Munuň özi doga gaýtalamak ýaly bir zat bolup ýaňlandy. Sebäbi bu söz indi maslahatlardan-maslahatlara yzygiderli gaýtalanylyp gelinýär. Bu sözüň şeýle ýygy-ýygydan gaýtalanyp gelinmegi käbir adamlarda «hakykatdanam, deputatlar özlerine tabşyrylan borçlaryň hötdesinden gelip bilmeýän eken» diýen ýaly garaýyşlary-da döredip biler.
Beýleki tarapdan, eger prezident «Mejlisiň deputatlary jemgyýetiň durmuşyna aktiw gatnaşyp, hemişe wakalaryň jümmüşinde bolmaly» diýip nygtaýan bolsa, onda, hakykatdanam, ýa-ha deputatlar özlerine ynanylan borçlary ýerine ýetirenoklar, ýa-da olara bu işde nämedir-bir zatlar böwet bolýar.
Saýlawçylardan soralanok
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky öz çykyşlarynda deputatlaryň saýlawçylaryň ynamyny ödemelidiklerini-de olara irmän-arman ýatladýar. Emma, saýlawçylaryň deputatlara asla ynanyp-ynanmaýandyklary barada welin, saýlawçylardan hiç kim hiç zat sorajagam bolanok.
Aslynda, ynam diýilýän zat häkimiýetleriň kabul edýän kararlaryna deputatlaryň nähilidir bir derejede täsir ýetirýän halatynda ýüze çykyp biler. Diňe şeýle ýagdaýda saýlawçylar öz deputatlarynyň ýagdaýlary gowulandyrmak prosesine edýän täsirlerine baha berip bilerdiler.
Ýöne türkmen Mejlisinde häzirlikçe bular ýaly prosesler asla ýok. Deputatlarda asla hiç hili gözegçilik ediji funksiýa ýok. Döwlet häkimiýeti dolandyryşyň hiç bir derejesinde deputatlary umumy görnüşde-de, aýry-aýrylykda-da asla alga almaýar.
Deňeşdirmek üçin
Eger deňeşdirmek üçin Ukrainanyň parlament deputatlaryny alyp görsek, ol ýerde deputatlar döwletiň ähli býujet planlaryny aktiw ýagdaýda ara alyp maslahatlaşýarlar. Nähilidir bir korrupsiýa ýa-da jenaýat bilen baglanyşykly dawalar ýüze çykanda bolsa, parlament ýörite derňew geçiriji komissiýalary döredip bilýär.
Şeýle komissiýa, öz gezeginde, döwlet gullukçylaryny we, şol sanda, häkimiýetiň iň bir ýokary derejelerindäki çinownikleri-de hasabata çagyryp bilýär. Ol çinownikler bolsa, şular ýaly parlament komissiýalarynyň öňünde hasabat bermäge borçly bolup durýarlar. Deputatlaryň şular ýaly ygtyýarlyklary hem deputatlara, edil prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, «wakalaryň jümmüşinde bolmaga» mümkinçilik berýär.
Ýöne, gynansak-da, Türkmenistanyň Mejlisinde ýurtda bolup geçýän syýasy we ykdysady proseslere hatda minimal derejede täsir etmäge-de mümkinçilik ýok. Mysal alnan Ukrainada bolsa, parlamentdäki oppozision fraksiýalar hatda ministrlere we olaryň orunbasarlaryna çenli ähli derejelerdäki býurokrat çinownikleri wezipesinden boşatmak meselesini-de keserdip goýup bilýärler.
Teoretiki zat
Türkmenistanyň deputatlaryndan köpüsi Aşgabatda BMG, ÝHHG we beýleki halkara guramalary tarapyndan gurnalýan dürli hili seminarlara gatnaşýarlar. Türkmen deputatlary Ýewropa ýurtlarynyň parlamentlerinden tejribe öwrenmek üçin köp gezekler demokratik ýurtlara-da gidip gördüler. Ýone bu seminarlaryň, kurslaryň, saparlaryň we ylmy konferensiýalaryň hemmesem türkmen deputatlary üçin iş ýüzünde ulanyp bolmaýan teoretiki zat bolmagynda galýar.
Şu nukdaýnazardan, bu deputatlardan hakykatynda edip bolmajak zat talap edilýär. Döwlet häkimiýeti bolsa, öz üstünden hiç hili gözegçiligiň bolmagyna ýol berenok. Çekişmeler ýa jedeller-ä beýlede dursun, ol hatda ýönekeý bir parahat diskussiýalaryň bolmagyna-da ýol berenok. Eýsem, şeýle etmek bilen, döwlet häkimiýetiniň özi deputatlaryň işine bolan zerurlygy doly aradan aýyrmaýarmy näme!?
Emma, muňa garamazdan, döwlet režimi bezeg funksiýasyndan başga roly ýerine ýetirip bilmeýän bu Mejlisi saklamak üçin örän uly çykdajy edýär. Mejlisiň funksiýasynyň bezeg funksiýasyndan aňryk geçmeýändigi üçinem, ony ne-hä häkimiýet alga alýar, ne-de adaty saýlawçylar. Ahyrky netijede, häkimiýetiň özi nämä pul sarp edýändigine-de düşünmeýän bolmaly. Saýlawçylar bolsa, kime we näme üçin ses berýändiklerine düşünmeýärler.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.