Duşenbäniň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan Bibi Zaýnura özüniň aýrylyşan äri çagalary üçin aliment tölegini tölemänsoň, başda döwlet organlarynyň üsti bilen bu tölegiň tölenilmegini gazanmaga çalşypdyr. Bu tagallalary hiç hili netije bermänsoň bolsa, ol käbir ýerli aýallaryň maslahatyna eýerip, öz obalarynyň dini liderine kömek sorap, ýuz tutupdyr.
Bibi Zaýnura özüniň ozalky äri bilen obanyň mollasynyň hadyslara we Gurhana salgylanyp geçiren gürrüňdeşliklerinden soň, alimentli meseläniň çözülendigini aýdýar.
Bibi Zaýnura öz äri ýaly erkek adamlaryň ýerli metjitde özleri barada ýaramaz gürrüňleriň ýaýramagyndan çekinýändiklerini aýdýar. Täjigistanda Bibi Zaýnura ýaly döwlet edaralaryndan kömek tapman, ýerli dini liderlere kömek sorap ýüz tutýan raýatlar az däl.
Şerigat kanuny
Täjigistanyň hökümetiniň dini toparlaryň üstünden berk gözegçilik alyp barýandygyna garamazdan, musulman ilatynyň aglaba köpçüligi soňky wagtlar kem-kem öz ýüzüni şerigat kanunyna tarap öwürýär.
Elbetde, Şerigat kanuny ýurtda resmi kanun däl. Emma, muňa garamazdan, adamlar köplenç özara oňşuksyzlyklar, maşgala dawalary ýaly meseleleri çözmekde Şerigat wekillerinden haraý gözleýärler.
Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojent şäheriniň ýaşaýjysy Abdulkodir Hujaýew öz atalaryndan galan emläk dawasyny çözmekde öz maşgala agzalarynyň näme üçin ýerli molla ýüz tutandyklarynyň sebäbini şeýle duşundirdi: «Eger biz bu meseläni sudda çözen bolsak, onda biziň hemmämiz bu dawa sebäpli özara maşgala gatnaşygymyzy üzmeli bolardyk. Ýöne, Hudaýa şükür, biziň mollamyz düşünjeli we mertebeli adam, ol biziň meselämizi dawa-jenjelsiz ýol bilen çözdi».
Onlarça ýyllap dini uly basyş astynda saklap gelen Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, Täjigistanyň ilatynyň durmuşynda din kem-kemden has möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýakynda Täjigistanyň Dini işler boýunça Döwlet Komitetiniň ozalky başlygy Said Ahmadow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistanyň musulman ilatynyň arasynda hakykatdanam Şerigat kanunlarynyň kem-kem örän möhüm ähmiýete eýe bolýandygynyň göze ilýändigini aýtdy.
Diniň ähmiýeti
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Gallup barlaglar topary hem geçen hepde öz ýaýradan maglumatynda Täjigistanyň ilat arasynda geçirilen barlaglaryň bu ýurtdaky täjikleriň 85 prosentiniň öz durmuşlarynda diniň örän möhüm rol oýnaýandygyny aýdandyklaryny mälim etdi. Şol maglumata görä, täjikleriň diňe 12 prosenti öz durmuşlarynda diniň möhüm rol oýnamaýandygyny aýdypdyr.
Bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Täjigistanyň iň dindar ýurtdugyny görkezýär.
Ýöne, beýleki tarapdan, täjigistanlylaryň köpüsiniň öz meselelerini çözmekde dini liderlere ýa metjitlere ýüz tutmaklaryny diňe bir olaryň dindardyklary bilen düşündirmek hem dogry bolmaz. Käbir ýaşaýjylar suduň işgärleriniň anyk hökümleriň çykarylmagy üçin adamlardan para talap edýändiklerini aýdýarlar.
Şu nukdaýnazardan, käbir ýagdaýlarda döwletiň sudlaryndaky korrupsiýa bilen baglanyşykly bar bolan gorkular hem adamlaryň dini liderlerden haraý gözlemeklerine sebäp bolýar.
Raýatlardan ýene käbirleri bolsa, býurokratik döwlet organlarynda öz meselelerine ýeňil-ýelpaý garalyp, ýüzleý kararlaryň çykarylýandygyny aýdyp, dini liderleriň her bir adamyň meselesine şahsy taýdan çemeleşýändiklerini we göwnejaý netije çykarýandyklaryny öňe sürýärler.