«Respublika» partiýasy haýsy tarapa goşulsa, şol tarapyň terezisiniň agyr boljakdygy aýdylýar. Ýeňiş gazanan partiýalar koalisiýa düzmek meselesiniň syýasy geňeşlerde masalahatlaşylýandygyny bildirseler-de, haýsy partiýa goşuljakdyklaryny gizlin saklaýarlar.
«Ar-Namys» partiýasynyň lideri Feliks Kulow iki-üç partiýa bilen gepleşikleriň geçirilýändigini, emma olaryň atlaryny aýtmajakdygyny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi: “Biz häzir maslahatlaşýarys. Emma kim bilen birleşjekdigimiz hakda entek anyk bir netijä gelemzok. Biz iki partiýa bilen gepleşikleri geçirýäris. Şu gün ýa-da ertir anyk bir netijä geleris”.
Koalisiýa düzmek boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini oppozisiýadaky «Ata Žurt» partiýasy hem habar berdi. Partiýanyň liderleriniň biri Kamçybek Taşiýew belli bir kararyň gepleşikler geçirilenden soňra kabul ediljekdigini žurnalistlere ýetirdi. Ol özleriniň Gyrgyzystanyň geljegi üçin ähli partiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge we ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen hem bilelikde iş alyp barmaga taýýardyklaryny aýtdy.
«Respublika» partiýasynyň lideri Ömürbek Babanow Gyrgyzystanyň ykdysadyýetini gowulandyrmagy göz öňünde tutýan, milletara dostlugy isleýän hem-de Orsýeti strategik hyzmatdaş hökmünde kabul edýän partiýalar bilen birleşjekdigini nygtady. Emma ol öňki prezident Kurmanbek Bakyýewi ýurda gaýtaryp getirjek diýen partiýalar bilen birleşip bilmejekdigini žurnalistlere bildirdi.
Käbir parlament dolandyryşly döwletleriň tejribesine görä, hökümeti düzmek mümkinçiligine köp ses alan partiýa däl-de, başga partiýalar bilen ylalaşyp koalisiýa düzen we parlamentde köp orun alan partiýalar eýe bolýarlar. Şonuň üçinem partiýalar öz aralarynda gepleşikler geçirip, mümkin boldugyndan parlamentde köp orun almaga synanyşýarlar.
«Respublika» söwdalaşýar
Synçylar «Respublika» partiýasynyň entek hiç bir tarapa goşulman, syýasy söwdany dowam etdirýändigini aýdýarlar. Gyrgyzystanyň parlamentiniň öňki başlygy, syýasaty öwreniji Mukar Çolponbaýew «Respublika» partiýasy oppozisiýadaky «Sosial-Demokratlar» bilen «Ata Meken» patiýasyna goşulýan bolsa, partiýanyň lideri Ömürbek Babanow premýer-ministriň wezipesini sorar diýýär.
“Meniň pikirimçe, «Respublika» partiýasynyň lideri Babanow premýer-ministriň kürsüsini sorar. «Ata Meken» partiýasynyň lideri bolsa parlamentiň başlygy wezipesini sorar. «Sosial-Demokratlar» partiýasynyň başlygy Atambaýew: “Biz üstünlik gazandyk. Biriňiz kanun çykaryjy, ikinji biriňiz ýerine ýetiriji häkimiýeti eýeleseňiz, indiki prezident saýlawlarynda meniň kandidaturamy goldarsyňyz” diýse, bular bir koalisiýa düzüp bilerler” diýip, Çolponbaýew aýdýar.
Kanuna görä, prezident saýlawlarda köp ses alan «Ata Žurt» partiýasyna koalisiýa düzmegi we premýer-ministri bellemegi teklip edýär. Eger-de «Ata Žurt» partiýasy «Respublika» partiýasyny özüne çekmegi başarmasa, onda ol şol mümkinçilikden peýdalanyp bilmez.
Şol bir wagtyň özünde-de «Respublika» partiýasynyň oppozision partiýalara däl-de, beýlekilere goşulmagy mümkin diýen pikirler bar. Syýasaty öwreniji Nursultan Namazalaiýew şeýle bolan ýagdaýynda respublikaçylaryň öz häzirki hormat-sylagyny saklap galjakdygyny aýdýar.
«Bütewi Gyrgyzystan» oppozision partiýasy saýlawçylaryň 5%-niň sesini alandygyny belläp, parlamente geçirilmegini talap edýärler. Emma bu mesele entek çözülenok. Eger-de Merkezi saýlaw komissiýasy partiýany ýeňiş gazandy diýip yglan etse, onda parlamentdäki orunlar ýene-de bölünip, «Bütewi Gyrgyzystan« partiýasynyň parlamentdäki oppozision partiýalaryň hataryny doldurjakdygy aýdylýar.
Duşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini ilkinji saýlawlary üstünlikli geçirmegi bilen gutlady.
ÝHHG-niň synçylar missiýasynyň wekili Katerina Newedalowa parlament saýlawlarynyň Gyrgyzystanyň taryhynda täze sahypany açandygyny, Gyrgyzystanyň demokratik jemgyýet gurmaga taýýardygyny bildirdi. Ol bu saýlawyň öňkülerden düýpli tapawutlanýandygyny we munuň hökümetiň demokratik ýol bilen erkin saýlawlary geçirmek ugrundaky hereketleriniň netijesidigini belledi.