Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toýdan soňky serpaý


Türkmen prezidentiniň baýramçylyk dabaralary sowlup-sowulman güýç gulluklarynyň ýolbaşçylaryny sylaglamagy synçylaryň arasynda dürli pikirleri we soraglary döretdi.
Türkmen prezidentiniň baýramçylyk dabaralary sowlup-sowulman güýç gulluklarynyň ýolbaşçylaryny sylaglamagy synçylaryň arasynda dürli pikirleri we soraglary döretdi.
Çarşenbe güni, Garaşsyzlyk baýramynyň dabaralary soňlanandan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirilip, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa “Garaşsyzlygyň 19 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly parada gatnaşyjynyň” ýadygärlik medaly gowşuryldy.

Soňra prezident G.Berdimuhamedow garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurduň güýç gulluklarynyň ýolbaşçylaryny sylaglamak we nobatdaky harby çinleri bermek baradaky kararlara gol çekdi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň kararlary esasynda goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamow, milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanow, Neşe maddalaryna garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy Aman Garaýew, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Meretgeldi Berdiew “Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin” diýen medalyň 3-nji derejesi bilen sylaglandy.

Şeýle-de güýç gulluklarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Seýitnyýaz Ballyýew “Garaşsyzlygyň 19 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly parada gatnaşyjynyň” ýadygärlik medaly bilen sylaglandy.

Neşe maddalaryna garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň başlygy polkownik Aman Garaýewe, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy polkownik Begenç Gündogdyýewe general maýor çini berildi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy maýor Meretgeldi Berdiýewe bolsa polkownik çini gowşuryldy.

Ilkinji orunda howpsuzlyk we durnuklylyk

Türkmen prezidentiniň baýramçylyk dabaralary sowlup-sowulman güýç gulluklarynyň ýolbaşçylaryny sylaglamagy synçylaryň arasynda dürli pikirleri we soraglary döretdi. Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygynyň kömekçisi, dosent doktor Mehmet Seýfetdin Eroluň pikirine görä, Merkezi Aziýa döwletleri üçin garaşsyzlygyň 20-nji ýyl dönüminde iň esasy mesele howpsuzlyk bolup durýar.

Ol bu meseläniň Gyrgyzystandaky ýagdaýlar, Täjigistandan eşidilýän habarlar bilen baglylykda has hem möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belleýär: “Bu döwletler, hususan-da Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan öz ýurtlarynda ilkinji orunda durnuklylygy goýýarlar. Bu ýerleriň dartgynly ýagdaýy, hususan-da etniki babatdaky dartgynlylygy we Owganystanda dowam edýän uruş bu sebitdäki endişeleriň henizem aradan aýrylmazlygyna sebäp bolýar”.

M.S.Eroluň pikiriçe, Türkmenistanyň Owganystan, şol sanda durnuklylyk babatda problemasy bolan beýleki ýurtlar bilen goňşy bolmagy, Täjigistandaky ýagdaýlardan başga 2005-nji ýylyň maýynda Özbegistanda bolan wakalar, Gyrgyzystanda bolan gandöküşikli wakalar howpsuzlyk meselesini birinji orunda goýýar.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen syýasatçysy Halmyrat Söýünow “güýç gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sylaglanmagyny möhüm we yzygiderli dowam etdirilmeli iş” hasaplaýar: “Sebäbi döwlet bar ýerinde hyzmatam bar, hyzmat bar ýerinde bolsa adamlary höweslendirmek hem gerek. Döwlet derejesinde sylaglanmak ýa sylag almak harby gullugyň bir nyşany”.

Ýöne H.Söýünow birden güýç gulluklarynyň baştutanlarynyň ählisiniň sylaglanmagynyň başga-da bir sebäbiniň bolmagynyň mümkindigine ünsi çekýär: “Ýurduň ugry Myrat Garryýewiň çykyşyndan soň göni açyk-aýdyň boldy. Indi ikinji gezek Türkmenistanda şahsyýet kulty döredilýär”. Onuň pikiriçe, şu syýasy ugur esasynda güýç ulanyjylar täze şahsyýet kultunyň döredilmegine garşy gidip biljek adamlara garşy gönükdirilýär.

Emma türk eksperti M.S.Erol başgarak pikirde. Ol Türkmenistanda diňe bir bitaraplyk syýasatyna bil baglanmaýandygyny, eýsem aktiw daşary syýasat bilen bilelikde, ýurtda ykdysadyýeti güýçlendirmek bilen, sosial pudakda reforma geçirmek barada tagalla edilýändigini aýdýar.

Içki syýasy sebäpler

S.Nyýazow döwründe Türkmenistan polisiýa döwletine öwrülmekde tankyt edildi. Emma Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň ýurt içindäki hereket azatlygynyň ýagdaýy biraz gowulandy, adamlar pikirlerini öňkä garanda erkinräk aýdyp başladylar.

Internetde, dürli saýtlarda peýda bolýan pikir alyşmalary yzarlaýan synçylar prezident G.Berdimuhamedowyň perzidentlige kandidatlyk wadalary esasynda internet mümkinçilikleriniň giňemegi ýaşlaryň arasynda hem biraz pikir janlanmasyny döretdi diýen pikiri aýdýarlar.

Ýöne ýurtda umumylykda gorky faktorynyň saklanyp galýandygyny, güýç gulluklarynyň ygtyýarlygynyň aşa köpeldilýändigini aýdýanlar hem bar. Bäherdende ýaşaýan graždan aktiwisti Sazak Durdymyradyň pikirine görä, howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine häzir Nyýazow döwründäkä garanda hem has kän ygtyýarlyk berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen göni gatnaşyk guramaga mümkinçilik aldy. Bu ýagdaý raýatlaryň daşary ýurtlara erkin gidip-gelmegine kanuny esas berýär. Ýöne bu mümkinçiligiň hem howpsuzlyk aladalary ýa anyk sebäbi aýdylmaýan gadaganlyklar esasynda, Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bikanun çäklendirilýändigi bellenilýär. Bu pikir köplenç başga pikirli adamlaryň garyndaşlarynyň, Gyrgyzystanda okaýan studentleriň, goňşy ýurtlaryň raýatlary bilen durmuş guran adamlaryň duş gelen kynçylyklarynyň mysalynda delillendirilýär.

Düýbi Londanda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň baş redaktory Jon MakLeud türkmen lideriniň baýramçylykdan soň güýç gulluklarynyň başlyklaryny sylaglamagy barada anyk bir zat aýtmagyň kyndygyny belläp, munuň içerki syýasat bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çak edýär.

“Adatça, beýleki ministrlere hem medallaryň we sylaglaryň berilmegine garaşýarsyň. Emma bu gezek diňe daşary hem içeri gorag, howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklaryna sylag berildi. Munuň sebitdäki durnuksyzlyk ýagdaýy bilen hem bagly bolmagy mümkin. Ýöne munuň içerki syýasy sebäpler bilen bagly bolmagy hem mümkin” diýip, J.Makleud aýtdy.

Içerki syýasy sebäpler diýmek bilen, ekspert J.MakLeud bu ýagdaýyň prezidentiň güýçli adamlary özüne ýakyn saklamak isleginden uç alýan bolmagynyň mümkindigini ýaňzydýar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG