Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň geljegi babatda, şeýle-de halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Özbegistanyň prezidentiniň Islam Karimowyň sözlerine görä, dürli päsgelçiliklere garamazdan, 2009-njy ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanşygy 40%-e çenli ýokarlanyp, 200 million amerikan dollaryna ýetipdir.
Howpsuzlyk, terrorizm, ekstremizme garşy bilelikde göreşmek, neşe gaçakçylygy hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreş meseleleri-de gepleşigiň gün tertibine girizildi. Gepleşikleriň netijesinde 2011-2013-nji ýyllar üçin medeni-gumanitar ugurlardaky programma, bilelikdäki türkmen-özbek beýannamasyna gol çekildi.
19 ýyldan bäri türkmenler bilen özbekler gatnaşyklaryň öňki sowet döwründäki ýaly bolmagyna garaşýarlar. Emma olaryň arzuwlarynyň käbirleri hasyl bolsa-da, köpüsi arzuwlygyna galyp gelýär.
18-nji oktýabrda özbekleriň has köp ýaşaýan şäheri Daşoguzda türkmen-özbek Dostluk festiwaly başlandy. Oňa prezidentler hem gatnaşdylar.
Dostluk hakynda aýdym aýdylýan şu günki günde özbegistanlylar hem, türkmenistanlylar hem iki türki halkyň dostlugyny hakyky toýlamak üçin ilki başda dostlugyň hakyky binýadynyň döredilmelidigini aýdýarlar.
Türkmenistana täze döwlet ýolbaşçysynyň gelmegi bilen kän özgerişlikler boldy. Özgerişlikleri dürli ugurlarda görmek mümkin. Hatda serhet meselesinde hem öňegidişlikler boldy. Türkmenistanyň serhetýaka sebitleriniň hataryna Özbegistanyň welaýatlaryndan ýene-de birnäçe etraplar girizildi.
Serhetden geçiş
Özbegistanly ýerli ýaşaýjylaryn biri şeýle diýýär: “Türkmen-özbek gatnaşyklary öňkülerden has gowulaşdy. Häzir dört günlük wiza açylyp, Lebaba, Çärjewe we Daşoguza arkaýyn baryp-gelip ýörler”. Aşyr diýen ýigit hem Türkmenistana hiç hili kynçylyksyz geçip bilipdir: "Häzir sekiz dollar töläp, dört günlük geçip bilýäň".
Emma «Häzir jogap» atly guramanyň başlygy Suhrabjon Ismailow şol tölenýän sekiz dollaryň ýönekeý halka agyr düşýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä duşuşykda seredilmeli mesele, bu Türkmenistanyň raýaty hasaplanýan etnik özbekleriň sosial, ykdysady, medeni hukuklaryna degişli meseleler.
"Türkmenistanyň önki prezidentiniň döwründe başlanan we häzirem dowam edýän milletçilik, ýagny milli azçylyklaryň hukuklaryny bozmak häzirem bar. Muňa özbek mekdepleriniň ýapylmagy, özbek dilinde teleradiogepleşikleriň berilmezligi, gazet-žurnallaryň ýokdugy mysal bolup biler" diýip, Ismailow belleýär.
Ismailowyň sözlerine görä, ýurtdaky işsizlik zerarly özbegistanlylar daşary ýurtlara, şol sanda Türkmenistana gelibem möwsümleýin işläp gidýärler: "Emma olar türkmen serhet goraýjylary tarapyndan ele salnyp, ýalan aýyplamalar bilen uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilýärler. Elbetde, olaryň arasynda günkärler-de bardyr, emma köpçüligi şol jenaýat edilen ýeriň golaýynda ele düşendigi üçin tussag edýärler".
Häzir Şwesiýada ýaşaýan, Türkmenistan bilen serhetdeş kaşgaderýaly garaşsyz žurnalist Tolkun Garaýew hem serhedi bikanun kesip geçendikde günalenip, Türkmenistanyň serhet goraýjylary tarapyndan ele salnan Özbegistanyň raýatlarynyň uzak möhletlik türme tussaglygyna höküm edilýändigini tassyklaýar. Onuň sözlerine görä, türkmen hökümeti tarapyndan yglan edilýän günä geçişler türmelerde saklanýan Özbegistanyň raýatlaryna kömek etmeýär.
"Golaýda Zafar atly goňşymy Türkmenistandaky garyndaşlary çagyrypdyr. Ol serhetden geçmäge mejbur bolupdyr. Serhetden geçende ele düşüp türma basylypdyr. Şondan soňky yglan edilen günä geçişliklerde Özbegistanyň raýatynyň azatlyga çykarylandygyndan ýa-da Özbegistana deportasiýa edilendiginden habarym ýok" diýip, Tolkun Garaýew aýdýar.
Raýatlyk meselesi
Ýerli ýaşaýjylary alada goýýan ýene-de bir möhüm mesele bu raýatlaryň pasport, ýagny raýatlyk almak meselesi. Bu hakda ýerli ýaşaýjylaryň biri şeýle diýdi: "Türkmenler bilen özbekleriň arasynda pasport çalşygy bolmaly. Häzir üç müň töweregi türkmen ýigitleri Özbegistanda pasportsyz ýör. Özbegistanlylar Türkmenistanda şeýle ýagdaýda gezip ýörler. Ynha, meniň öz oglum hem pasportsyz kösenip ýör. Şu mesele hem çözülse, gowy bolardy".
Emma daşoguzly Gülnabat atly gelin soňky döwürde Türkmenistanda milli azlygyň hukuklaryna hormatyň ýene-de ösýändigini aýdýar: "Özbeklere hiç hili garşylyk ýok. Olaryň türkmenler bilen deň hukuklary bar. Bu ýerdäkilere özbegem bir türkmenem. Hiç kim millet saýlamaýar. Olar öz däp-dessurlaryny saklaýarlar, milli geýimlerini geýýärler. Toýlaryny-da özbekçe geçirýärler. Olara hiç hili garşylyk ýok".
Horezmli synçy Suhbat Abdulla Özbegistanda türkmenleriň ýaşaýyş ýagdaýynyň indi gowudygyny aýdýar: "Öňki prezidentiň döwründe Türkmenistanda özbekleriň milli azçylyk hökmünde kemsidilendigi dogry. Türkmenleşdirmek syýasaty alnyp barylýardy. Bu meselede ne halkara guramalaryň, ne-de döwlete degişli bolmadyk guramalaryň tankydyna üns berlerdi, hatda BMG-niň tezisleri-de hasaba alnymazdy. Mysal üçin, Özbegistandan gelin bolup düşen, birnäçe çagasy bar aýallary Özbegistana yzyna ibermek ýaly hadysalar-da duşýardy. Emma häzir bu işlere çäk goýlup başlandy".
Özbegistanda 160 müňe golaý türkmen ýaşaýar. Ýurtda 60-dan gowrak sap türkmen mekdepleri bar. Olar şu mahala çenli dilini, milli dap-dessurlaryny, milli geýimlerini saklap gelýärler. Türkmen dilinde «Diýar» atly gazet çap edilýär, radiogepleşikler alnyp barylýar. Kerimowyň Türkmenistana edýän häzirki saparyndan soňra hem iki ýurduň raýatlarynyň durmuşynda oňyn özgerişleriň boljakdygyna umyt edilýär.