Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ors Dumasy "indi parlament däl"


Orsýetiň “Ýabloko” partiýasiniň lideri Sergeý Mitrohiniň aýtmagyna görä, “Bütewei Orsýet” partiýasy hökümetdäki ähli güýji öz elinde saklaýar.
Orsýetiň “Ýabloko” partiýasiniň lideri Sergeý Mitrohiniň aýtmagyna görä, “Bütewei Orsýet” partiýasy hökümetdäki ähli güýji öz elinde saklaýar.

Sowet Soýuzy dargandan soň Orsýetiň Döwlet Dumasynda diskussiýalar gyzgalaňly alnyp barylýardy. Muňa mysal edip, 1990-njy ýyllaryň başlarynda Dumada bolan debatyň dowamynda Orsýetiň aşa milletçi partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiniň syýasy garşydaşlarynyň üstüne topulmagyny getirmek bolar. Emma indi Dumada şeýle diskussiýalar ýok.

Geçen ýylyň maýynda Orsýetiň parlamentiniň Aşaky Palatasyndaky ses berişlik mahalynda bolup geçen örän täsin ýagdaýyň ýazgysy ýerli habar serişdelerinde berildi. “Bütewi Orsýet” partiýasiniň wekilleri ýygnaga gelmedik kärdeşleriniň ýerine ses berilýän düwmäni basyşdyryp çykdylar.

Şol ýygnakda ses berişlige goýlan kanun 450 sesiň 449-nyň makullamagy bilen kabul edildi. Ýöne aslynda bu maslahata deputatlaryň dörtden bir bölegem gatnaşmandy. Bu wakadan soň Orsýetiň Döwlet Dumasy täze karary kabul etdi. Oňa laýyklykda, deputatlar geçirilýän ýygnaklara hökman gelmeli edildi.

Ýöne deputatlaryň aglabasynyň çaklamasyna görä, bu ýurduň kanunçylygyna üýtgeşiklik getirmez. Dumanyň häzirki başlygy Boris Gryzlowyň bir deputata: “Parlament özara diskussiýalaryň, ýagny jedelleriň ýeri däl” diýmesi bütin dünýäde gülki hem geňirgenme döretdi.

Parlamentdäki ýeke-täk oppozision partiýa bolan Kommunistik partiýaniň wekili Wiktor Ilýuhin Dumanyň garaşsyz hereket etmeýändigini aýtdy. Ulýuhin: “Kanunlary Döwlet Dumasy kabul etrmeýär. Olary Kreml we hökümet Dumanyň boýnuna dakýar. Garalýan kanunlaryň kabul edilip-edilmejegi şolara bagly” diýýär.

Häzir gepleşikleriň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegi we parlamentdäki 450 ornuň 315-ni Wladimir Putiniň ýolbaşçylyk edýän “Bütewi Orsýet” partiýasynyň eýelemegi Dumada kabul edilýän kanunlaryň olaryň islegine görä boljakdygyny görkezýär diýip, Ilýuhin belleýär.

“Haçanda Dumada döwlet býujeti maslahat edilende, hökümet resmileri hatda maliýe ministri biziň edaralarymyza geldiler we diňe kararlaryň eýýäm kabul edilendigini habar berdiler” diýip, Ilýuhin sözüniň üstüni ýetirdi. Bilermenleriň pikiriçe, hatda oppazision Kommunistik partiýa hem özüniň parlamentdäki 57 orny bilen hökümete garşylyk görkezmeýär.

“Býurokratlaryň we oligarhlaryň partiýasy”

Orsýetiň “Ýabloko” partiýasiniň lideri Sergeý Mitrohiniň aýtmagyna görä, “Bütewei Orsýet” partiýasy hökümetdäki ähli güýji öz elinde saklaýar: “Bu býurokratlaryň we biznes oligarhlaryň partiýasy. Olar diňe hökümetiň we prezidentiň bähbidi üçin işleýärler”.

Mitrohin: “Parlament ýerine ýetiriji organa gözegçilik etmeýär. Ol diňe degişli kanunlary kabul edýär. Şol kanunlar Orsýetiň raýatlarynyň bähbitlerine ters gelip, býurokratlaryň we uly biznes wekilleriniň haýryna işleýär” diýýär.

Mitrohiniň bellemegine görä, Orsýetde prezidentlik möhletiniň alty ýyla çenli uzaldylmagy barada kanunyň kabul edilmegi bolýan zatlaryň bir mysaly. “Hökümetde bolýan bu bidüzgünçilikleri uzak wagtyň dowamynda aradan aýryp bolmaz. Sebäbi Kreml oppozision partiýalaryň köp babatda ýoluny”.

Ýöne “Bütewi Orsýet” partiýasy şeýle aýyplamalary iňkär edýär. Orsýetde gök önüm öndürýän iň uly kärhananyň eýesi we deputat Wiktor Semýonowyň aýtmagyna görä, “Oppozisiýa ýurtda ýagdaýlaryň öz isleglerine görä däldigini aýtmagyň deregine halk bilen jebis işleşmeli. Bular tekliplerini diwanyň üstünde etmeli dälde, olar üçin göreşmeli”.

Emma syýasy ekspertler şeýle pikir bilen ylalaşmaýarlar. “Panorama” ylmy-barlag merkeziniň wekili Wladimir Pribylowskiniň sözlerine görä, Orsýetiň parlamenti prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Wladislaw Surkow tarapyndan dolandyrylýar. Ol ýurduň esasy ideology hökmünde tanalýar.

“Döwlet Dumasy mundan beýläk parlament däl. Ol hatda “lobby forumy” bolmagyny hem bes etdi. Onuň ýeke-täk wezipesi Orsýetde parlamentiň bardygyny Günbatara görkezmek” diýip, ekspert Pribylowskiý belledi.

“Döwlet Dumasynyň sessiýalaryna deputatlaryň barmazygynyň sebäbi ol ýerde maslahat edere zat ýok. Parlament biznesmenleriň we “deputat” diýlen ady götermek isleýänleriň klubyna öwrüldi” diýip, “Panorama” ylmy-barlag merkeziniň wekili Wladimir Pribylowskiý aýdýar.
XS
SM
MD
LG