Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran bilen ykdysady hyzmatdaşlyk alyp barmakda güman bildirilýän ýewropaly kompaniýalardan birnäçesine garşy ykdysady sanksiýa girizdi.
Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi sanksiýa girizilen bu 37 sany kompaniýanyň Germaniýada, Maltada we Kiprde hasaba alnan, deňiz arkaly ýük gatnadyjy kompaniýalardygyny mälim etdi.
Amerikan häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, sanksiýa girizilen bu kompaniýalar Eýranyň «Shipping Lines» atly döwlet korporasiýasyna degişli ýa-da bu korporasiýanyň bähbitleri üçin iş alyp barýan kompaniýalar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu sanksiýalaryň Eýranyň ýadro ýarag programmasyny we harby söwdasyny ösdürmeginiň öňüni almak maksady bilen görlen çäredigini aýdýar.