Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwalylar Türkmenistan barada nähili pikirde?


Şu gün Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyny belleýär.

70 ýyldan gowrak wagtlap bir döwletiň, ýagny Sowet Soýuzynyň düzüminde bolup, umumy taryhy başdan geçiren ýurtlaryň ýaşaýjylary Türkmenistan barada şu günki gün näme bilýärler? Şeýle sowal bilen Azatlyk Radiosy moskwalylara ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň köpüsi Türkmenistan we onuň ilaty barada gowy pikirdedigini, türkmenleriň açyk we hoşniýetli adamlardygyny aýtdylar. Moskwanyň köçelerinde geçirilen pikir soralyşykda türkmenistanlylar barada käbir negatiw garaýyşlar hem aýdyldy. Şeýle-de ýurduň halkynyň durmuş derejesine we ykdysady ýagdaýyna degişli käbir pikirler hem öňe sürüldi.

“Emma mende negatiw pikir bar. Iki sany ýaş adam bilen söhbetdeş bolamsoň, türkmenleriň bizi ýigrenýänligi barada pikir döredi. Ýöne adamlaryň aç-ýalaňaç we işiň gözleginde Moskwa gelmegi öz ýurdunda durmuşyň öwerlikli däldigini görkezýär” diýip, moskwaly zenan aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir söhbetdeşi şeýle diýdi: “Köp adamyň Moskwa gelip işleýänligini bilýärin, bu bolsa olaryň öz ýurdunda durmuşynyň kadaly däldigini aňladýar”.

“Men Türkmenistana ençeme sapar baryp gördüm. Bizi ajaýyp garşy alandyklary ýadymda. Iň soňky sapar 1998-nji ýyldady. Mende şonda türkmenler Pöwrize hem Bäherden ýaly ajaýyp ýerlerinden näme üçin peýdalanmaýarlar diýen sorag döräpdi. Eýran bilen serhetdeş giňişlikleriň ajaýyp tebigaty hem mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle ýerleriň dynç alyş hem syýahatçylyk üçin ulanylmagy Türkmenistana maliýe girdejilerini getirerdi” diýip, Natalýa aýtdy.

Syýasy garaýyşlar

Türkmenistanyň totalitar sistemaly döwletdigini, halkyň adam hukuklarynyň depelenip, awtoritar sistemanyň şu günki güne çenli saklanyp gelýänligini Azatlyk Radiosynyň käbir söhbetdeşleri bellediler. Ýurda barmak üçin mümkinçilikleriň örän çäklidigi hem agzaldy.

“Men Türkmenistanyň öňki prezidenti Türkmenbaşy barada bilýärin. Ol dünýäde iň paýhassyz liderleriň biri hökmünde tanalýardy. Onuň aýlanýan heýkeli barada-da eşitdim. Gadymy Merw şäheri barada-da bilýärin” diýip, Kewin aýtdy.

Kewin Türkmenistanyň ýene bir aýratynlygynyň wiza meselesidigini belledi: “Wiza almagyň hem ýurda syýahat etmegiň kyndygyny hem bilýärin. Köpden bäri gidesim gelýär. Emma syýahatçylyk üçin mümkinçilikler örän çäkli we gymmat. Üstesine-de, mälim bolşuna görä, ýurda gelýänlere gözegçilik edýän ýörite adamlaryň hyzmatlary hem syýahatçylygyň bahasyna girizilýär”.

Moskwaly Wladimir “Türkmenistanyň totalitar sistemaly döwletdigini we onyň nebite baýdygyny bilýärin” diýip, Azatlyk Radiosyna jogap berdi.

Emma onlarça ýyllaryň dowamynda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Orsýetiň Türkmenistan bilen energiýa gatnaşyklary we gapma-garşylyklary, şeýle de Türkmenistanyň gaz baýlyklary Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri tarapyndan agzalmady.

“Türkmenistan barada örän az bilýärin we ol hakda seýrek eşidýärin” diýen jogaplar hem boldy.

Azatlyk Raiosynyň söhbetdeşleri Türkmenistanyň Orsýetiň gündogar goňşularynyň biridigini, maýyl howaly we bol miweli ýurtdugyny hem bellediler. Ýelena atly zenan Tükmenistan barada esasan mekdepde okan döwründe berlen käbir maglumatlaryň ýadynda galanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG