Bu beýannama Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde ýaňlananam bolsa, ol uzak dowam etmedi. Onuň bu beýannamasy sahypadan tiz düşdi. Onuň sahypadan tiz düşmegine Lenni Montiýeliň BMG-niň Türkmenistandaky guramalaryna ýüz tutjak her bir adama BMG-niň kömek etjekdigi baradaky ýatlatmasy sebäp boldy.
Kada bolşy ýaly, döwlet edaralary BMG-niň işini öz kontrollygyna almaga başardygyndan synanyşýarlar. Belki, türkmen häkimiýetleri adam hukuklary boýunça graždanlar bilen aýry-aýrylykda iş geçirmekde BMG-niň aktiwlik görkezmegine ýol bermek isleýän däldirler. Belki hut şonuň üçin resmi Aşgabat BMG-ni diňe global hem uly regional problemalar boýunça hyzmatdaşlyga çekmäge çalyşýandyr.
Döwlet BMG-niň partnýory hökmünde adam hukuklary meselesini berk kontrol astynda saklap, şu problema boýunça BMG-niň agentlikleriniň adamlar bilen erkin gatnaşygy ýola goýmagyna päsgelçilik döretmäge synanyşýar.
Teoriýa taýdan BMG-niň Aşgabatdaky gurluşlary adamlar bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, adam hukuklary boýunça goldaw berip biler. Ýöne bu işleriň köpüsi häzirlikçe bolsady eken ýaly, hyýalbentlik derejesinde galýar. Ynsan hukuklary meselesinde adamlara BMG-niň wekilleri bilen göni duşuşmaklyga ýol bermeýän bir ýagdaý bar.
Ýol bermeýän ýagdaý
Daşarky dünýä bilen arasy üzňe Türkmenistanda onýyllyklaryň dowamynda daşary ýurt guramalary bilen gatnaşyk açsaň, hakykatdan-da jeza beriljekdigi baradaky gorky adamlaryň kalbyna ornaşdyryldy. Şol gorky soňy bilen milletiň jemgyýetçilik bedeniniň bir bölegine öwrüldi. Eger adam hukuklarynyň bozulyşy barada, ylaýta-da daşary ýurtlulara arz-şikaýat edäýseler, hakykatdan-da ýakymsyz zatlara garaşybermelidigine türkmenistanlylaryň uludan -kiçä hemmesi gaty gowy düşünýär.
Şikaýat eden her bir adam öňküje mydaryndan-da dynyp, gününiň dem salymda dowzaha öwrülmegi mümkin. Şol dowzaha çagalary hem garrylary goşmak bilen, şikaýatçynyň tutuş maşgalasynyň düşmegi-de bolup biljek ýagdaý.
Şeýle ýagdaýlar birnäçe ýyl mundan öň, S.Nyýazow döwründe köp bolupdy. Häkimiýetlere ýaramaýan bir adam üçin onuň ýüzlerçe ilen-çalany jogap bermeli bolýardy.
Ar alyjy sistemada şunuň ýaly ajy tejribe toplan her bir adam BMG-niň Aşgabatdaky işgärlerine özi baradaky hakykaty açyk aýan etmäge töwekgellik etmese gerek. Häkimiýetiň, onuň güýç ulanyjy gurluşlarynyň öňündäki şeýle uly gorkudan saplanmak üçin entek ýyllaryň gerekdigine Türkmenistandaky BMG-niň işgärleri-de gowy düşünýän bolsalar gerek.
Häkimiýetlerden garaşylýan ädimler
Eger şu günki häkimiýetler hakykatdan-da öz günälerini ýuwmaklygy ýüreklerine düwse we Nyýazowyň režiminiň günälerinden jemgyýeti arassalasa, durmuşy liberallaşdyrmaga tarap anyk ädimler ätse, diňe şol şertlerde gorkudan ara açmak prosesi başlanar. Şol ýagdaýda, diňe şol ýagdaýda BMG-niň hökümete we halka goldawy hem netijeli bolar.
Eger BMG-niň türkmen paýtagtyndaky wekilhanasy adam hukuklary meselesinde diňe döwlet gurluşlary bilen däl, ilat bilenem deň derejede aragatnaşyk saklasa, ol logika gabat gelerdi.
Emma bu ýerde başga-da bir gorky - BMG-niň adamlara ýakynlaşmagyndan türkmen häkimiýetleriniň elhenç gorkusynyň barlygyny-da unutmaly däl. Bu gorky häzire çenlem örän güýçli. Netijede, döwlet sistemanyň göze ilýän häzirki «kuwwaty» iş ýüzünde ýitip-ýok bolup, boşluga öwrülýär.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.