Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli saýlawlar ýerine düşermi?


Türkmenistanyň saýlaw prosesi babatynda aýdylanda, garaşsyz synçylar demokratik düşünjeleriň ulanylmagyna esas ýok diýip, hasap edýärler.
Türkmenistanyň saýlaw prosesi babatynda aýdylanda, garaşsyz synçylar demokratik düşünjeleriň ulanylmagyna esas ýok diýip, hasap edýärler.

1-nji noýabrda Türkmenistanda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlawlar üçin kandidatlary hasaba almak kampaniýasy başlandy.

Şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçiriljek saýlawlar üçin kandidatlary öňe sürmek prosesiniň saýlawlaryň 45 gün öňünden, ýagny oktýabar aýynyň ortalarynda başlananlygy we munuň Türkmenistanyň milli kanunlaryna doly gabat gelýänligi türkmen metbugatynda nygtaldy.

Türkmenistanda 5-nji dekabrda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna geçiriljek saýlawlar baradaky resmi maglumatlarda köpçülikleýin habar serişdeleriniň aktiwliginiň milli saýlaw kampaniýasynyň demokratik häsiýetini tassyklaýjy tarapy bolup durýanlygy bellendi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna saýlawlar üçin 1-nji noýabrda başlanan dalaşgärleri hasaba almak kampaniýasy barada köpçülige berilýän maglumatlaryň esasan ýerli saýlaw komissiýalarynyň düzümine degişlidigini belledi.

Öňki-öňkülik…

O.Hallyýew pagta ýygym kampaniýasynyň gyzgalaňly döwrüne gabat gelen dalaşgärleri hasaba almak işiniň entek doly güýjüne girmänligini belledi, emma ýurduň saýlaw prosesindäki ozalky tejribelerinden tapawutly ýagdaýyň häzirlikçe göze ilmeýänligini aýtdy.

Türkmen metbugatyna görä, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna geçiriljek saýlawlar ýurduň saýlaw sistemasynyň halkara standartlaryna gabat gelýänligini görkezer. Emma, Türkmenistanyň saýlaw prosesi babatynda aýdylanda, garaşsyz synçylar demokratik düşünjeleriň ulanylmagyna esas ýok diýip, hasap edýärler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa Türkmenistanyň saýlaw tejribeleri we ýakynda parlament saýlawlaryny tamamlan Gyrgyzystandaky ýagdaýlaryň arasynda deňeşdirme geçirdi. Onuň pikiriçe bu ýurtlaryň ikisinde-de demokratiýa ýok, emma olaryň tapawutly taraplary bar.

“Türkmenistan we Gyrgyzystan birek-birekden düýpgöter tapawutlanýan ýurtlar, emma olaryň ikisinde-de demokratiýa ýok. Men Günbatar döwletleriniň ösen demokratik tejribelerini göz öňünde tutup adýaryn. Emma şonda-da ýurtlaryň arasynda uly tapawut bar” diýip, S.Şermatowa aýtdy.

Şübhe bildirilýär

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda bar zat gözegçilik astynda amala aşyrylyp, her bir dalaşgär ýörite barlagdan geçirilensoň ýokarda tassyklanýan bolsa, Gyrgyzystanda dalaşgärler partiýalar tarapyndan hödürlenýär.

Şu günler Aşgabatda “Türkmenistanyň saýlaw sistemasyny we prosesleri berkitmek” boýunça seminar geçirilýär. Merkezi saýlaw komissiýasynyň BMG bilen bilelikdäki proýektiniň çäginde amala aşyrylýan bu çäräniň ýurduň welaýatlarynda hem geçiriljegi ýerli metbugatda habar berildi.

Emma S.Şermatowa şeýle çäreleriň ýurduň demokratiýa tarap öwrülmegine oňly täsir ýetirjegine şübhe bildirdi. Bilermen Türkmenistanda demokratik özgerişlikleriň döräp başlamagy üçin jemgyýetde syýasy aktiwligiň bolmalydygyny nygtady.

“Türkmenistanyň häzirki häkimiýetleriniň demokratiýa üçin ýokardan şert döretjegine düýpden ynanmaýaryn. Eger aşakdan isleg bildirilip, talap edilmese hiç hili özgerişlik bolmaz. Bu öz-özüni dolandyryjy organlaryň düzümine dalaşgärleri hasaba almak meselesine hem degişli” diýip, S.Şermatowa aýtdy.

Saýlawlardan nämä garaşylýar?

Türkmenistanly žurnalist Osman Hallyýewiň sözlerine görä, Türkmenistanda ýerli halk maslahatlaryna saýlawlar üçin dalaşgärleri hasaba almak boýunça geçirilýän çärelere şu günler jemgyýetde örän az gyzyklanma bildirilýär. Üstesine, ýerli ilat ýerli halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryna we ukybyna ynamsyz garaýarlar.

“Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň wekillerinden halkyň görýän peýdasy ýok. Olardan hiç zada garaşylanogam. Şonuň üçin adamlarda bu saýlawlara gyzyklanma-da, öz dalaşgärlerini hödürlemek baradaky aktiwligem, tama-da ýok” diýip, O. Hallyýew aýtdy.

Emma Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatlarynda dekabr aýynda ýerli halk maslahatlaryna boljak saýlawlara şu günki görülýän taýýarlyklaryň açyklygy we alternatiw esasda geçirilýänligi bilen tapawutlanýanlygy bellenildi.

Şeýle-de häzirki saýlaw kampaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak syýasatynyň maksada laýyk durmuşa geçiriliýänligine “nobatdaky subutnamadygy” habar berildi.
XS
SM
MD
LG