Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda sişenbe güni geçiren maslahatyny hem hut şolar ýaly strategik maksatlara eýerýän, alamat beriji maslahatlaryň hataryna goşsa bolar.
Köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu gezek prezidentiň ýanyna ýurduň esasy ideologiýa ugurlary boýunça iş alyp barýan ýokary derejeli ýolbaşçylaryň tas ählisi diýen ýaly çagyrylypdyr. Bu maslahatda gozgalan meseleleriň birem hut şol adamlaryň iş sferasyna degişli boldy.
Ýolbaşçylaryň öňünde goýlan wezipe, sözme-söz aýdylsa, «Täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny işläp düzmek» diýen jümle görnüşinde ýaňlandy. Özi-de prezident şu günki gün «Barlygyň täze filosofiýasyny işläp düzmekligiň» esasy wezipelerden biri bolmalydygyny nygtady.
Başgaça aýdylanda, bu maslahat Türkmenistanyň ozalky hökümdarynyň ýolbaşçylyk eden ýyllarynda Saparmyrat Nyýazowyň ady bilen berlen «Ruhnama» atly kollektiwleýin eseriň maksatlarynyň hemmesine diýen ýaly täzeden degip geçdi.
Hut şol «Ruhnama» eseri türkmenbaşyçylyk döwlet ideologiýasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy hökmünde peýda bolupdy. Hut şol «Ruhnama» eseri ähli dersleriň dersi bolupdy. Ol her bir şahsyýetiň we ähli türkmen jemgyýetiniň durmuşy ideologiýasynyň özenine öwrülipdi.
Ýöne indi täze häkimiýet ýurduň ähli býurokratik-intellektual güýjüni jemläp, täze bir ideologiýany işläp düzmek kararyna geldi. Görnüşine görä, bu çäräniň «Ruhnamadan» we Saparmyrat Nyýazow bilen baglanyşykly ähli beýleki simwoliki galyndylardan doly arany açmak görnüşinde alamatlanmagy mümkin.
Sessiz üýtgediş
Türkmenistanda adamlaryň gündelik durmuşynda Türkmenbaşyny ýatladýan nyşanlaryň ähmiýetini görnetin peseltmek üçin eýýäm köp zatlar edildi. Ýöne şol bir wagtda-da Nyýazow we onuň dolandyran döwri barada açyk tankydy garaýyşlaryň aýdylmagyna welin, henize çenli hiç hili ýol berilmän gelinýär.
Türkmenbaşy döwründe tas ýykylyp, weýran edilen saglygy saklaýyş we bilim pudagy ýaly pudaklarda düýpli düzedişler geçirildi. Nyýazow döwründe gadagan edilen operanyň we sirkiň işi gaýtadan dikeldildi. Bularyň hem üstesine, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynlara çenli hem edip bolmajak zat bolup görünýän aýgytly bir işi amala aşyrdy – ol Nyýazowyň kultunyň esasy simwoly bolan onuň altyn heýkelini paýtagtyň merkezinden aýyrmagy karar etdi.
Indi bolsa täze häkimiýet ýurtda döredilen ozalky režimiň kökleriniň köküne paltany salyp başlady. Ýagny, häkimiýet jemgyýeti Türkmenbaşynyň simwollaryndan doly arassalap, prezident Berdimuhamedowyň döwründe döredilen şygarlar bilen baglanyşdyrylýan täze bir ideologiýa doktrinasyny döretmegi karar etdi.
Berdimuhamedowyň bu ugurdaky görkezmeleri barada habar beren türkmen habar serişdeleri täze ideologik doktrinany döretmek ugrundaky çäreleriň näderejede halkara demokratik standartlaryna laýyk geljekdigi barada welin, hiç hili anyk zat aýdyp bilmedi.
Mundan daşgary, habar serişdelerinde nygtalan «Täze galkynyş eýýamynyň ruhuna we filosofiýasyna» laýyk gelýän täze ideologiýany döretmek üçin ideologlara näçe wagtyň gerek boljakdygam anyk bolman galýar.
Munda has hem düşnüksiz tarapy – bu gürrüňi edilýän ruhuň we filosofiýanyň «Ruhnamanyň» özeninden näme bilen tapawutlanjakdygydyr. Eýse, bu çäreler «Ruhnamany» birneme başgaça sözler bilen gaýtadan ýazmak ýaly bir zat bolup çykmazmy?
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.