“Nabukko” gazgeçirijisini gaz bilen üpjün edip biljek esasy döwletleriň biri – Türkmenistan. Türkmen metbugatynyň habaryna görä, ýakyn günlerde ABŞ-nyň “Chevron” we Fransiýanyň “Total” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistana sapara bararlar. Olar Hazar deňziniň tebigy gaz resurslaryny özleşdirmek meselesini maslahat ederler. Emma Türkmenistana garanda “Nabukko” proýektine Yragyň has tiz goşulmagynyň ahmaldygy mälim edildi.
ABŞ-nyň Ýewraziýanyň energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň hepdäniň çarşenbe güni Waşingtondaky Johns Hopkins uniwersitetinde eden çykyşynda bellemegine görä, Ýewropany Orsýetden sowa gaz bilen üpjün etmek boýunça strategik proýekt bolan “Nabukko” gazgeçirijisiniň öňünde duran esasy mesele onuň gaz üpjünçiligine degişli.
Amerikan resmisiniň sözlerine görä, häzirki wagtda proýektiň gaz bilen üpjünçiliginde Azerbaýjandan başga Türkmenistan bilen Yraga bil baglanýar. “Bagdad öz gyzyklanmasyny mälim etdi we onuň ýakyn geljekde goşulmagyna garaşylýar. Emma Türkmenistanyň ýakyn geljekde proýekte goşuljagy gümana. Ilkinji nobatda bu syýasy sebäplere esaslanýar” diýip, Riçard Morningstaryň belländigi habar berilýär.
Germaniýanyň “Handelsblatt” gazetinde “Nabukko” proýektini gaz bilen üpjün etmek meselesinde proýekte gatnaşýan taraplaryň potensial hyzmatdaşlary bilen gutarnykly ylalaşyga gelip bilmändigi aýdylyp, şu sebäpden proýektiň durmuşa geçirilip başlanmagynyň ýene yza tesdirilýändigi bellenildi. Emma Türkmenistan Ýewropany energiýa bilen üpjün etmekde ÝB bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny şu hepde mälim etdi.
13-nji oktýabrda türkmen-britan senagat geňeşiniň ýolbaşçysy Ronald Neş bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdelerini eksport etmek üçin ýurduň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny we bu ugurda daşary ýurtly, aýratynam ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
2008-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Memoranduma gol çekişmegine we “Nabukko” konsorsiumynyň paýdary bolan Germaniýanyň “RWE AG” kompaniýasynyň 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşmagy synçylar tarapyndan Aşgabadyň “Nabukko” proýektine tarap ädimi hökmünde kabul edilipdi.
Şu ýylyň tomsunda Türkmenistan Hazar deňzindäki gaz ýataklaryny özleşdirmek işine Günbataryň kompaniýalaryny çekmek planlaryny hem yglan etdi.
ENEX peýda boldy
Habar serişdelerinde ýaňy-ýakynda Ýewropanyň käbir kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen eýýäm özara ylalaşyga gelendigi hakda maglumatlar peýda boldy. “EU Observer” neşiri, ENEX kompaniýasynyň ýolbaşçysy, belgiýaly ýurist Kun Minne salgylanyp, Belgiýanyň “ENEX Process Engineering” kompaniýasynyň ýewropaly birnäçe kompaniýalar bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda türkmen hökümetine öz gutarnykly teklibini hödürlemekçidigini habar berýär.
Kun Minne Türkmenistanyň Belgiýadaky we Ýewropa Bileleşigindäki resmi däl konsulydyr. Onuň diňe şu ýylyň özünde türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen ýedi gezek duşuşandygy we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we ýangyç boýunça ýokary derejeli türkmen resmisi Ýagşygeldi Kakaýew bilen telefon arkaly yzygiderli gepleşik geçirýändigi habar berilýär.
ENEX kompaniýasy gysylan tebigy gazy (CNG) Hazaryň üsti bilen tankerler arkaly Azerbaýjana, ol ýerden bolsa Baku-Tbilisi-Erzurum gazgeçirijisi arkaly Türkiýa akdyrmagy göz öňünde tutýar. Eksport boýunça planlaşdyrylýan möçber 3-4 millard kubmetr aralygynda. “Nabukko” proýektine akdyrylmagy göz öňünde tutulýan türkmen gazynyň möçberi-de 10 milliard kubmetrdir.
Häzirlikçe Erzurumdan Ýewropa Bileleşigine gaz akdyrjak geçirijini kimiň gurjakdygy belli däl. Gurulaýan ýagdaýynda-da Türkmenistanyň bu konsorsiuma goşulyp-goşulmajakdygy ýa-da hatda gazy diňe öz serhetinde satyp-satmajakdygy hem anyk däl. Emma “EU Observer” Kun Minne salgylanyp, türkmen gazynyň bu ugurdaky ilkinji eksporty 2013-2014-nji ýyllara planlaşdyrylýar diýip ýazýar.
Maglumata laýyklykda, “ENEX Process Engineering” Türkmenistan bilen ylalaşyk baglaşan ýagdaýynda bu Orsýetiň “Günorta akym” we Günbataryň “Nabukko” proýektlerine zarba bolup biler. Emma Kun Minne häzire çenli Orsýetden nägilelik bildiriji yşaratyň gelmändigini aýdýar we “Nabukko” ýa-da “Günorta akym” geçirijilerini gaz bilen üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň haýsydyr bir ylalaşyga gol çekjekdigine ynanmaýar diýip, “EU Observer” habar berýär. Bu neşiriň ýazmagyna görä, “Nabukko” proýektine päsgelçilik döretmek üçin Orsýetiň Kun Minni ulanýandygyny ÝB-niň käbir diplomatlary öňe sürýärler, emma Kun Minne muny ret edýär.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barrosonyň noýabr aýynyň ahyrynda ýa-da dekabryň başlarynda Hazar regionyna sapar etmegine garaşylýar. Saparyň esasy maksady “Nabukko” proýekti boýunça hyzmatdaşlyga itergi bermek bolar diýlip, habar berilýär.
Türkmen hökümetiniň daşary ýurt kompaniýalary bilen energiýa hyzmatdaşlygyna degişli takyk planlary barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat berilmedi.