Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet maslahatlary netije berýärmi?


Türkmenistanyň Ministrleri Kabinetiniň baş edarasy
Türkmenistanyň Ministrleri Kabinetiniň baş edarasy

Soňky döwürde Türkmenistanda geçirilýän hökümet maslahatlaryň sany barha artdy. Awgust aýynda şeýle maslahatlaryň 10-dan gowragy geçirildi. Şeýle maslahatlar netije berýärmi? Synçylaryň pikiriçe, ýurduň dolandyryş usuly özgerdilmese, maslhatlar näçe ýygy geçirilse-de gowy netijelere garaşmak kyn bolar.

Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, soňky döwürde Türkmenistanda hökümet maslahatlarynyň geçirilmegi has hem ýygjamlaşdy. Awgust aýynyň dowamynda 10-a golaý dürli ýygnaklaryň, maslatlaryň geçirilendigi ýerli metbugatda habar berildi.

Mysal üçin, 2-nji awgustda geçirilen hökümet maslahaty ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlandy. 2010-njy ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça berlen hasabatda milli ykdysadyýetiň durnukly depginde ösýänligi resmi derejede yglan edildi.

6-nji awgustda Gawun baýramyna gabatlanylyp, Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ýagdaýlar barada maslahat edildi. 9-njy awgustda transport, aragatnaşyk we gidrometeorologiýa pudaklaryndaky, şeýle hem käbir beýleki pudaklardaky işleriň ýagdaýlary barada maslahat edildi. 19-nji awgustda Türkmenistanyň medeniýet we köpçülikleýin habar ulgamyny ösdürmek meselesine garalyp, maslahat geçirildi.

Bu maslahatyň ertesi Ministrler Kabinetiniň maslahaty geçirilip, onda oba hojalyk toplumyna we, hususan-da, pagta ýygymy möwsüminiň bat almagyna hem-de güýzlük däne ekinleriniň ekişiniň barşyna degişli meselelere garaldy diýlip, habar berildi.

Bu maslahatlaryň geçirilmegi näçe durýar?

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew soňky ýyllarda Türkmenistanyň ösüşiniň meselelerine hepdede azyndan bir gezek geçirilýän Ministrler Kabinetiniň maslahatlarynda garalýandygyny aýdýar: “Şol maslahatlarda her aýda işleriň jemleri jemlenýär. Özem soňky aýyň jemi öňki aýyňkynyň üstüne goşulyp, jemlenilýär. Onsoň 1,2,3,4,5 aýyň ýarym ýylyň, ýedi aýyň we şuňa meňzeşleriň diýen ýaly maglumatlar peýda bolýar” diýip, žurnalist Aşyrguly Baýryýew nygtady.

Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi üçin döwlet býujetinden sarp edilýän serişdeleriň möçberini hasaplap çykarmak üçin çinownikleriň ortaça aýlygyny alyp, her işgäre sagadyna näçe puluň tölenýändigini hasaplamaly. Soňra-da ýygnagyň dowamlylygyny, oňa gatnaşýan adamlaryň sanyna köpeldip, çykarylan sany çinowniklere sagadyna tölenýän hakyň möçberine köpeltmeli.

Mysal üçin, maslahatlara gatnaşýan döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň aýlygy ortaça bir müň dollara golaý bolsa, şeýle ýygnaklara bolsa ortaça 100 adam gatnaşýan bolsa, aýyna bäş gezek üç sagatlap dowam edýän ýygnaklara gatnaşýan adamlara döwlet býujetinden sekiz ýarym müň dollara golaý serişdäniň sarp edilýändigini bilse bolar.

Biznesde maslahatlaryň geçirilmegi zerur

Telekeçilikde, mysal üçin, iri korporasiýalarda maslahatlaryň çykdajy talap edýändigine garamazdan, belli bir wagta bellenilen ýygnakdyr-maslahatlaryň geçirilmeginiň zerurdygyny spesialistler aýdýarlar. Ýagny, telekeçilikde reglament boýunça öňünden bellenilip geçirilýän ýygnaklarda, olarda gelnen kararlary amala aşyrmak meselsini sazlaşdyryp, edilen işlerden netije çykarylyp, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin edilmeli işler kesgitlenilýar. Netijede dürli bölümleriň arasynda döreýän düşünişmezlikler aradan aýryýar.

Sowatly gurnalan ýygnaklar ýüze çykýan kynçylyklary wagtynda çözmek, öňde goýlan plany ýerine ýetirmekde işgärlere itergi bermek, göz öňünde tutulýan özgerişler barada işgärleriň pikirlerini bilmek, iş kollektiwini birek-birege ýardam berip, ysnyşykly işleýän iş toparyna öwürmek ýaly meselelerde gowy netije berýändigini bilermenler aýdýarlar. Ýöne ýygnaklaryň netije bermegi üçin reglamentiň düzülmeginiň zerurdygy bellenilýär.

Ýygnaklaryň reglamenti düzülip, onda geňeşilmeli meseleler takyk kesgitlense, ýygnagyň geçişi, onda gelnen kararlar dokumentleşdirilip, ýygnaga gatnaşan adamlaryň hersiniň etmeli işleri aýdyňlaşdyrylyp, olaryň ýerine ýetirilmegi talap edilse, şeýle ýygnaklaryň gowy netije berýändigini bilermenler aýdýarlar.

Ýogsa-da, Günbatarda köp firmadyr-korporasiýalarda “breýn stormiň” diýlip atlandyrylýan usul köp ulanylýar. Ýagny, belli bir mesele boýunça maslahat geçirilip dürli, hatda akyla sygmaýan teklipler öňe sürülýär. Şeýdip, köp teklibiň içinden iň optimal biri saýlanylýar. Bu usul adamlaryň döredijilik ukybyna esaslanyp çykarylan.

Ýurdy dolandyrmak – korporasiýany dolandyrmak däl!

Ýurdy dolandyrmak meselesi diňe maliýe bähbitleri öňde goýan iri korporasiýalary dolandyrmakdan has kyn hem çylşyrymly. Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bilermen Artýom Ulunýanyň aýtmagyna görä, muňa belli bir döwletiň ykdysady ösüşinden onuň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň has möhümdigi sebäp bolýar.

“Türkmenistanda ýygy-ýygydan dürli maslahatlaryň geçirilmegi netije bermeýär, sebäbi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ilatyň gatnaşmagy gazanylmady – diýip, Artýom Ulunýan tassyklaýar. – Ýurtda syýasy partiýalaryň ýoklugy, parlamentiň öz wezipelerini doly ýerine ýetirmezligi, metbugat erkinligine ýol berilmezligi, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ilatyň gatnaşmagyna böwet bolýar – diýip, bilermen sözüni dowam etdirýär: - Türkmenistanda çinownikler sowet döwründen miras galan administratiw-buýruk usulyndan peýdalanyp, prezidentiň öňe sürýän dürli programmalaryny durmuşa geçirmäge synanýarlar”.

Professor Ulunýan ýurduň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň ykdysady ösüşiň ugurlaryny kesgitleýändigini aýtdy. Ýagny, onuň pikiriçe, “Her ýurduň ykdysady ösüşi onuň jemgyýetçilik-syýasy ösüşine bagly bolýar”.

Mysal üçin, hususy pudak öser ýaly erkin metbugatyň, garaşsyz sud sistemasynyň zerurdygy äşgär. Diňe şonda öz serişdelerini telekeçilige ýatyran adamlar çinownikleriň eden-etdiliginden özleriniň goraljakdygyna bil baglap bilerler.

Professor Ulunýanyň nygtamagyna görä, beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sowatly kadrlaryň ýetmezçiligi uly problema öwrülýär. “Şu meseleler hemmetaraplaýyn çözülmese, ýurduň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda möhüm reformalar geçirilmese, dürli ýygnaklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi näçe ýygjamlaşdyrylsa-da, netijä garaşyp bolmaz” diýip, bilermen belledi.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem bu pikir bilen ylalaşýar. Ol: “Türkmen ýolbaşçylary döwleti, ýurduň ykdysadyýetini dolandyrmakda möwritini ötüren administratiw-buýruk beriji usuldan el çekmegi başarmaýarlar ýa-da muny islemeýärler” diýmek bilen türkmen döwletiniň ykdysadyýetini administratiw-buýruk esasynda dolandyryp, häli-şindi maslahatlary geçirip, halk hojalygyny ösdürip bolmajakdygyny, muny dünýa tejribesiniň görkezendigini nygtady.
XS
SM
MD
LG