Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Çeýneleni çeýnemek» syýasaty


A.Narodetski: "Eger režimiň özi özgermese, adamlary özgerdip bolmaz..."
A.Narodetski: "Eger režimiň özi özgermese, adamlary özgerdip bolmaz..."

Soňky hökümet maslahatynda Berdimuhamedowyň degişli ýolbaşçylar bilen eden gürrüňi, olara aýdan sözleri fewral aýynda medeniýet işgärleri bilen geçiren ýygnagynda aýdylanlaryň gaýtalanmasy boldy.


Ýurduň medeniýetini uzaga çeken durgunlykdan çykarmak üçin prezidentiň edýän tagallalary häzirlikçe üstünlikli däl ýaly görünýär. Fewral aýynda prezident medeni ugry köpsanly dowam edýän kemçilikler, ozaly bilen bolsa, taýýarlanýan programmalaryň hiliniň pesligi üçin ýiti tankytlapdy.

Alty aýdan soň, G.Berdimuhamedow ýene-de şol adamlaryň edýän işleriniň hiliniň, derejesiniň pesdigi, netijesiniň ýokdugy barada aýdanlaryny sözme-söz gaýtalamaly boldy. Gepleşikleriň çeperçilik derejesiniň pesdigi üçin tankydyň uly bölegi Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrliginiň paýyna düşdi.

Nobatdaky “günäkäri” tapdylar…

Bu gezek “günäkäri” tapdylar, ony-da wezipesinden boşatdylar. Medeniýet ministriniň orunbasary A.Orazmuhammedow bu seljermäniň pidasy boldy. Onuň ýerine “Miras” telekanalynyň direktory B.Nurmyradowa bellenildi. “Türkmen owazy” telekanalynyň başlygy M.Kömekowam wezipesi bilen hoşlaşdy.

Şeýle administratiw çäre, wezipe çalşygy bilen medeniýet boýunça seljerme işi tamamlandy. Şunuň ýaly arassalaýyş işlerini prezident öňem birnäçe gezek geçiripdi. Ýöne her gezegem talap edilýän hil hem çeperçilik dereje peýda bolman, hemme zat öňküligine galýardy. Elbetde, kadrlar meselesiniň möhümligi dogrudyr, ýöne soňky wakada ol näme üçindir iň kesgitleýji çärä öwrüldi.

Berdimuhamedowyň özem, onuň golastyndaky çinowniklerem, tutuş türkmen jemgyýetem medeniýetiň režimiň berk gözegçiligi, kontrollygy astyndadygyny gaty gowy bilýärler. Dogrusy, ýurtdaky häzirki medeniýet döwlet senzurasynyň gysajy astynda ýaşaýan türkmen jemgyýetiniň umumy keşbini şekillendirýär.

Eger prezident kadrlary çalyşmak, olary gysmak bilen hil ugrunda netije gazanaryn öýdýän bolsa, ol ýalňyşýar. Beýle usul bilen geljek ýarym ýylda-da telegepleşikleriň çeperçilik derejesi ýene-de pesligine galar.

Elbetde, medeniýet pudagyna maliýe goldawyny bermek hem aýgytly özgerişlere getirip bilerdi. Bu meselede wezipeli adamlary silterlemek, olary işinden kowmak, täzelerini bellemek öňem köp gezek synag edilen zat. Döredijilik adamlarynyň, programmalary düzüjileriň, ýerine ýetirijileriň we žurnalistleriň her bir ädimine kontrollyk etmegi gowşatmaly.

Prezidentiň özi haýsam bolsa biri tarapyndan özüne gysyş edilmegini halamaýar, oňa ýolam bermez. Döredijiligem özüne bolan gatnaşykda polisiýanyň kontrollygy işläp durka garaşylýan netijäni berip bilmez. Bir azajyk maýylganlygam, gözegçiligiň ujypsyz gowşadylmagam, köp garaşdyrman, duýarlykly netijäni berer.

Taryhdan nusga alynsa…

Şunuň ýaly liberallaşma, aýdyňlyk ozalky SSSR-de geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda, Hruşýow döwründe bolupdy. Ol taryha “maýylganlyk döwri” ady bilen giripdi. Şunuň ýaly oňyn öwrülişik M.Gorbaçýowyň döwründe-de bolup, telegepleşikleriň çeperçilik derejesi örän güýçli derejede ýokarlanypdy.

S.Nyýazowyň ölmegi bilen türkmen jemgyýetinde liberallaşmaga tarap özgerişlere garaşmak güýçlendi. Emma birki sany ownuk özgerişi hasaba almasak, hakyky maýylganlyk ýurtdaky köpsanly döredijilik adamlarynyň arzuwy bolmagynda galýar.

Medeniýetde-de, köpçülikleýin habar serişdelrinde-de köne, sowet hem Nyýazow režimi tarapyndan synag edilen tendensiýa dowam edýär: dolandyryşyň esasy çelgisi hem abzaly - gazaply senzura.

Görnüşine görä, medeni ugra ýolbaşçylyk edýän adamlar Nyýazowdan öňem, onuň döwründe-de şol tendensiýany döredenler bolup çykýar. Şu ýagdaý agalyk edýärkä, güýç ulanmak prinsipi barka, hil hakynda, çeperçilik derejäni ýokarlandyrmak barada gürrüň etmek peýdasyz.

Prezident näçe wagt bäri wagty biderek geçirýär. Eger režimiň özi özgermese, adamlary özgerdip bolmaz. Gylyjyňy saga-sola bulanyň bilen gorkyny kowup bolmaz.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG