Sammitiň dowamynda türki döwletleriň «Hyzmatdaşlyk geňeşi« döredildi we işe başlady. Sammitiň çäginde Türkiýäniň energetika boýunça ministri Taner Ýyldyz özüniň azerbaýjanly we türkmenistanly kardeşleri Natik Aliýewdir Baýramgeldi Nedirow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan soň Taner Ýyldyz Türkiýäniň Malaýziýanyň «Petronas» nebit we gaz kompaniýasynyň Hazaryň türkmen ýalpagynda özleşdirilýän gazyny satyn almaga taýýardygyny mälim etdi.
"Nabukkonyň" başlangyjy
Sammitden soň türki dilli döwletleriň baştutanlary žurnalistler üçin metbugat konferensiýasyny geçirdiler. Onda prezident Berdimuhamedow türkmen gazyny eksport etmek boýunça žurnalistleriň käbir soraglaryna jogap berdi.
Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda başlanan Gündogar- Günbatar gazgeçirijisini gurmak proýektiniň «Nabukkonyň» başlangyjy bolup biljekdigini nygtady. Şeýle-de bu meselede Azerbaýjan bilen ortada hiç hili dawaly çözülmedik meseleleriň ýokdugyny-da sözüniň üstüne goşdy.
Häzir Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine goşulmagy Orsýeti begendirip bilmez diýip, sözüni şeýle dowam etdirýär: “Ynha, oktýabr aýynda Medwedew Tükmenistana barmaly, şonda ol Berdimuhamedowy “Nabukko”goşulma diýip yrjak bolar. Ýöne Türkmenistanyň bähbitleri şol “Nabukko”proýektine goşulmak”.
Hazar deňzinde ynjalyk ýok
Häzire çenli Hazaryň gaz ýataklary meselesi çözülmän gelýär. Bu mesele Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň sowuklaşmagyna getiren esasy mesele bolup durýar. Ak-Muhammet Welsapar eger-de bu mesele çözülmese, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini aýdýar.
“Iki goňşynyň arasynda dawa bar bolsa, ondan peýdalanjak bolýan has güýçli ýurtlar bar. Meselem, Azerbaýjanyň Daglyk-Garabagyň üstünde Ermenistan bilen arada güýçli konflikt bar. Orsýet şol dawany çözmese-de, elmydam çözmäge kömek berjekdigini aýdýar. Eger-de Hazar deňzindäki nebitli ojaklaryň üstünde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dawa ýatmasa, Orsýet bu dawany ulanyp, iki has ýakyn ýurduň arasyny ymykly bozup biler. Munuň üçin Orsýet Azerbaýjana basylyp alnan territoriýasyny gaýdyp almaga kömekleşjek diýse – ýeterlik… Şonda Azerbaýjan Orsýeti diňlemän bilmez” diýip, Ak-Muhammet Welsapar belleýär.
Şu mahala çenli Hazar ýaka döwletleriň arasynda Hazaryň durumy meselesinde hem anyk bir karara gelinmedi. Ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar bu ýagdaýyň «Nabukko» proýektiniň amala aşyrylmagyna päsgel berjekdigini öňe sürýär: “Sebäbi “Nabukko” proýekti uly proýekt. Oňa ullakan maýa goýumlary goýulmaly. Şonsuz ol proýekti amala aşyryp bolmaz, sebäbi gazgeçirijini deňziň düýbünden geçirmel”.
Oňşuksyzlyk dowam etse...
Käbir syýasaty öwrenijiler bolsa türki döwletleriň döwlet baştutanlary öz aralarynda ylalaşan ýagdaýynda hem Hazaryň gaz ýataklary we statusy meselesi çözülmese, bu proýektiň amala aşmagynyň ikuçludygyny aýdýarlar. Özbegistanly syýasaty öwreniji Daşpolat Ýoldaşowyň sözlerine görä, “Bu meseläni çözmek kyn. Sebäbi Hazar ýaka döwletleriň pozisiýalary her hili we goýýan talaplary uly”.
Ýoldaşowyň sözlerine göra, «Nabukko» proýekti amala aşyrylan ýagdaýynda Türkmenistanyň gazynyň hyrydarlarynyň sany artar. “Bir tarapdan – Hytaý, ikinji tarapdan – Ýewropa. Bu ýagdaýda Türkmenistan Orsýetiň öňünde öz şertlerini goýmagy başarar hem-de öz garaşsyzlygyny berkider. Dünýä bazaryna öz nebitini we gazyny çykarar. Bu ýagdaý Orsýetiň gaharyny getirmän durmaz” diýip, Daşpolat Ýoldaşow aýdýar.
Stambulda geçirilen metbugat konferensiýasynda “Transowgan” gaz geçirijisi barada hem sowallar berildi. Berdimuhamedow bu proýektiň oňa gatnaşýan döwletler, ýagny Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan üçin bahbitli boljakdygyny bellemek bilen bu proýektiň ykdysady taýdan Türkmenistan üçin ikinji derejede durýandygyny nygtady.