Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur kompaniýalar jerime tölärler


Birnäçe iri günbatar kompaniýalary para bermekde özlerine garşy bildirilen aýyplamalary ýatyrmak üçin uly möçberde jerime tölemäge razylyk berdiler.

ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, daşary ýurt resmilerine para berenlikde güman edilýän Britaniýanyň we Gollandiýanyň “Roýal Duch Shell” kompaniýasy, Sweýsariýanyň ýük daşaýjy kompaniýasy, dört sany ýangyç kärhanasy we ABŞ-nyň gämi gatnaw kompaniýasy jenaýat we graždan işleri bilen bagly, bilelikde alanyňda, 236,5 million dollar jerime tölemäge razy boldy.

4-nji noýabrda çap edilen resmi maglumata görä, agzalan kompaniýalar dünýäniň onlarça ýutlarynda özleri üçin has amatly salgyt şertleriniň döredilmegini gazanjak bolup, gümrükçilere para berenlikde aýyplandylar. Şeýle-de olaryň käbir ýurtlarda nebit ýataklaryny özleşdirmäge rugsat berýän dokumentleri almak üçin galplyklara baş goşandyklarynyň-da güman edilýänligi aýdylýar.

Kompaniýalar ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrligine jenaýatçylyk üçin jerime hökmünde 156,5 million dollar, Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýanyň öňe süren aýyplamalary bilen bagly işleriň çäginde ýene 80 million dollar tölemäge razy boldular.

Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýanyň resmileriniň sözlerine görä, aýratyn bir pudakda geçirilen bu arassalaýyşlar daşary ýurtlarda para berýän kompaniýalaryň jenaýatçylykly hereketleriniň öňüni almak boýunça ilkinji çäresi diýip, ”Associated Press” belleýär.

Türkmenistan bilenem bagly

Suduň dokumentlerine görä, Şweýsariýanyň (Bazel) “Panalpina World Transport Ltd” kompaniýasy we onuň Birleşen Ştatlardaky şahamçasy 70 million dollardan gowrak jenaýat jerimesini tölemäge razy boldy. Kompaniýa Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýanyň aýyplamalaryna laýyklykda ýene 11,3 million dollar jerime tölemeli.

“Panalpina World Transport Ltd” halkara transport kompaniýasynyň 2002-2007-nji ýyllar aralygynda ençeme ýurtlarda döwlet resmilerine jemi 27 million dollar möçberde para berenligi habar berilýär. Şol ýurtlar Angola, Azerbaýjan, Braziliýa, Gazagystan, Nigeriýa, Orsýet we Türkmenistan bolup durýar. Bikanun tölegler bu ýurtlaryň käbirinde 2009-njy ýylyň iýun aýyna çenli dowam edipdir.

Maglumata laýyklykda kompaniýalara garşy geçirilen çäreler ABŞ-nyň hökümetiniň ýurduň daşynda we halkara biznesde bar bolan korrupsiýa garşy göreş ugrundaky nobatdaky ädimi boldy.

“Parahorlugyň zyýany, onuň bikanunlygy bilen çäklenmän, biznesiň özüne-de zyýan ýetirýär” diýip, Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýanyň resmisi Robert Khuzami aýtdy.

Ilkinji gezel däl

Şu ýylyň aprel aýynda ABŞ-nyň Federal sudy Germaniýanyň «Daimler» awtokonsernini hem para-peşgeş bilen bagly ýöňkelýän aýyplama boýunça günäli tapypdy we bu awtokonsern jerime hökmünde 185 million amerikan dollaryny tölemäge razy bolupdy.

Amerikanyň Ýustisiýa ministrligi nemes awtomobil öndürijilerine awtokonserniň bähbitleri üçin 10 ýylyň dowamynda 22 döwletiň ýolbaşçy agzalaryna para bermekleri bilen bagly aýyplama ýöňkäpdi.

«Daimler» awtokonserniniň awtomobil öndürijileriniň düşewüntli kontrakta gol çekmek üçin para beren döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň ady hem agzaldy.

Türkmen hökümetiniň ýokary derejeli resmisiniň “doglan günine” sowgat hökmünde berlen «Mersedes-Benz S» kyslymly bronirlenen awtoulagyň bahasynyň 300 müň amerikan dollaryna barabar bolandygyna halkara habar beriş serişdeleri ünsi çekipdi.

ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň bu täze maglumaty dünýäniň iri neşirlerinde çap edildi.
XS
SM
MD
LG