Şol çärede söz sözlän "Saýlawlar we referendumlar" baradaky komissiýanyň başlygy Myrat Garryýew prezidenti sylaglary bilen gutlap, şeýle diýdi: “Hormatly prezidentimiziň münberden çykyş edenine köp wagt geçmedi, dört ýyl bolup barýar. Emma welin edilen işiň aňyrsy-bärsi ýok. Beýik Alla türkmen halkyny sylaýar, türkmen halkyny öz nazarynda saklaýar. Türkmen halky şeýle bir bagtly halk. Bagtly halka mähriban prezidenti Allatagala gowşurdy. …..Mähriban prezidentim, sylaglaryňyz gutly bolsun. Biziň aramyzda ömürlik prezident bolmagyňyzy Allatagaladan soraýaryn!”.
"Geň zat däl"
Gazagystanly syýasaty öwreniji Serik Abdurahmanow Türkmenistanyň häzirki prezidentine janynyň agyrýandygyny aýdýar: “Sebäbi Türkmenistanyň öňki prezidentine hem "baky prezident" ady berlipdi. Men öňki prezidentiň takdyrynyň gaýtalanmagyny islemeýärin. Merkezi Aziýa ýurtlarymyzda baky prezident bolmasyn, demokratik çalşyk bolsun. Adamlaryň durmuşynda demokratik ösüş bolsun. Baky prezidentiň towereginde baky komekçileri bolýar. Döwleti şol kömekçiler öz bähbitlerine görä dolandyrýarlar. Şonuň üçin hem men kimdir biriniň türkmen halkyna baky prezident bolmagyny arzuw etmezdim”.
Emma käbir syýasatçylar üçin Myrat Garryýewiň beýle çykyşy geň zat däl. Sebäbi ol öňki prezidentiň döwründen soňam adamyň “akylyna sygmajak” zatlary aýdyp gelýän adam diýip, öňki türkmen parlamentiniň deputaty oppozitsioner Halmyrat Söýünow aýdýar: "Myrat Garryýewiň kömegi bilen Türkmenistanda hakyky saýlawlar ýatyryldy. Onuň bu çykyşy-da Türkmenistanda ýene-de bir şahsyýet kultuny döretmegiň nyşany".
Garryýewiň bu çykyşy türkmen halky üçin ullakan bir duýduryş bolup hyzmat etmeli diýen Soýünow onuň sebäplerini şeýle düşündirdi: "Eger-de şu sapar hem diktaturanyň öňi alynmasa, diýmek, ýene-de halk azyndan 20 ýyl edil Nyýazowyň golastyndaky ýaly durmuşynda Berdimuhamedowyň golsatynda ýaşamaly bolar"
Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Togtagul Kakçekeýew bolsa halkyň öňündäki tribuna öz ýurdunyň akyldary Magtymgulynyň goşgularyny okan adamynyň çykarylmalydygyny nygtaýar: “Ýaranjaňlyk etmek hemme milletde hem bar. Emma prezidentiň şol sözleri kabul edip bilşi meni geň galdyrýar. Dogrusy, onuň ýaly adamlary jezalandyrmaly. Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow ilkibaşdan özüni öwmeklerini ýa-da ýaranjaňlyk etmeklerini gadagan edipdi”.
Türkmen jemgyýeti nähili kabul eder?
Gazagystanly syýasaty öwreniji Serik Abdurahmanow türkmen jemgyýetiniň bu ýaranjanlygy kabul etjekdigini öňe sürýär: “Sebäbi diňe türkmen halky däl, bütin regionyň halky hökümetden gorkup ýaşaýar. Häzirki nesilde öz hak-kukuklaryny talap etmäge erk ýok. Bizde häzirki prezidenti öwmek, öňki prezidenti ýazgarmak, tankyt etmek adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Biz henizem şol bir duran ýerimizde”.
Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Soýünow jemgyýetiň muny dürliçe kabul etjekdigini aýdýar: “Hökümetiň elinden nan iýip oturan köşk şahyrlary, žurnalistleri bar, güýç ulanyjy organ işgärleri bar, Berdimuhamedowyň dogan-garyndaşlary bar, bular Berdimuhamedowyň baky prezident bolmagyny iki elleri bilen goldarlar. Emma halkdan pikir soralýan bolsa, halkyň ony goldamajakdygy belli”.
Gazagystanly syýasatyöwreniji Abdurahmanow: “Eger-de bu mesele referenduma goýulsa, elbetde, apparatyň wekilleri we çinownikler sanamagy gowy bilýärler, şonuň üçinem 99% "baky prezident" bolsun diýip, netije çykararalar” diýip belleýär.
Söýünow öňem, soňam Türkmenistanda adam hukuklarynyň aýak asty edilip Baş kanunyň äsgerilmändigini, şol sebäpli dürli zada garaşyp boljakdygyny aýdýar: “Türkmenistanyň Konstitutsiýasy ömürlik prezident saýlamaga ýol bermeýär. Ilkibaşda Myrat Garryýew şu hakda pikirlenmeli eken. Öňki prezidentiň döwründe hem Baş kanun aýak asty edilipdi. Häzirem şol ýagdaý”.
Synçylar jemgyýetiň aýgytly sözüni aýtmalydygyny, sebäbi demokratiýa diýen düşünjäniň bir adama däl-de, bütin millete degişlidigini, her bir adamyň öz hak-hukugy üçin göreşmelidigini nygtaýarlar.