Gyrgyzystanda turan etniki çaknyşygyň üstünden üç aý geçdi. Hökümet hem ilat indi ýurduň taryhynda ýaramaz yz galdyran bu sahypanyň ýapylmagyny isleýär. Ýöne bu çaknyşyk bilen baglanyşykly geçen üç sud prosesi adalatyň deňagramlylygy gowşak diýen aladany oýardy.
Ine, 10-njy oktýabrda ýurt üçin möhüm parlament saýlawlaryna barylýarka, prosesleriň dartgynlygy gowşatmagyň deregine ony ýitileşdirmeginden gorkulýar.
Oşuň Kara-Suu etrabynda 3-nji sentýabrda geçen ilkinji prosesde bäş adam sud edildi. Bularyň bäşisi hem özbekler. Nooken şäherinde öten hepde başlanyp, 15-nji sentýabrda soňlanan ikinji prosesde hem sekiz adam sud edildi. Bularyň-da hemmesi özbekler. 13-nji sentýabrda hem Jealal Abatda 11 özbek barada 3-nji prosese başlandy.
Bu proseslerde mese-mälim göze ilýän zat suduň öňünde dikeldilýänleriň hemmesiniň diňe özbeklerdigi däl. Olara uzak möhletli iş kesilmegi hem talap edilýär. Hut şu ýagdaý-da adam hukuklary boýunça synçylaryň ünsüni özüne çekdi. Olar gyrgyz häkimiýetlerini eden-etdilik we hatda gynamak bilen özbekleri nyşana alýanlykda aýplaýarlar.
Suda çekilen gyrgyz ýok
“Human Rights Watch” (HRW) toparynyň ýokary derejeli barlagçysy Anna Neistat: “Adamy aladalandyrýan sud edilýänleriň arasynda gyrgyzlaryň ýokdugy” diýýär. “Ýagdaý şeýle durnuksyz, şeýle gowşak welin, hökümet öz işlerine nähili düşünilýändigine gaty dykgat etmeli. Bir etniki topar beýlekiden ileri tutulýar diýen täsir galmaly däl. Bu durnuklylygyň ýoly däl” diýip, Neistat aýdýar.
Adam hukuklary ugrunda iş alyp barýan “Adalat-Hakykat” atly toparyň başlygy Rawşan Gapirowyň aýtmagyna görä, gyrgyzlardan suda çekilýäniň bolmazlygy özbekleri biynjalyk edýär. “Beýle çemeleşilmegi özbekleri gaty rahatsyz edýär. Ýöne olar başga ýolumyz ýok diýen pikirde. Bu barada olaryň edip bilýän işi ýok. Olar indi goranyp hem bilmejege meňzeýärler” diýip, Gapirow aýdýar.
Gyrgyz resmileri bolsa bu aladalary ulaltmazlyga synanyşyp, özleriniň hiç bir adamy milleti sebäpli ala tutmaýandyklaryny, maksatlarynyň bu çaknyşyklarda rol oýnanlar babatynda
adalaty ýerine ýetirmekden ybaratdygyny nygtaýarlar.
“Gyrgyzystanyň raýatlary”
Etniki çaknyşyklar barada alnyp barylýan derňew işlerine gözegçilik edýän Begaly Pirmanow basym ýene iň bärsinden 240 adamyň garşysyna jenaýat işiniň gozgaljakdygyny aýdýar. Suda çekiljekleriň etniki ýerligi soralanda ol: “Olaryň hemmesi Gyrgyzystanyň raýatlary” diýýär.
“Gyrgyzystan hiç bir gyrgyz barada sud işini gozgamaz” diýerden entek irdigi bilen HRW-nyň işgäri Neistat hem ylalaşýar. Ýöne Gyrgyzystanyň hökümete degişli däl “Kylym şamy” toparynyň başlygy Aziza Abdurasulowa: “Özbekleriň garşysyna iş gozgalmagy, elbetde, ýalňyş däl. Ýöne biz özbekleriň garşysyna-da köp jenaýat işleriniň edilengini bilýäris. Biz bu işlere sudda haçan garaljakdygyny biljek bolýarys” diýýär.