Türkmenistan BMG-ä 1992-nji ýylyň 2-nji martynda agza boldy. Türkmen metbugatynda BMG-niň 65 ýyllyk ýubileýine gabatlap, guramanyň Türkmenistandaky hemişeki koordinatory Lenni Montieliň resmi beýanaty çap edildi. Ol ýerde Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça hereketlerine, şeýle-de halkara inisiatiwalaryna BMG-niň pozisiýasy mälim edildi.
Türkmenistanyň durnukly ösüşini goldamak BMG-niň milli derejedäki esasy meseleleriniň biridir. Guramanyň 2015-nji ýyla çenli Türkmenistanyň ösüşine ýardam bermek boýunça programmasy hut şu maksada gönükdirilýär diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik koordinatory L.Montieliň metbugatdaky beýanatynda aýdylýar.
L.Montieliň beýanatynda aýdylyşyna görä, BMG Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek tagallalaryny, ýagny öz giňişliginde BMG-niň edaralarynyň sanyny artdyrmak, ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Ykdysady we Sosial geňeşiniň we Bosgunlar boýunça Baş kommissarynyň edarasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy bolmak tagallalaryny goldaýar.
Adam hukuklary
BMG şeýle-de Türkmenistanyň hökümetiniň ýurduň adam hukuklary boýunça halkara borçlaryny ýerine ýetirmek ugrundaky hereketlerini we tagallalaryny hem goldaýandygyny mälim edýär. Emma Türkmenistanyň ösüş, şol sanda adam hukuklary ugurdan ösüş derejesi we edýän hereketleri barada BMG-niň Aşgabatdaky edarasyndan maglumat almak başartmady.
Şol bir wagtda-da adam hukuklary meselesi ösüş syýasatyny yglan edýän Türkmenistanyň esasy kemçilikleriniň biri bolup galýar. Garaşsyz halkara guramalary Türkmenistanda raýatlaryň esasy hak-hukuklarynyň gödek depelenmeginiň dowam etdirilýänligine we raýatlaryň kanuny hak-hukuklaryndan peýdalanmagyna ýol berilmeýänligine yzygiderli ünsi çekýärler.
“Forum-18” agentliginiň baş redaktory Feliks Korli Aşgabadyň BMG-niň tekliplerini ýerine ýetirmeýänligini we adam hukuklaryny, din azatlyklaryny berjaý etmeýänligini belleýär. Ol häzir ýurtda dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlygy üçin türmä höküm edilenleriň sanynyň sekiz adama ýetendigini we azyndan ýene iki adamyň öý tussaglygynda saklanýandygyny aýdýar.
“War Resisters’ International” guramasy tarapyndan ýaýradylan maglumatda hem Türkmenistanda din sebäpli goşun gullugyndan boýun gaçyranlardan azyndan 10 adamyň türmä düşenligi habar berilýär. Soňky gezek Ýehowa şaýady Ahmet Hudaýbergenow 7-nji sentýabrda tussag edilip, ol Jenaýat kodeksiniň 219(1) maddasy esasynda 18 aý türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Öňegidişlikler çäkli
F.Korli soňky ýyllarda ýurtda Katolik hristianlaryň resmi hasaba alynmagyna we Prawoslaw hristianlaryň hereketleriniň giňelmegine degişli käbir ujypsyz öňegidişlikleriň bolanlygyny belleýär.Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, soňky döwürde ýurduň daşyna çykmak ugrundanam käbir ýeňillikler peýda boldy, emma bu beýleki ugurlara oňly täsir ýetirmedi.
“Uzak ýyllaryň dowamynda gadagançylyga düşenleriň ýurduň daşyna çykmak mümkinçiligi biraz giňelýär. Emma bu adam hukuklarynyň kepili däl. Söz azatlygy, metbugat azatlygy, döwlete garaşly bolmadyk guramalary döretmek we syýasy partiýalary döretmek mümkinçiligi heniz ýok” diýip, Türkmenistanly ýazyjy A.Bugaýew belleýär.
BMG-niň Türkmenistandaky wekili L.Montieliň sözlerine görä, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara kanunlaryna laýyklykda öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin BMG-niň berýän goldawy ÝB bilen bilelikde alnyp barylýan proýektden ybarat. Bu proýekt Türkmenistanda adam hukuklaryna goramak boýunça ýurduň milli mümkinçilikleriniň güýçlendirilmegine gönükdirilýär.
Emma ýazyjy A.Bugaýew Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň adam hukuklaryna gezek gelende halkara guramalaryndan ýardam almak üçin mümkinçilikleriniň häzirki wagtda örän çäklidigini aýdýar we Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirmekde hakyky öňegidişligiň peýda bolup başlamagy üçin milli kanunlaryň kabul edilip, işläp başlamagynyň zerurdygyny nygtaýar.
“Hökümetiň islegine garaşly”
“Forum-18” agentliginiň baş redaktory F.Korliniň pikirine görä, Türkmenistanda adam hukuklarynyň gowulanmagy üçin BMG ýaly halkara guramalarynyň ygtyýarlyklary maslahat bermek we öz goldawyny teklip etmek ýaly çärelerden ybarat. Şeýle ýagdaýda adam hukuklarynyň näderejede berjaý edilişi türkmen hökümetiniň öz islegine garaşly bolýar.
F.Korli türkmen hökümetiniň ýurduň problemalary barada berilýän maglumatlara we bildirilýän aladalanmalara uly çydamsyzlyk görkezýänligini we graždanlaryň üstünden gözegçiligi güýçlendirmek ýaly çärelerini dowam etdirýänligini belleýär: “Emma biziň öz öňümizde goýýan esasy maksadymyz - ýurtdaky problemalara türkmen hökümetiniň ünsüni çekip, çäre görülmegini gazanmak”.
Lenni Montieliň bellemegine görä, BMG-niň demokratik reformalary ugrunda Türkmenistanyň hökümetine berýän goldawy milli parlamentiň we ýurduň Döwlet gullugy akademiýasynyň ygytyýarlyklaryny berkitmeklige, durnukly ösüş maksatly ýerlerde öz-özüni dolandyryş we elektron dolandyryş sistemalaryny kämilleşdirmeklige gönükdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş fondy, Halklaryň ilat sany boýunça fondy, Bosgunlar boýunça Baş komissarynyň edarasy, Çagalar fondy, Neşe we jenaýatçylyk boýunça edarasy we Dünýä saglyk guramasy işleýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada prewentiw, ýagny öňürdiji diplomatiýa merkezi hem açylypdy.