Gazagystanda bu kanun takmynan 15 ýyl mundan ozal kabul edilip, jaýlar hususylaşdyryldy. Emma bu ýaşaýyş jaý-kommunal reforma Gazagystanda henize çenli-de tamamlananok.
Türkmenistanda goňşy ýurduň ýalňyşlyklary gaýtalanmaz ýaly näme etmeli? Gazagystanda bu ugurda nähili kynçylyklar ýüze çykdy? Biz bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy gazagystanly ykdysatçy Pýotr Swoik bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Pýotr Wladimirowiç, häzir Türkmenistanda «Jaýlary hususylaşdyrmak» baradaky kanunyň kabul edilmegine garaşylýar. Belli bolşy ýaly, Gazagystan Sowet Soýuzy dargansoň ilkinji bolup, jaýlaryň hususylaşdyrylmagyna ýol açdy. Bu ugurdan Gazagystanyň tejribesi hakda gürrüň berip bilmezmisiňiz? Sizde jaýlary hususylaşdyrmak nähili geçirildi?
P.Swoik: Gazagystanda ýaşaýyş kommunal reformasy GDA döwletleriniň arasynda iň birinji bolup geçirildi. Bu reforma 1995-97-nji ýyllar aralygynda amala aşyryldy.
Reforma iki tapgyrdan ybarat boldy. Ilki bilen raýatlaryň ýaşaýan jaýlary hususulaşdyrlyldy. Başda muňa degişli ýörite kuponlar çykarylyp, jaýlaryny hususylaşdyrmak isleýän raýatlar belli bir möçberde pul tölemeli edildi.
Ýöne soň bu usuldan el çekilip, jaýlar tölegsiz hususylaşdyryldy. Bu iş geçirilensoň, kommunal pudaga hökümetiň töleýän dotasiýalary ýatyryldy. Bu bolsa şol kyn döwürde býujeti dikeltmäge ýardam berdi.
Azatlyk Radiosy: Ýaşaýyş jaý-kommunal reformanyň dowamynda nähili kynçylyklar ýüze çykdy?
P.Swoik: Adamalaryň öz ýaşaýan jaýlaryny hususylaşdyrmagy gowy zat. Ýöne agzalýan reformada bir mesele göz önünde tutulmady. Ol hem köpgatly jaýlardaky ulanylýan umumy meýdanyň eýeçiligi kanun tarapyndan kesgitlenmedi. Ýagny üçekleriň, ýerzeminleriň, basgançaklaryň kimiň eýeçiligindeligi ýuridiki taýdan takyklanmady. Netijede bu ulanylýan umumy meýdanlar hususylaşdyrylman, hökümetiň eýeçiliginde galdy. Ýöne hökümet hem ol ýerleriň gözegçiliginden el çekdi. Onsoň jaýyň depesinden suw geçse, onuň remontyny kimiň etmelidigi düşnüksiz bolup galdy. Şol sebäpden jaýyň girelgeleri hem görer ýaly bolmady. Köpgatly jaýlaryň diňe kwartiralary raýatlaryň eýeçiliginde. Hökümetiňem özüne degişli ulanylýan umumy meýdanlaryň remontyny maliýeleşdiresi gelmeýär.
Azatlyk Radiosy: Bu mesele henize çenli çözülmedimi? Henize çenli ulanylýan umumy meýdanlaryň eýeçiliginiň kime degişlidigi kanun tarapyndan kesgitlenmedimi?
P.Swoik: Hawa, bu mesele henize çenlem çözülmän gelýär. Ýaşaýyş jaý-kommunal reformanyň geçirilip başlanmagyna, ynha, 10 ýyl bolsa-da, bu mesele petige dirän ýaly. Häzir bu mesele bilen bagly köpgatly jaýlary kondo-minimum diýlip atlandyrylýan sistema geçirmek teklip edilýär. Ýagny, ulanylýan umumy meýdanlaryň eýeçiligi hem şol jaýdaky kwartiralaryň arasynda, ululygyna baglylykda paýlanýar.
Şeýlelikde ulanylýan umumy meýdanlar üçin aýyna bellenilen möçberde pul tölenip, amortizasion fondy döredilýär. Remont işlerini geçirmek zerurlygy dörän halatynda şol fonddaky serişdelerden peýdalanylýar.
Häzir Gazgystanda gurulýan täze jaýlar hut şol sistema boýunça satylýar. Ýöne henize çenli-de ulanylýan umumy meýdan bilen bagly kynçylyklary çözülmedik öýler az däl. Häzir bu problemasy çözülmedik jaýlar üçin hökümet 20-30 sany köpgatly jaý üçin öňki öý uprawleniýalary ýaly edaralary saklaýar. Emma bu usul düzüwli işlemeýär. Şonuň üçin mundan başga çykalga gözlemeli.
Azatlyk Radiosy: Pýotr Wladimirowiç, Günbataryň ösen ýurtlarynda siziň öý uprawleniýesi diýip atlandyran edaraňyz hususy pudaga degişli. Ýagny, köpgatly jaýda ýaşaýanlar ýörite tendr yglan edip, özleriniň jaýlary bilen bagly iş alyp barjak firmany saýlalaýar. Ýaşaýan jaýlarynyň ululygyna baglylykda kwartiralaryň eýeleri aýyna belli bir möçberde kommunal tölegleri töleýarler. Şol puldan jaýy dolandyrýan firmanyň haky hem tölenýär. Eger jaýa gözegçilik edýän firmanyň işi ýaşaýjylary kanagatlandyrmasa, onda gaýtadan ýygnak geçirilip, öňki firmanyň ýerine täze firma işe alynýar. Bu usul iň netijeli hasaplanýar. Şeýle sistema Gazagystanda doly işlär ýaly nähili kanunlaryň kabul edilmegi zerur?
P.Swoik: Kanunda her bir köpgatly jaýyň hususy eýeçilige degişli özbaşdak emläk kompleksidigi anyk kesgitlenmeli. Galyberse-de, şeýle jaýyň eýeleriniň özbaşdak kommunal gatnaşyklaryny gurnap biljekdikleri kanunda takyk bellenilmeli.
Elbetde, bu işleri ýola goýmak üçin hökmany suratda hökümetiň ýörite alyp barýan syýasaty gerek. Sebäbi ýaşaýjylaryň özleriniň birigip, bu ugurda agzybir iş alyp barmaklaryna garaşyp bolmaz. Bu meselede hökümet hereket etmeli.