçy äkidilmeýär diýen soragy döredýär” diýip, “Forum 18” habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körli aýdýar.

Her niçigem bolsa, soňky ýyllarda bir uçara sygýan dindarlaryň Mekgä haja gitmegi berk ýola goýuldy. Geçen ýyl doňuz dümewi sebäpli Türkmenistandan döwletiň gurnamagynda haja giden bolmady. Muňa derek dindalar Türkmenistanyň içindäki mukaddes we taryhy ýadygärliklere aýlanmak bilen çäklenmeli bolupdylar.

Türkmenistandan haja gidýänleriň sany, beýleki musulman ýurtlaryňky bilen deňeşdirilende, gaty ujypsyz bolup galýar. Saud Arabystanynyň resmileri her döwlet üçin zyýaratçylaryň kwotasyny kesgitlänlerinde, ýurduň musulman ilatynyň her müňüsine bir zyýaratçy belleýärler.

Gyrgyzystanyň ilatynyň sany 5,500,000-e golaý. Şu ýyl bu ýurt 4,500 raýatyny haj zyýaratyna ugradýar. Emma 5,000,000-a golaý ilatynyň bardygy çak edilýän Türkmenistan Saud Arabystana döwlet tarapyndan haj zyýaraty üçin diňe bir uçar iberdi.

Gurby çatan, başaran musulmana haja gitmek yslam dininiň esasy bäş parzynyň biri hasaplanýar. Haj zyýaratynyň wagty her ýyl "Hijri Kamar" musulman ýyl hasabyna görä kesgitlenip, şu ýyl ol sene 14-17-nji noýabr aralygyna gabat gelýär.

Şahsyýet derňelýär

Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda döwlet dine örän içgin gözegçilik etmäge synanyşýar. Dini terbiýe hem döwletiň berk gözegçiliginde saklanylýar. Dini habarlary çap edýän “Forum 18” guramasynyň maglumatlaryna görä, türkmenistanly zyýaratçylar ilki degişli haýyşnama bilen dini işler boýunça gurama ýüz tutmaly. Soňra olar seljerilýär, olaryň şahsyýeti derňelýär we degişli karar kabul edilýär.

Feliks Körliniň aýtmagyna görä, maglumat topalmak üçin zyýaratçylaryň arasyna ýörite gulluklaryň wekilleri goşulýar. Ýerli aktiwistleriň biri: “Türkiýede we Päkistanda dini terbiýe alanlar Mekgä zyýarata gitseler, olaryň täsiriniň ýokarlanmagyndan we olaryň tarapdarlarynyň artmagyndan türkmen häkimýetleri hüşgär bolýarlar” diýýär.

Zyýaratçylaryň dini ynançlary bilen bir hatarda ýurduň alyp barýan syýasatyny goldamagy hem zerur şert edilip goýulýar diýlip, habar berilýär. Eger-de zyýarat etmek isleýänleriň arasynda oppozisiýa wekilleri ýa jemgyýetçilik toparlary bilen gatnaşygy ýa-da tanyşlygy bolan adam bar bolsa, onda ol adamlar haj zyýaratçylarynyň sanawyndan dessine aýrylýar diýen maglumat hem bar.

Bu ýagdaý Türkmenistanda dini azlykdaky şaýy musulmanlaryna hem degişli. Degişli çäklendirmeler olaryň aktiwligine ýa aktiw däldigine bagly däl-de, eýse olaryň garaýyşlarynyň parhlydygy sebäpli şeýle edilýär diýlen garaýyşlar bar.

“Biz ençeme gezek haja zyýarata gitmek üçin ýüz tutduk... Emma her gezegem biziň haýyşymyz yzyna gaýtaryldy” diýip, aşgabatly şaýy musulmany Alynyň beren gürrüňi barada Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” instituty habar berýär.

“Türkmen resmileri hökümeti goldaýanlaryň, sünni musulmanlaryň we aram dini ynançly adamlaryň arasyndan haja zyýarata gitjekleri saýlaýarlar. Eger-de biri kabul edilen kadalara laýyk gelmeýän bolsa, meselem, şaýy musulmany ýa-da Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan gözegçilikde saklanýan bolsa, şol adam serhetde saklanyp, yzyna gaýtarylýar” diýip, Aly gürrüň berýär.

Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen hökümetiniň gaharyny getirmezlik üçin haja özbaşdak gitmek isleýänlere wiza bermekden saklanýar diýen habarlar bar. “Forum 18” habar gullugynyň baş redaktory Felisk Körliniň bellemegine görä-de, bir raýat ilçihanadan yzyna gaýtarylyp, oňa wizalaryň diňe hökümetiň ykrar eden sanawyndaky adamlara beriljekdigi aýdylypdyr.

“Hökümet köplenç öz raýatlaryna erkin haj zyýaratyna gitmäge rugsat berýändigini nygtaýar. Ýöne muňa garamazdan, Aşgabatdaky Saud Arabystanyň ilçihanasynyň hökümet tarapyndan äkidilýän 188 zyýaratçydan başga adama haj wizasyny bermeýändigini aýdýarlar” diýip, “Forum 18” habarlar gullugynyň baş redaktory Feliks Körli aýdýar.
XS
SM
MD
LG